17 Mart 2015 Salı

Saglygyny Goramak

Ilata lukmançylyk kömegini bermegiň we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň hilini gowulandyrmakda 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan girizilen meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy bu ugurda ädilen möhüm ädim bolup durýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ilatynyň 94 göterimi meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy boýunça şertnama baglaşdylar. Eger-de 1996-njy ýyl bilen deňeşdirilende, onda ätiýaçlandyrma bilen gurşalyp alynan raýatlaryň sany 45 göterim artdy. Eger-de biriniň eklenjinde bolýanlary hasaba alsaň, paýtagtyň umumy ilatynyň 72,8 göterimi lukmançylyk ätiýaçlandyryşyň ýeňilleşdirilen hyzmatyndan peýdalanýar. Mundan hem başga, döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň 20 ýyly içinde ýeňilleşdirilen hyzmatlaryň sany hem artdy. 

Ätiýaçlandyrylan raýatlar we olaryň eklenjinde bolýanlar dermanlyk serişdelerini olaryň bahasyndan 90 göterim ýeňillik bilen alýarlar, şeýle hem stasionar bejergide diş protez etdirmekde ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Häzirki wagtda döwlet lukmançylyk edaralarynda tölegli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek we ýylda bir sapar şypahanalarda saglygyňy berkitmek üçin ýollanma almak we beýlekiler 50 göterimli ýeňillikli hyzmatlaryň hataryna girýär. 

1996-njy ýylda maşgala lukmançylygy usuly hem girizildi. Aşgabat şäheriniň saglyk öýleriniň ählisi diýen ýaly maşgala ýörelgesi boýunça hyzmat edip başladylar. Eger-de 1996-njy ýylda Aşgabat şäheri boýunça 421 sany uçastok hereket eden bolsa, onda onuň sany 2014-nji ýylda 731 ýetdi. Paýtagtyň maşgala lukmançylygy gullugynyň işgärleriniň ählisi Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we ýörüteleşdirilen lukmançylyk mekdeplerinde öz hünärlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. 

Maşgala lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň esasy wezipeleriniň biri hem ilatyň arasynda öňüni alyş we sagaldyş çärelerini geçirmek bolup durýar. Meselem, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmek” we “Türkmenistanda immun öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek” Milli maksatnamalarynyň çäklerinde lukman işgärleri ene-atalara täze doglan çagalara seretmegi, ene süýdi bilen dogry iýmitlendirmegi, çagalary ýokanç kesellerden goramagy öwredýärler, waksina sanjymyny öz wagtynda geçmegiň zerurlygyny düşündirýärler. Onuň netijesinde bolsa, bir ýaşa çenli bolan çagalaryň keselleýiş derejesi epesli pese düşdi. 



1998-nji ýyldan başlap, paýtagtyň ähli saglyk öýlerinde reproduktiw sagdynlyk otaglary açyldy, 2012-nji ýyldan bäri bolsa, göwreli zenanlara gözegçilik etmegiň has kämilleşdirilen düzgüni hereket edýär. Şeýlelik bilen, häzirki zaman lukmançylyk iş tejribeleriniň ornaşdyrylmagy göwreli zenanlara edilýän lukmançylyk kömekleriniň hiliniň gowulanmagyna getirdi. 

2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýünde Enäni we çagany goramagyň ylmy-kliniki merkeziniň we ÝUNISEF-iň gatnaşmaklarynda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary bilen çaganyň irki ösüşi we çaga kesellerini integrirlenen usulda alyp barmak boýunça okuw sapagy geçirildi. Geljekde bu tejribe şäheriň beýleki saglyk öýlerinde hem geçiriler. 

Enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek boýunça Aşgabatdaky enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň merkezinde hem toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini aýdyp geçmelidiris. Netijede bolsa bu merkez 2006-njy ýylda “Çagalara hoşniýetli garaýan keselhana” diýen halkara derejesine eýe boldy. Mundan hem başga, bu ýerde 2007-nji ýyldan bäri “Howpsuz enelik” Milli maksatnamasyna laýyklykda işler alnyp barylýar. 

Hyzmatdaşlyk çaga dogurmasy, täze doglan çaganyň ejesi bilen bile bolmagy, çaga dogran zenany çagasy bilen bilelikde bäbekhanadan ir çykarmak ýaly görnüşler durmuşa ornaşdyryldy. Şeýle hem çaga dogrulýan zallar köpeldildi, her bir çaga dogurýan zenan üçin şahsy otagy bermek ýaly şertler döredildi. Bu merkez iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir, bu ýerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan teklip edilen çaga dogulşyny dogry alyp barmak düzgüni, täze doglan çagalara lukmançylyk gözegçiligi, kesellileri bejermek ornaşdyryldy. Bu işleriň geçirilmegi netijesinde Aşgabat şäherinde çaga dogulyşy 40 göterim köpeldi. 



Çagalarda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Öňüni alyş sanjymlaryň sanawyna täze waksinalar: 2002-nji ýyldan – W wirus gepatitinden, 2007-nji ýyldan – gyzamykdan, gyzyljadan we epidemiki parotitden kombinirlenen waksina, 2010-njy ýyldan – W gemofil taýajyk görnüşinden, pnewmoniýadan we meningitden döreýänler goşuldy. Häzirki wagtda saglyk öýleriniň ählisi täze sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilip, olar waksinany saklamak üçin zerur bolan temperatura kadasyny üpjün edýär. Çagalara sanjym etmek işleri mugt geçirilip, olar ýörite okuw sapaklaryny geçen şepagat uýalary tarapyndan geçirilýär. 

Bäş ýaşyna çenli bolan çagalaryň arasynda polimielitiň öňüni almak boýunça tapgyrlaýyn kompaniýalaryň her ýylda geçirilip durulmagy netijesinde, 98 göterimi gurşap alýar, Türkmenistan ýabany poliwirusdan azat ýurt diýen derejä eýe boldy. Bu ugurda öňüni alyş çäreleri dowam etdirilýär. Paýtagtyň ýetginjekleriniň arasynda W wirus gepatitiniň öňüni almak maksady bilen, 2014-nji ýylda bu ýaşdaky çagalaryň 96 göterimini gurşap alan tapgyrlaýyn waksinasiýalar geçirildi. Soňky 10 ýylyň dowamynda bu kesel bilen keselläniň biri hem hasaba alynmady. 

Eger-de 2004-nji ýylda difteriýa garşy sanjym çagalaryň 89 göteriminde geçirilen bolsa, onda bu görkeziji 2014-nji ýylda 98 göterime çenli ýokarlandy. 2007-nji ýyldan häzirki güne çenli Aşgabat boýunça bu kesel bilen kesellänleri biri hem hasaba alynmady. 

2007-nji ýylda çagalaryň, ýetginjekleriň we fertil ýaşly zenanlaryň arasynda gyzamyga, gyzylja we epidemiki parotite garşy köpçülikleýin sanjym kampaniýasy geçirildi. Şonuň üçin hem biz bu günki gün çagalaryň immunizasiýa bilen ýokary derejede gurşalyp alynmagynyň waksinaly dolandyrylýan ýokanç keselleriň hasaba alynmadygyna getirendigini aýdyp bileris. 

2000-nji ýyldan başlap, paýtagtyň ähli saglyk öýlerinde DOTS-ň ýöriteleşdirilen otaglary işläp başlady. Onuň hünärmenleri inçekesele garşy anyklaýyş çärelerini geçirýärler. Geçirilen çäreleriň netijesinde keseliň epesli azalmagyna özüniň täsirini ýetirdi. 

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylan ýyllarynda Aşgabat şäheriniň ähli keselhanalarynyň durky täzelendi, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi, bejermegiň we keselleri anyklamagyň täze tehnologiýalary olaryň iş tejribelerine ornaşdyryldy. Şeýlelikde, çagalar keselhanasynyň ortopediýa bölüminde dogabitdi daban we bogun kesellerini täze usullar bilen bejermek üstünlikli alnyp barylýar. Aşgabat şäher keselhanasynyň hirurgiýa bölüminde ingileri bejermegiň endoplastiki usuly we bagyrdan ehinokok aýrylandan soňraky ultrases bejeriş usuly ulanylyp başlandy. Şeýle hem şäheriň keselhanalarynda bejeriş palçygynyň we suw bilen bejeriş usullarynyň giňden ulanylmagy netijesinde kesellileriň sagalyş görkezijileri gowulanyp başlady. 

Soňky on ýylyň dowamynda paýtagtyň lukmançylyk edaralary tarapyndan geçirilýän bejeriş-öňüni alyş çäreleri netijesinde keselleriň umumy derejesi 18,3 göterim, şol sanda ýokanç keselleri bilen kesellänleriň derejesi hem 23 göterim pese düşdi. 

Häzirki wagtda süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamy netijesinde paýtagtyň lukmançylyk edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hyzmat ediş merkezine birikdirilendir. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň ählisi syrkawyň maglumatlary girizilen elektron lukmançylyk kartlaryny aldylar. Bu bolsa olary bejermäge, lukmanlaryň maslahatyna, şeýle hem stasionar bejergisine ibermäge mümkinçilik berýär. Paýtagtyň saglygy goraýyş müdirligi halkara tejribelerini öwrenmek bilen, elektron resminama dolanşygyny boýunça işleriň kämilleşdirilmegini dowam etdirýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder