2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.
Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P.Klimkin, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi, aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi W.Maýko, Diplomatik Akademiýasynyň rektory N.Kuliniç, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet we hukuk institutynyň direktory Ýa.Nuryýew we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Bitaraplygy baradaky temadan Ukrainadaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, Ukrainanyň DIM-niň we Diplomatik Akademiýasynyň, Ýokary Radasynyň, Ukrainanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, syýasatşynaslar we alymlar, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.
«Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň binýaty», «Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti» we «Türkmenistanyň we Ukrainanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejeseniň ähmiýeti» ýaly meselelere bagyşlanan üç bölümden ybarat bolan maslahatyň gidişinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň özboluşly Bitaraplyk derejesine çyn ýürekden gyzyklanma bildirdiler. Daşary syýasy ugrunyň halkara meýdançasynda geçirilýän Bitaraplygyň täze görnüşiniň ilkinji alamatlary oňynlygy, açyklygy we yzygiderliligi bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň maglumatlary we çykyşlary Türkmenistanyň saýlan daşary syýasy ugrunyň -Türkmenistanyň Bitaraplygynyň - sebitde we ýer ýüzünde halkara ylalaşdyryjy tagallalarynyň ähmiýetli sebäbiniň, şeýle hem ýurduň ýaşaýşyň ýokary derejesi bolan döwletleriň hataryna tizleşdirilen girişiniň dogrulylygyny tassyklady.
Geçirilen maslahatyň çäginde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň milli sungatynyň, çeper edebiýatynyň we meşhur suratkeşleriniň işleriniň sergisi görkezildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder