13 Mart 2015 Cuma

Täze Arhitektura Toplumy Gurulýar

Türkmen paýtagtynyň iri taslamasynyň gurluşygynyň 13-nji tapgyryny amala aşyrmak dowam edýär. Meýilnamada göz öňünde tutulan 29 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we dolandyryş desgalarynyň ählisiniň hem boýy galdyryldy. Bu ýerde binalary timarlamak, mermer bilen örtmek, göýberiş-sazlaýyş we santehniki işleri dowam etdirilýär. Birnäçe kömekçi desgalar – suw we energiýa üpjünçilik, suw sorujylaryň, bug gazanlarynyň binalarynyň, elektriki kiçi beketler, ýagyna garşy uly suw gaplary gurulýar. 

Taslamany amala aşyrmak işlerine 2013-nji ýylyň awgust aýynda badalga berildi. Bu täze arhitektura toplumy paýtagtyň günorta-günbatar böleginde Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň aralygynda Oguzhan köçesiniň böleginde ýerleşýär. 

Gurluşygyň 13-nji tapgyryna 44-46 öýli ýokary amatlyklary bolan 11-12 gatly, 1-nji gatynda senagat we azyk harytlary söwdasyny etmek üçin dükanlar we ýerasty binasynda ulag goýar ýaly ýeri bolan ýaşaýyş jaýlary gitýär. Bu ýerde 2-4 gatdan ybarat bolan dolandyryş binalarynyň 11- si ýerleşer. Şol sanda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň, ätiýaçlandyryş edarasynyň, paýtagtyň Köpetdag etrap häkimliginiň, Baş prokuraturanyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň etrap bölümleri, şeýle hem beýleki guramalaryň we edaralaryň edara binalary ýerleşer. 

Durmuş maksatly desgalaryň hataryna her biri 160 orunlyk bolan çagalar bagynyň ikisi, her biri 600 orunlyk bolan umumy orta bilim berýän mekdepleriň iksi, Saglyk öýi, söwda-dynç alyş merkezi, Durmuş hyzmatlary öýi girýär. Şeýe hem her biri 200 orunly dükanly we olara barýan ýolly üsti ýapyk üç derejeli awtoulag duralgalarynyň ikisi gurular. 

Golaý wagtda binalara ýakyn ýerleşýän çäkleri abadanlaşdyrmak işlerine başlanar. Çagalar we sport meýdançalary, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirilýän meýdançalar dörediler. Gül ekmek, gazonlar üçin ýerler bölünip beriler, oturgyçlar, köçe ýagtylandyryjy yşyklar oturdylar. 

Gurluşygyň çäklerinden geçýän uzynlygy iki ýarym kilometrden hem gowrak bolan awtoulag ýolunda işler alnyp barylýar. Bu ulag ýoly gönülenip, ini öň 10 metrden 40 metr bolan bolsa, indi ol 69 metre çenli giňeldildi. 

Ýola asfalt düşemäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ýerde sekiz zolakly - her ugra dört gatnawly we goşmaça geçelgeli ýol gurular. Ýoluň iki gapdalynda ini 3 metrden ybarat bolan ýanýodany gurmak, şeýle hem gül ekmek üçin zolaklary çekmek göz öňünde tutulýar. 

Ýoluň bütin ugruna ýapyk görnüşli häzirki zaman awtobus duralgalary gurular. Ýola ýakyn ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryny nazara almak bilen, pyýadalar üçin geçelgeler dörediler. Ýoluň bütin ugruna pyýadalar üçin ýerasty geçelgeleriň dördüsini gurmak göz öňünde tutulandyr. Eýýäm olarda demirbeton işleri tamamlanyp, timarlaýyş işleri alnyp barylýar 

“Türkmendöwlettaslama” Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmenleri şäheri gurmagyň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň baş meýilnamasynyň awtorlary boldular. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň onlarçasy aýry-aýry desgalaryň taslamasyny düzdüler hem-de olaryň gurluşygyny alyp barýarlar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder