16 Ekim 2016 Pazar

Ýaňlan Diýarym Bäsleşiginiň Jemleýji Tapgyry

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaş aýdymçy çeper höwesjeňleriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde däp boýunça baş milli baýramçylygymyzyň---Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda her ýyl geçirilýän bu ajaýyp bäsleşik ýaşlaryň öz döredijilik ukybyny görkezmäge, halkymyzyň ruhy genji-hazynasyna, baý saz medeniýetine ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş soňky ýyllarda täze zehinleriň peýda bolmagyna, estrada äleminde ýaş ýyldyzlaryň şugla saçmagyna kömek etdi. 

Mukamlar köşgüniň sahnasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlagy aýratyn dabaraly ýaňlandy. 

“Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde, medeniýetinde aýdym-sazyň tutýan orny örän uludyr. Milli aýdym-sazlaryň üsti bilen halkymyz ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýeläpdir, agzybirligi, halallygy, ynsanperwerligi ündäpdir. Halypa bagşy-sazandalarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan aýdym-sazlary özboluşly watançylyk mekdebidir, türkmen ruhunyň belentligidir” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz türkmen aýdym-saz sungatyny baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek üçin täze-täze aýdym-sazlary döretmäge, kalbyndan joşup çykýan ýakymly aýdymlary bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä çykmagyna mynasyp goşant goşýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zehinli türkmen ýaşlary barada buýsanç bilen aýdýar. 

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň sahnasyndaky uly konsertde bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ruhubelent çagyryşyna mynasyp jogap boldy. Bu hormatly hukuga bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlarynyň deslapky saýlama ýaryşlarynda wokalçylaryň 12-si mynasyp boldy. 

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşigine ýurdumyzyň paýtagtyndan hem-de ähli sebitlerinden ýerine ýetirijileriň, şol sanda dürli döredijilik toparlaryň aýdymçylarynyň, ýokary we orta ýörite okuw mekdepleriniň talyplarynyň,   harby gullukçylaryň, medenýiet edaralarynyň we beýleki pudaklaryň işgärleriniň jemi 700-den gowragy gatnaşdy. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň köpüsi ilkinji saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar, zehinlerini ösdürmek, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň şöhratyny artdyrmaga ukyply zehinli oglan-gyzlary ýüze çykarmak üçin hemme şertler döredilen oba Medeniýet öýlerinde öz döredijilik we artistçilik başarnyklaryny görkezdiler. Bu gün ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, täze zehinlenri höweslendirmek we goldamak meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmen sungatyny has-da ösdürmek üçin ygtybarly esasyň düýbi tutuldy. 

Dalaşgärleriň bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmaklary üçin olaryň çykyşlaryna wokal aýratynlyklary, ýerine ýetirijiliginiň ussatlygy we özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy ýaly ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli eminler tarapyndan baha berildi. Ine, bu gün hem emin agzalarynyň öňünde çylşyrymly wezipe—iň gowularyndan gowusuny, iň zehinli artistleri saýlamak wezipesi durýardy. 

Mukamlar köşgünde jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen bäsleşigiň özboluşly saz nyşany bolan “Ýaňlan, Diýarym!” aýdymy döredijilik baýramçylygynyň başyny başlap, belent heňde ýaňlandy. 

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly we ähmiýetli şöhratly sene bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilýän 
şu ýylda medeniýet ulgamynyň wekilleriniň üstüne aýaratyn jogapkärçilik düşýär. Bu bolsa meşhur gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda we baý mazmunly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. 

Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, täze taryhy eýýamyň beýik işlerine, tebigatymyzyň gözelligine bagyşlanan halk aýdymlary we häzirki zaman wokal eserleri tüýs ýürekden ýaňlandy. Olarda häzirki zaman äheňleri we gadymy milli mukamlar sazlaşykly utgaşdy. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen aýdymlary aýtdylar. 

Konsert maksatnamasynda, şeýle hem milli sungatyň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändigini synlamak boldy. Bu bolsa bäsleşige gatnaşyjylaryň öz halypalary bilen bilelikdäki çykyşynda ýüze çykdy. Mysal üçin, çykyşlaryň biriniň ýanynda gadymy türkmen saz guraly bolan gargy tüýdügiň owazy ýaňlandy, beýleki bir aýdymça halypa akkordeonçy sazandarlyk etdi. Harby gullukçylaryň hory öz aýdymçysyny goldady.   

Uly konserte gatnaşmaga bäsleşigiň geçen ýyllardaky ýeňijileri hem çagyryldy. Olar üçin “Ýaňlan, Diýarym!” baý döredijilik durmuşyna badalga boldy, uly estrada tarap ýol açdy. Bu gün Mukamlar köşgüniň sahnasyndan täze aýdymlaryň hem ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Olary ýerine ýetirmegi aýdymlary döredenler ýaş wokalçylara ynandylar. 

Aýdym-saz kompozisiýasynyň özboluşly bezegi hem-de höwesjeň artistleriň üýtgeşik ýerine ýetirijilik usullary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, oňa mynasyp baha berildi. 

“Nurly Watan” diýen aýdym uly konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilip, onuň jemleýji bölegi bolup ýaňlandy. Bu aýdym özbaşdak ösüşiniň 25 ýyllygyny dürli pudaklardaky täze gazanylanlar we uly üstünlikler bilen belleýän mähriban Watanymyza, türkmen halkymyzyň Arkadagymyza— Türkmenistanda halkymyzyň bähbidine, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanýar. 

Aýdym-saz baýramçylygynyň ahyrynda netijeler jemlenip, ýeňijiler yglan edildi. Dabaranyň barşynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi milli Liderimiziň üns bermegi we goldamagy netijesinde ýaş nesilleriň döredijilik taýdan zehinli wekillerini öz hataryna barha we barha köp çekýändigi nygştaldy. Olar aýdym-sazlary bilen, mähriban Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki üstünlikleri ussatlyk we joşgun bilen wasp edýärler. 

Şowhunly el çarpyşmalar astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar ýörite diplomlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyrynyň mynasyp eýeleri boldular. Bäsleşige gatnaşan beýlekilere hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

“Ýaňlan, Diýarym-2016” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaş çeper höwesjeň artistleri milli Liderimize özleriniň tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de öz ähli güýçlerini, zehinlerini we ylhamlaryny beýik ruhy genji-hazynamyzy—türkmen milli sungatyny gorap saklamaga we gülledip ösdürmäge bagyş etjekdiklerine ynandyrdylar.    


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder