Paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahaty boldy.Biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän işewürler duşuşyklary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerini görkezmek, ýurdumyzyň maýa goýum kuwwatyny ýüze çykarmaga ýardam edýär, daşary ýurtly maýadarlar üçin bolsa geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Eýýäm däbe öwrülen şeýle çäreler dürli pudaklara maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga, tutuşlygyna alnanda türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplydygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän möhüm ýagdaýdyr.
Şol maslahatlarda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen täze ýollar we usullar kesgitlenilýär. Diňe şu ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň birnäçesiniň, şeýle hem ýakynda Stambulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna gabatlanan Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň geçirilendigi guwançlydyr.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň maslahatlara ençeme gezek gatnaşandygyny hem belläp geçmeli, munuň özi ýurdumyzyň özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegi hem-de dünýäniň işewürler bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan turuwbaşdan parahatçylyga we hyzmatdaşlyga ugur aldy, munuň özi diňe bir içerki ösüş üçin göwnejaý şertler bolmak bilen çäklenmän, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryndan gelip çykýan giň möçberi obýektiw islegdir.
...”Mizan” işewürler merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany garşy alýar. Prezident Hasan Ruhani eýran halkynyň adyndan halkara gatnawlary üçin “SCANIA” kysymly döwrebap ýolagçy awtobusy türkmen halkyna sowgat berýär.
Soňra iki ýurduň Liderleri işewürler merkeziniň binasynyň eýwanyna geçýärler. Bu ýerde neşir önümleriniň--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň, häzirki zaman Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän kitaplaryň, şeýle hem mili zergärçilik we haly önümleriniň, žiwopis eserleriniň hem-de türkmen ussatlarynyň keramiki işleriniň sergisi guraldy.
“Mizan” işewürler merkeziniň mejlisler zalyna iki ýurduň hökümet agzalary ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, esasy eýran kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Bu ýere ýygnananlar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Hasan Ruhanini ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar, olar iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen zala geçýärler. Iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň maslahata gatnaşmagy netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir iş ýüzündäki möhüm ädim boljak bu çärä aýratyn derejäni berdi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary müdärekläp, belent mertebeli myhmana we maslahata gatnaşyjylara ak mermerli paýtagtymyz Aşgabada «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlendi. Milli Liderimiz türkmen-eýran işewürler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistan bilen Eýranyň ykdysady gatnaşyklaryna syn etseň, biziň hyzmatdaşlyk etmeýän ugrumyzyň ýokdugyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň hökümetleri maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga, içerki bazary ösdürmäge, innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berýärler.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda geçirilýän işlere goşmaça itergi bermek maksady bilen, strategik hyzmatdaşlar hökmünde öňde duran wezipelere has giňişleýin seretmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen, senagat taýdan ösen, ýokary tehnologiýalara esaslanýan pudaklarda ýurtlarymyzyň işewürleriniň we kompaniýalarynyň el-ele berip, bilelikde işlemeginiň möhüm ähmiýeti bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat pudagynda geljegi uly bolan köpsanly taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de balyk hojalygyny ösdürmegiň geljeginiň uludygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany bu pudakda täjirçilik taýdan örän ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylandygyny hem-de şol işleriň häzirki döwürde hem dowam edýändigini belläp, Balkan welaýatynda bekre balygyny emeli usulda ösdürip ýetişdirmäge we balyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berjek toplumyň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezdi.
Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýändigini aýdyp, täze maldarçylyk toplumlaryny gurmak, ekerançylyga iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça kabul edilen giň gerimli maksatnamalaryň hem eýranly hyzmatdaşlarymyzda gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki döwürde örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, geçen ýyl Aşgabatda Tehnologiýalar merkeziniň ulanmaga berlendigini belledi. Bu merkeziň alyp barýan işleri dürli ugurlarda innowasion, ýokary tehnologiýalary taýýarlamaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, nesip bolsa, ýakyn wagtda ilkinji türkmen emeli hemrasy älem giňişligine çykarylar. Milli Liderimiz munuň ylmy barlaglary älem giňişliginde alyp barmaga we ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda syýahatçylyk barada aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň döredilendigini nygtap, ekologiýa we sport maksatly syýahatçylygy ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hem ýurdumyzda gowy şertler bardygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde syýahatçylygyň bu görnüşini ösdürmek, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýahtaly syýahat etmegiň üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýäris diýip nygtady hem-de Eýranyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny «Awazada» täze desgalary gurmagyň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, bu oýunlary ýokary derejede guramak üçin daşary ýurt işewürleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzda energetika pudagyny ösdürmäge, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge, saglygy goraýyş bilim we maglumat hyzmatlaryny guramaga gönükdirilen ýaşaýyş-durmuş maksatly taslamalary hem goldamaga taýýardygyny aýtdy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Baştutany ýaşaýyş jaý gurluşygynyň maýa goýum taýdan özüne çekiji bolmagy üçin zerur işleriň geçiriljekdigini nygtap, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda umumy meýdany 800 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygyny aýtdy. Häzir bu ugurda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyny – paýtagtymyzda 15-nji tapgyrda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kabul edilen milli maksatnama bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekip, häzirki döwürde her bir sebitiň özüne mahsus aýratynlyklaryny peýdalanmak arkaly olary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Sebitlerde iri senagat zolaklary döredilýär. Täze obalar we şäherler gurulýar. Oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş ulgamlary giň gerim bilen ösdürilýär.
Ýurdumyzyň sebitlerini 2015-nji ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda saglygy goraýyş desgalarynyň 50-ä golaýyny, bilim edaralarynyň 70-sini, medeniýet öýleriniň 20-den gowragyny, başga-da köpsanly üpjünçilik desgalaryny gurmak maksat edinilýär. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda bazalt süýüminden kompozit serişdelerini öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda täze sement zawodynyň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagynda özara hereket etmegiň geljegi barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyjynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bu guramanyň ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ýurdumyzyň teklibiniň giňden makullanandygyny aýdyp, bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň, «Aşgabat–Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we beýleki häzirki zaman desgalarynyň gurulmagyny, ýurdumyzyň çäklerinde täze üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegini örän uly ähmiýeti bolan taslamalaryň hatarynda atlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolan «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» böleginiň ulanmaga berilmeginiň halkara gatnawlary boýunça üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany bu demir ýoly gurmakda ýakyndan hyzmatdaşlyk edendigi üçin, Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we bu demir ýoluň gurluşygyna gatnaşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz elektrik energetikasy pudagyny hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ugurda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Eýran Yslam Respublikasyna ibermek hem-de Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara üstaşyr geçirmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň nebitgaz we himiýa pudaklaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýerli çig maly ulanmak esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri giň gerim bilen öndürmegi göz öňünde tutýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda tebigy gazy gaýtadan işläp, suwuk ýangyja öwürýän zawody, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, natriý sulfatyny we sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürýän zawodlary, ugurdaş gazdan sintetiki nebit öndürýän kärhanany gurmagy hem-de beýleki taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny we banklary bu taslamalary maliýeleşdirmäge hem-de durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen tebigy gazyny Eýrana ibermek üçin gaz geçirijiniň ikinji şahasynyň gurlup, ulanmaga berlendigini, türkmen gazyny Hytaýa ibermek üçin 3 sany halkara gaz geçirijisiniň gurlandygyny mysal hökmünde getirdi. Häzirki döwürde bu gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmaga taýýarlyk görülýär. Geljekde «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisi hem-de Hazarüsti gaz geçirijisi ýaly sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmagy hem maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Eýranyň kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny bu taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy
Telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek döwletimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri bilelikde işlemäge we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz telekeçileriň daşarky bazarda dürli harytlary ýerlemek we hyzmatlary teklip etmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de şu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meselesine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurluşyk işleriniň giň gerim bilen amala aşyrylmagynyň döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlydygyna şaýatlyk edýändigini aýdyp bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly we ygtybarly bolmagy ýurdumyzda maýa goýum işjeňliginiň artmagyna ýardam berýär, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigi, biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygy we döwletara hyzmatdaşlygyny giňden goldaýandygy üçin, öz kärdeşi, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanä we Eýranyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideri maslahata gatnaşýan ähli işewür adamlara we bilermenlere, şeýle hem kompaniýalaryň wekillerine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bilen utgaşykly döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan iri özgertmeler maksatnamalary hem-de milli we halkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalary barada gürrüň berýän wideo film görkezildi. Filmde Türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady, medeni we tebigy kuwwatynyň bardygy beýan edildi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we maslahata gatnaşyjylaryň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, Eýranyň Lideri şeýle wekilçilikli duşuşyga gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny belledi. Bu maslahata iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagy döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Prezident Hasan Ruhani şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, olaryň netijeli bolandygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanyna manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, Eýranyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Geçen onýyllyklaryň içinde Türkmenistanda-da, Eýranda-da däp bolan döwletara aragatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat eden ähmiýetli düýpli özgertmeler bolup geçdi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň hem-de sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň girewine öwrüldi. Eýranyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň halklaryny dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymdan ýola goýlan däpleri baglanyşdyrýar. Ol bolsa häzirki eýýamda mynasyp dowam etdirilýär.
Belent mertebeli myhman, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygyň pugtalanmagyna, howpsuzlyga, döwrüň wehimlerine garşy hereket etmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli bolan sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakynlygyny nygtady.
Prezident Hasan Ruhaniniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin hemme şertler döredildi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljegi uly bolan birnäçe ugurlar boýunça ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şu babatda belent mertebeli myhman iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda, şeýle hem syýahatçylyk ugry we işewürlik boýunça gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Eýranyň maliýe hem-de bank düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginiň wajypdygy bellenidi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyna, özara bähbitlere kybap gelýän döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam berer.
Prezident Hasan Ruhani eýran tarapynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň birek-birege dünýä bazarlaryna çykmak üçin özboluşly “derweze” bolup durýandygyny belledi. Şu babatda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça, şol sanda üstaşyr-ulag düzümini, hususan-da, Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesini döretmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şunda Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşalyşynyň görnetin artmagy, awtomobil ýollary boýunça ýük daşalyşynyň möçberleriniň ýokarlanmagy üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Eýranyň Prezidenti bu meseläniň ýokary derejede geçirilen duşuşykda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, bu ugurda özara hereket etmegiň ýakyn wagtda anyk netijelerini berjekdigine ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman Eýran tarapynyň Türkmenistana ulag ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçiligini we tehnologiýasyny hödürlemäge taýýardygyny nygtady. Bu babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň bähbidine hyzmat eder.
Prezident Hasan Ruhani nebitgaz toplumynda ikitaraplýayn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň bu ugurda, şeýle hem elektrik energetikasy ulgamynda, şol sanda düzümleýin taslamalara gatnaşmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan elektrik energiýasyny we tebigy gazy satyn almagyň möçberlerini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini Eýranyň çäklerinden daşarky bazarlara durnukly ýagdaýda üstaşyr geçirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Belent mertebeli myhman saglygy goraýşy we derman senagatyny döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu babatda Eýran türkmen hyzmatdaşlaryna oňyn tejribesini bermäge taýýar. Syýahatçylyk ugry hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi, munuň özi iki goňşy ýurduň baý taryhy-medeni mirasy bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň we Eýranyň işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin, şol sanda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda muny amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bar, munuň özi durnukly ykdysady ösüşe, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Belent mertebeli myhman medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, bilim hem-de ýokary tehnologiýalar babatda gatnaşyklary döwletara gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti çykyşyny tamamlap, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdylar, olar belent mertebeli myhmanlary dostlukly el çarpyşmalary bilen ugratdylar.
Soňra işewürlik duşuşygynyň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljegi uly meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýran Yslam Respublikasynyň işewürlik toparlarynyň wekilleri pikir alyşmagyň çäklerinde özara peýdaly söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.
Eýranly hyzmatdaşlar “Mizan” işewürlik merkeziniň maslahatlar zalynda oturdylan LED ekranlarynda görkezilen wideoşekiller arkaly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri barada doly maglumat aldylar.
Onda pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ösüşi barada gürrüň berildi. Aýry-aýry wideoşekiller “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we ajaýyp binagärlik gözellikleri döwrebap keşbini bezeýän ak mermerli türkmen paýtagty—Aşgabada bagyşlandy.
Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda geljekde-de gatnaşyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder