Türkmen Habar Gullugy
Tükriýede nähili işler öndürýärsiňiz?
ADNAN KASAPCI
Ýurdymyzda azyndan 30 milýon raýatymyza dogrudan täsir edip, olaryň dynç alyşlara has rahat we aňsatlyk bilen gitmeklerini üpjün etjek Dynç alma Fondy Sistemasyny gurnap, özgerdip Premýer ministriň orunbasary Hormatly Ali Babajana hödürledim. Bu taslama bilen ilki başda Turizm, Maliýe, Ýol, Düşleme, Ekerançylyk, Gurluşyk bolmak bilen 38 pudagymyza ähmiýetli peýdalar berjekdir. Dynç alyş Fondy Sistemasynyň ekonomikamyza ýyllyk peýdasy iň az 22 milliard dollar boljakdyr. Bu taslama şol bir wagtyň özünde işsizlik, kanun daşy ekonomika bilen göreş, ýerli we etraplaýyn özgerme ýaly meselelerimiziň hem çözülmesine goşundy berjekdir.
Syýahat Beletligi adynda giň mazmunly we 27 saýtdan emele geljek Turizm Platformasynyň hem meýilnamalaşdyrma tapgyrlaryny tamamlap, programlama we düýbini tutma işlerine başladyk.
Mundan başga ýurdumyzda ähli şereketleriň ýeke platformasyndan satuwy webeýleki işleri ýerine getirip biljek mazmunly we dinamiki gurluş bolan Täjirçilik Onlaýn Sistemasy bilen baglanyşykly işlerimizi tamamlap, ilki başda TOBB, Stambul Täjirçilik Otagy, Täjirçilik Ministrligimiziň dolandyryjylary bolmak bilen, ýokary derejede derňemeleri we tassyklamalary üçin hödürledik. Täjirçilik Onlaýn Taslamamayz bilen baglanyşykly duşuşyklarymyz dowam edýär.
Munuň bilen bilelikde, ýurdumyz we Londonda işler alyp barmak adyna iýmit pudagyna gönükdirilen işlerimizi hem herekede geçme ýagdaýyna getirenligimizi belläp geçmek isleýärin.
Türkmen Habar Gullugy
3 ýyl Aşgabatda bolan ekeniňiz, bu nädip boldy?
ADNAN KASAPCI
1996-njy ýyldan bäri buhgalteriýa-maliýe wezipesini ýerine getirýärin. Ýurdymyzyň belli şereketlerinde dürli weziepelerde işledim. Liwiýadaky iç söweş zerarly ol ýerdäki wezipämden aýryldym. Türkmenistandaky uly gurluşyk şereketinden alan iş teklibi bilen 2010-njy ýylyň Noýabr aýyndan başlap Türkmenistanda Maliýe Işler pudagynda işlemäne başladym. Türkmenistanda gaty kän zatlary öwrenenligimi belläp geçmek isleýärin.
Türkmen Habar Gullugy
Şol bir wagtyň özünde internet we zolak atlary maýadary. Türkmenistanyň internet we zolak atlary bilen baglanyşykly alyp baran işleriňiz barada gürrüň berip bilersiňizmi?
ADNAN KASAPCI
Kärim Buhgalteriýa-Maliýe bilen bilelikde internet we zolak atlary maýadarlyk işlerini hem alyp barýaryn. Türkiýede internet doly manysy bilen 2000 ýylynda halk derejesinde ulanylmana başlandy. 2000-njy ýylda internet zolak atlary hasaba almana we satmana başladym. Internet zolak atlarynyň ähmiýeti esasan hem Amerika, Ýewropa Bileleşigi, Orsýet ýaly ösen döwletlerde has gowy düşünilýär we bilinýär. Uly bir şäheri göz öňüne getiriň. Zolak atlary şol şäheriň köçeleridir. Gowy we wajyp zolak ady şol şäheriň iň uly we iň işleýişli köçesi diýmekdir.
Türkmenistanda ýaşan döwürlerimde Buhgalteriýa-Maliýa wezipäm bilen baglanyşykly işleýan şereketimiň gaty iş tempi sebäpli zolak atlary pudagyndaky işlerimi ähmiýetli derejede durdurdym. Emma, ol ýerdäki wezipämden soň Türkiýä dolanyp gelenimde, ilki başda Türkmenistan we käbir ýurtlar bilen bagalnyşykly internet gözleglerimiz ýerine getirdim we şeýle netijä geldim, geljegi şeýle öwüşgünli, üýtgeme we özgerme üçin ähmiýetli işleri alyp barýan, potansiýaly beýik bolan Ata watanymyzyň internet atlarynyň uly bölegi hasaba alynyp bilinjek ýagdaýdady. Bu ýagdaýda hem beýik derejede pursat we risk bar. Çünki bilary alyp, hem Ata watanymyzyň özgermesine ýardam bererdim we emele gelip biljek bet niýetli ulanyşlaryň hem öňüne geçip bilerdim. Bu zolak atlaryny hasaba alyp, hasaba alynanlary hem gerekli şahslary bilen gürrüňdeşlik geçirip satyn aldym we gaty ähmiýetli maýadarlyk portfoliýosy emele geldi. Bu portfoliýo Türkmenistanyň ilki başda tanadylmasy bolmak bilen, alyp barýan işleri Dünýä iň gowy şekilde düşündirip biljek potansiýaldadyr. Şu wagt birinji synp zolak atlarynyň 90 göterimlik bölegi mende. Men bu maýadarlygy tamamlandan soň, alyp baran gözleglerimde işlki başda türkmen, rus, iranly, hytaýly zolak ady maýadarlaryň hem menden soň Türkmenistan bilen baglanyşykly köp sanly zolak atlary hasaba aldyrandyklaryny gördüm. Emma hasaba alnan bu zolak atlarynyň aglabasy ikinji derejede we az wajyplykda zolak atlarydyr. Çünki, belläp geçişim ýaly, birinji derejede we wajyp derejede ähmiýete eýe zolak atlarynyň 90 göterimlik bölegi mendedir.
Türkmenistan üçin alyp baran internet zolak atlary maýadarlyk çäkleri içinde; Döwlet baştutanymyz Hormatly Berdimuhammedowyň internet atlary, Türkmenistan Döwleti bilen baglanyşykly atlary, 2017-nji ýylda geçiriljek Olimpiýada çäreleriniň atlary, Aşgabat şäheriniň atlary, Howa menzili we howa pudagy atlary, Awaýa zolagy atlary bilen bilelikde Energiýa, Gurluşyk, Tekstil pudaklary bolmak bilen birnäçe pudak hem bolmak bilen jemi 541 zolak ady bardyr.
Türkmen Habar Gullugy
Bularyň içinde gurnama işlerini alyp baran zolak atlaryňyz barmy?
ADNAN KASAPCI
Bu zolak atlary hakynda Türkmenistan käbir resmi guramalary bilen ol ýerdäki bir sany türk şereketi derejesinde başyndaky şahslar bilen habarlaşmalary we gürrüňdeşlikleri alyp bardym. Emma bu mowzuk hakynda entek bir zatlar bildirmegiň heniz ir diýip hasaplaýaryn.
17-nji Ýanwar 2015 senesinden bäri Türkmenistanyň internet atlaryna taslamalar alyp barmana başladym.
Ilki bilen Türkmenistan bilen baglanyşykly habar we özgermeleriň iňlis dilinde ýaýymlanýan www.DailyTurkmenistan.com beta görnüşini gurnadyk. Bu taslama bilen baglanyşykly ýeterli derejede köp mukdarda zyýaratýy alýaryz.
Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Döwlet Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhammedow bilen baglanyşyklywww.turkmenistanpresident.com internet sahypasynyň ilkinji demo işlerini hödürledik. Aýratyn hem, Türkmenistan Elçilikleri we konsullaklaryny jemleýänwww.TmEmbassy.com saýtyny tamamladyk.
Şu wagt Ahal Teke atlary bilen baglanyşyklywww.turkmenhorses.com sahypasy, Aşgabat şäheriniň tanadylmasy üçinwww.ashgabatcity.com sahypasy, türkmen halylary bilen baglanyşyklywww.turkmencarpeting.com sahypasy we Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky işlerini ýaýymlamak üçin www.turkmenistanenergy.comsahypalaryny tamamlap barýaryz.
Munuň bilen bilelikde, Türkmenistanyň özgermesine gönükdirilen işlerimize dowam edip, bar bolan işlerimiz has hem özgerderiz.
Türkmenistan bilen baglanyşkly alyp baran zolak atlary maýadarlygymyň bir bölegini www.turkmendomains.com sahypasynda 21-nji Ýanwar 2015 senesinde ýaýymladyk. Bu çenli gysga döwürde, bolup biljek iň ýokary gyzyklanma bilen garşylandy. Muny, Türkmenistanyň ajaýyp potansiýalyna Tilsimatyň üpjün etjek beýik goşundynyň ähmiýetli görkezijisi hökmünde bahalandyrýaryn.
Türkmenistandan başga Orsyýet, Gazagystan, Liwiýa, Müsür, Süriýe, Yrak, Aýlak döwletleri bilen baglanyşykly hem zolak atlary maýa goýumym bar bolmak bilen bilelikde, potansiýal taýyndan iň mazmunly we wajyp işleri Türkmenistan üçin alyp baranlygymy aýdyp bilerin.
Türkmen Habar Gullugy
Uzyn möhletde Türkmenistanyň ýokary derejede bir döwlet boljaklygy hakynda hemme kim şol pikirde. Türkmenistanyň gysga we orta möhletde geljegi bilen baglanyşykly siziň pikirleriňiz nähili?
ADNAN KASAPCI
Ekonomiki potansiýaly we güýjüniň ýanynda, ýaş we üýtgeşmä açyk hereketli halky, üýtgeşmä açyk öňgörüşli dolandyryjylyk ulgamy bilen bilelikde öňümizdäki ýyllarda öňdebaryjy döwletleriň biri boljaklygy hakynda hiçhili şübhäm ýok. Türkmen halky, Türkiýedäki Anadoly halky ýaly açyk göwünli we arassa halk. Türkmenistanda bolan döwrümde olar bilen gaty gowy dostlyklarym boldy. Birnäçe bilen bolsa heniz hem habarlaşýaryz.
Türkmenistan strategiki zolakda her gün ähmiýete eýe bolýan we ekonomika pudagynda hem wajyp potansiýaly bolan gaty ähmiýetli bir ýurt. Dünýäde bolup geçýän ekonomiki durma göz öňüne alnanymyzda bolsa, her ýyl 10 göterim töweregi özgerme görkezýän, ösýän, özgerýän we bu özgerme döwründe hem gözegçilik astynda alyp barýan, meniň buýsanýan ýurdum. Elbetde, esasan hem belläp geçmek isleýärin, bu üstünlikleriň arhitektory bolan şahs Türkmenistanyň Döwlet Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhammedow. Gaty öňgörüşli we akylly adam. Döwri, bolup geçýän wakalary dogry şekilde okamany başaranymyzda, Hormatly Berdimuhammedow gaty akylly we netijeli ädimleri alýanlygyny aýan şekilde görüp bilýäriz. Bütin dünýä, bu üstünlikli ädimleriň netijesini, has ösen, has hormatlanýan we dünýäniň üstünliklerini buýsanmak bilen alkyşlaýan bir Türkmenistan hökmünde birnäçe ýyl içinde has aýan şekilde görüljekdir. Açyk şekilde aýdanymyzda, men Türkmenistana buýsanýaryn, geljege gönükdirilen üstünliklerini bu günden alkyşlaýaryn.
Bir näçe ýyl içinde, Türkmenistanyň Altyn Asyry müň ýyllyk taryhymyzy täçlendirjek we taryhy täzeden ýazjakdyr.
Türkmen Habar Gullugy
Türkmenistan-Türkiýe arasyndaky baglary nähili bahalandyrýarsyňyz?
ADNAN KASAPCI
Türkmenistan we Türkiýäniň soňky ýüz ýyllyk seneleri we soň on ýyl içinde bolup geçenler birbirlerine meňzeýär. Meňzeş şekilde Türkmenistanyň esasyfilosofiýalaryndan bolan "Döwlet Adam üçindir" pikiri, bizdäki "Döwledi ýaşatmak üçin Ynsany ýaşat" pikiri bilen meňzeşdir. Aslynda başda dil, din, medeniýet we sene hereketlilikleri bilen bilelikde örtüşýän örän kän gymmatlyklarymyz bar.
Bizleriň bilelikde birbirimize gaty wajyp peýdalar berip biljekligini kanagat getirýärin. Bu iki dogan döwlet "Iki döwlet, bir millet" düşünjesiniň iň gowy nusgasydyr. Iki ýurtda hem özgerme we üýtgemä gönükdirilen açyk, wajyp ädimler alyp barýar. Bu ädimler, türkmen-türk dostlugyny has hem beýik derejelere getirip, ekonomiki we zolaklaýyn iş bilelikdeleriniň hem zemin taýýarlaýar. Bu taýdan 4-5-nji Mart 2015 senelerinde alnyp baryljak Türkmenistan Maýadarlyk Forumynyň Türkmenistan-Türkiýe baglanyşyklarynda we Türkmenistanyň özgerme tapgyrynda has wajyp hyzmatdaşlyklary emele getirjekdigini pikir edýärin.
Bu maksat bilen Türkmenistan we Türkiýe aragatnaşygyny has hem beýik derejelere getirmek üçin www.turkmenturk.com adynda türkmen we türk dilinde ýaýymlanjak bir portal sahypa gurmany we degişli gurama we edaralarymyzda utgaşdyrylan iş alyp barjak Türkmen Türk Hyzmatdaşlyk Platformyny emele getirme işlerini hem başlatdym.
Türkiýe tarapy bolup, Türkmenistanyň özgerme we ösmesinde ilki başda Gurluşyk, Energiýa, Tekstil we Turizm bolmak bilen beýleki pudaklarda görkezýän işleri, hödürlän internet sahypalary bilen bilelikde Tilsimat pudagynda hem alyp barmana taýýardygymyzy, bu işleriň ýokary hilli we beýik derejede alyp barjak güýçdedigimizi hem belläp geçmek isleýärin.
Türkmenistanda gazanan töleglerim bilen bilelikde edinen bu zolak ady portfoliýony, ýene Türkmenistana hödürlemekden we Türkmenista bu derejede strategiki peýda hödürlemekden gaty şatdyryn. Bizler Tükrmen ýaly Türk, Türk ýaly Türkmendiriz.
Amala aşyrýan bu öňdengörüji we gözýetim açan ähmiýetli işler we wagt aýryp reportaž teklibimi kabul edenligiňiz üçin size bir Türkmen doganyňyz hökmünde minnetdarlygymy bildirýärin, üstünlikleriňiziň dowamyny dileýärin.
Habar: Türkmen Habar Gullugy Admini OKTEM ISLAM
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder