17 Şubat 2016 Çarşamba

Awtomobil we Welosiped Ýaryşlary

Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezinde iki ýaryş – awtomobil ýaryşlary (kartlarda we “Volkicar” ýaryş ulaglarynda) IIM-niň kubogy ugrunda bäsleşik hem-de Welosport boýunça milli tehniki merkeziň açyk ýaryşy (toparlaýyn we aýry-aýrylykda) geçirildi. Olar ýetip gelýän baýramçylyga – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy. 

Dört tigirli ýaryşlarda bäş topar düzülip, olaryň hatarynda iň gowy taýýarlygyny IIM-niň sport toparynyň wekilleri görkezdiler. “Volkicar” kysymly awtoulaglarda geçirilen ýaryşlarda Marks Orazmämmedowyň şägirtleri hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler. Şonda altyn medala Guwanç Hommadow, ikinji orna Parahat Garlyýew we üçünji orna Merdan Çaryýew mynasyp boldular. 

Ýaryşyň eýeleriniň topary, hereketlendirijisiniň göwrümi 125 kub santimetre deň bolan “halkara” derejeli kartlarda ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýene bir altyn medaly gazandylar. Hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Wýaçeslaw Şkunow çykdy. Kümüş medala Gurbanberdi Daňatarow (Türkmenistanyň Milli awtosport mekdebi) hem-de bürünç medala paýtagtymyzyň toparyndan Wladislaw Şedrin mynasyp boldular. 



Medallaryň ýene bir toplumy ugrunda hereketlendirijisiniň göwrümi 125 kub santimetre deň bolan ”Patriot” derejeli kartlarda geçirilen ýaryşlarda bäsleşildi. Şonda iň gowy tizligi Awtomobil ulaglary ministrliginiň sport toparynyň wekili Ýuriý Žulin görkezdi. Onuň topardaşy Orazmuhammet Möjekow bürünç medala mynasyp boldy. Ikinji orny bolsa “Toýota-serwis” toparyndan Karen Awagýan eýeledi. 

Ýeri gelende aýtsak, kartirng boýunça milli bäsleşikler hem-de awtomobil ýaryşlary hut şu ýerde geçirilýär. Çünki ýaryş meýdançasynyň üstki gatlagy diňe awtomobil sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin däl-de, eýsem, welosiped bäsleşiklerini geçirmäge hem mümkinçilik berýär. Şol ýaryşlaryň biri – Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň hem-de Tebigaty goramak baradaky jemgyýetiň goldamagynda guralan Milli tehniki merkeziň açyk bäsleşigi bolup, ol şu fewral günleri ýurdumyzyň ussat turgenleriniň 50-ä golaýyny bir ýere ýygnady. 



Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda aşgabatly Döwlet Baýramowa taý tapylmady. Ol toparalýyn we aýratyn geçirilen ýaryşlarda altyn medallary gazanmagy başardy. Bäsleşigiň şol görnüşinde hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Yslam Sähedow we Şatlyk Geldiýew (paýtagtymyzyň toparynyň wekilleri) çykdylar. 

Häzir türkmen türgenleriniň öňünde Türkmenistanyň çempionatynyň birinji bäsleşigine taýýarlyk görmek wezipesi durýar. Bu ýaryş mart aýynda Aşgabadyň hem-de IIM-niň Awto sport merkeziniň ýaryş ýodalarynda geçiriler. Olara gatnaşyjylar bäsleşigiň üç görnüşi boýunça – aýratyn badalgaly şahsy ýaryşda, toparlaýyn bäsleşikde we “Kriterium” görnüşlerde medallar ugrunda bäsleşerler. 

Mälim bolşy ýaly, welosiped sporty 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şonuň üçin sportuň şu görnüşi boýunça häzirki we geljekki ýaryşlar toplumlaýyn bäsleşiklere taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar. 



Şu ýylyň ýazynda Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotreginde ilkinji synag halkara ýaryşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Şol ýaryşlar dünýäniň onlarça ýurtlaryndan türgenleriň ýüzlerçesini ýygnar. Aprel aýynda bolsa Aşgabatda Welosipedçileriň halkara birleşiginiň esasy hünärmenleriniň biriniň gatnaşmagynda eminleriň maslahaty geçiriler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder