10 Mart 2015 Salı

Türkmen Milli Tagamlary Bäsleşigi

Daşoguzda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň arasynda “Türkmen milli tagamlary” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurduň demirgazyk sebitiniň şäherleriniň we etraplarynyň Medeniýet öýleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen milli tagamlary bolan dogramany, jöwenden taýýarlanaýn naharyň, noýba çorbasynyň, şeýle hem üwelen etden dürli görnüşli tagamlary taýýarlamagyň däpleri we häzirki zaman usullary barada gürrüň berdiler. 

Olar gawundan kak, garpyzdan we üzümden toşap, semenini, talhany taýýarlamagyň gadymy usullary barada öz bilýän zatlaryny gürrüň berdiler.. 

Bäsleşikde zenanlar gapagyň üstünde hamyr ýaýyp, ondan unaş taýýarlamak, ter gök önümlerden işdäaçarlary taýýarlamakda, türkmen saçagyny tagamlar, işdäaçarlar dürli şerbet suwlary bilen bezemekde öz yhlaslaryny we başarnyklaryny görkezdiler. 

Emin agzalarynyň çözgüdi boýunça Daşoguz şäheriniň merkezi Medeniýet öýüniň aýdymçysy Bossan Mürzäýewa ýeňiji boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orny S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Adalat geňeşliginiň Garaporsan obasynyň Medeniýet öýüniň müdiri Jemile Saparowa we S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Dostluk geňeşliginiň Gylyçbaýhowly obasynyň Medeniýet öýüniň tans goýujysy Dursunjemal Bekiýewa eýelediler. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakçylaryna gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder