21 Şubat 2016 Pazar

Türkmenistanlylaryň Halkara Ýaryşlarynda Üstünligi

2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgeni Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça dünýä derejesindäki iri ýaryşda uly üstünlige eýe boldy. Bu gezek Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçirilen “Gran-pri” tapgyrynda tapawutlandy, şol ýerde Lebap welaýatyndan bolan halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agaramlyk derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Dünýäniň 86 ýurdundan türgenleriň 550-ä golaýyny ýygnan abraýly ýaryşa gatnaşyjylar diňe medallar ugrunda däl-de, eýsem reýting ballary ugrunda bäsleşdiler. Şol ballar şu ýylyň tomsunda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýär. Ozal habar berlişi ýaly, dünýä, Aziýa çempionatlarynda hem-de geçen ýylyň “Gran-pri” tapgyrynyň ýaryşlarynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça G.Babamyradowa dünýä sanawynda güýçli dzýudoçylaryň onlugyna girip, 1171 utuk toplady, olimpiýa hasabatynda bolsa 954 utuk toplap, 11-nji orny eýeledi. 

Çemengül Geldibaýewanyň we Gapur Babakulyýewiň şägirdiniň şu gezekki bürünç medaly Gülbadamyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak esasy dalaşgärleriniň sanawyndaky ornuny has-da berkitdi. Türkmen türgeni düşekçede dört tutluşyk geçirdi, olaryň üçüsinde – Koreýa Respublikasynyň toparyndan türgenleriň ikisini (Da Sol Park we Mi-Ri Kim) hem-de Kanadanyň ýygyndy toparynyň wekilini (Ýekaterina Guasa) ynamly ýeňmegi başardy. 

“Gran-pri” tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy şu ýylyň martynda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçiriler, maý aýynda Mehiko (Meksika) şäherinde geçiriljek halkara ýaryşy bolsa Olimpiadanyň öň ýanyndaky jemleýji saýlama tapgyry bolar.  

*** 

Minsk şäherinden hem hoş habar gelip gowuşdy, şol ýerde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda sport we söweş sambosy boýunça “A” derejesindäki Halkara ýaryşy geçirilýär. Dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan türgenleriň 300-den gowragyny jemlän ýaryşda türkmenistanlylar 7 medala – bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.   

Türkmenistanly türgenler sambonyň söweş görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 68 kilograma çenli agramlyk derejede uly üstünlige eýe boldular. Bu ýaryşda Abdylla Babaew ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň hem-de Dörtguly Tejenowyň şähirdi finalda özüniň topardaşy, kümüş medala eýe bolan aşgabatly Ylýas Mömünowdan üstün çykdy. Bu agramlyk derejede 14 türgeniň çykyş edendigini bellemelidiris. 

Kümüş medallaryň ýene-de biri 62 kilograma çenli agramlyk derejede gazanyldy, bu ýerde Ahmet Taňryberdiýew tapawutlandy. Ildeşimiz ýaryşda final duşuşygynda diňe belarusly türgenden asgyn geldi. Mergen Welihanow bolsa 74 kilograma çenli agramlyk derejede hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdy. 

Türkmenistanlylar söweş sambosy boýunça zenanlaryň toparynda hem bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Baýrakly orunlaryň üçlügine Arzuw Ýalkabowa (48 kilograma çenli agaramlyk derejede), Hurma Abdyýewa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) hem-de Zebo Orunowa (64 kilograma çenli agramlyk derejede) girdiler. Türgenleriň ählisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Omar Muhammetnazarowyň hem-de Baýram Halyllaýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýar. 

Mälim bolşy ýaly, sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şoňa görä-de, halkara ýaryşlarynyň her biri ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. 

Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda ilkinji synag ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär, şol erde yklym derejesindäki toplumlaýyn Oýunlar hem geçiriler. Synag bäsleşikleriniň hataryna sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionaty hem girýär. Oňa diňe bir Aziýa sebitiniň däl, eýsem, Okeaniýanyň toparlary hem gatnaşar. 

Häzirlikçe bolsa sambo boýunça ussatlarymyz has-da jogapkärli halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler. Mart aýynyň ahyrynda Moskwada dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyry (A.Harlampiewiň hatyrasyna), güýzde bolsa Bolgariýada we Horwatiýada çempionatlaryň ikisi – nusgawy birinjilik hem-de sportuň şu görnüşiniň ussatlarynyň arasynda ýaryşlar geçiriler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder