19 Mart 2015 Perşembe

Miras Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň geçen ýylda giňden bellenilen 290 ýyllygynyň çäklerinde geçirilen giň gerimli çäreleriň jemini jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, beýik şahyryň geljek nesillere galdyran baý medeni mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygy bolup durýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömür ýoluna we döredijiligine bagyşlanylan täze barlaglara aýratyn baý bolan ýubileý ýyly munuň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Olaryň köpüsi döwürleýin “Miras” neşiriniň sahypalarynda çap edildi. Halkara okyjylar üçin niýetlenilen žurnal Magtymguly Pyragynyň döwrüne we döredijilik mirasyna degişli barlaglaryň netijeleri hakynda makalalary çap etmegi dowam edýär.

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sanyndaky makalalar esasan daşary ýurtly awtorlara degişlidir hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň ussadynyň şahsyýetine, pelsepewi garaýyşlaryna we ynsanperwerlik taglymlaryna ýugrulan şahyrana döredijiligine egsilmez gyzyklanmany beýan edýär. 

Okyjy Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Germaniýadan hem-de Ispaniýadan bolan alymlaryň makalalarynda  Magtymgulynyň goşgularynyň aýratynlyklary, olaryň Gündogaryň köp şahyrlarynyň döredijiligine täsiri we terjimeleri hakynda maglumatlary tapar. 

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” atly bölümde Hindistan Respublikasynyň Kaşmir uniwersitetiniň Yslamy öwreniş institutynyň direktory Nasim Ahmad Şahyň makalasy ýerleşdirilýär. Awtor XVII-XVIII asyrlaryň meşhur türkmen şahyrlarynyň Gündogaryň şygryýeti üçin häsiýetli bolan mesnewi şahyrana görnüşini peýdalanan eserlerini derňeýär. Alymyň tassyklaýşy ýaly, türkmen diliniň edebi mirasy örän baý öwüşgini we köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.  Mesnewi görnüşi hem-de hususan-da, dessanlar  şol döwrüň şygryýetinde ruhy başlangyçlarynyň çuňňur köklerini görmäge mümkinçilik berýär. Şunda adamyň ahyrky maksadyndan, o dünýäde oňa garaşýan ykbaldan söz açýan, döwrüniň durmuş şertlerini tankytlaýan, şonuň ýal-da söýgi hakdaky şygyrlary ýazan  Magtymgulynyň şygryýeti aýratyn orun eýeleýär. 

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky edebiýat institutynyň türki halklaryň edebiýaty bölüminiň esasy ylmy işgäri Almaz Ulwiniň şol bölümde ýerleşdirilen makalasynda azerbaýjan edebiýaty öwreniş ylmynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyna täze ylmy-taglymat garaýşy beýan edilýär. Awtor  şahyrana sözüň ussatlarynyň  türki gelip çykyşynyň kökleriniň umumylygyny düşündirmek bilen, türkmen şahyrynyň goşgularynyň äheňleriniň, mowzuklarynyň we şahyranalygynyň azerbaýjan awtorlarynyň şygryýeti bilen utgaşýandygyny belleýär. 

Okyjy “Medeniýetleriň, halklaryň   we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde  M.Auezow adyndaky Edebiýat we sungat institutynyň direktory, Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Ualihan Kalijanowyň häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluna we döredijiliginiň ähmiýetine bagyşlanylan “Türkmen halkynyň şahyrana tugy” atly makalasy bilen tanşyp biler.  Awtor Magtymguly öz eserleri bilen wagty ýeňip geçipdir we diňe bir türki dünýäsiniň däl-de, eýsem, bütin adamzadyň ruhy hazynasyny özüniň mirasy bilen baýlaşdyrypdyr diýip, ýazýar. 

R.Suleýmenow adyndaky Gündogary öwreniş institutynyň  uýgurşynaslyk merkezine wekilçilik edýän Gülbährem  Molotowanyň makalasy beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginde halk döredijiligi äheňlerine we keşplerine bagyşlanýar. Azerbaýjanly hünärmen—Kawkaz uniwersitetiniň Kawkaz barlaglary institutynyň professory Minahanym Takali 
Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň jebisleşdiriji ornuny beýan edýär. 

Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň Aşgabatdaky wekili 
Annegret  Baýeriň “Magtymguly: şahyrlygyň berilmegi” atly makalasynda nemesleriň görnükli türkmen şahyrynyň döredijiligi bilen tanyşmagy, eserleriniň pelsepewi esaslary we beýan edijilik däplerini öwrenmek, nemes dilindäki goşgularynyň terjimeleri hakynda gürrüň berilýär. Ispaniýa Patyşalygynyň Granadadaky uniwersitetiniň professory Alehandro  Munýoza Kors okyjylar bilen Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ispan diline terjimesi babatda  tejribesini alyşýar. Žurnalyň sahypalarynda Magtymgulynyň döredijiliginde tebigat meselesiniň özboluşly beýanyny açyp görkezýän makala hem ýerleşdirilipdir. 

Däp boýunça žurnalda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalarynyň synynda hem Magtymguly Pyragynyň ýylynyň jemleýji çärelerine uly orun berilýär.

Beýik türkmen şahyryna bagyşlanylan žurnalyň sany şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde we teatr sahnalarynda beýan edilen Magtymgulynyň keşbini suratlandyrýan köpsanly fotosuratlar bilen bezelipdir. Munuň özi türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Miras” žurnalynyň täsirliligini has-da artdyrýar hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli edýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder