Şu maksatlar bilen Gullugyň ýanynda hereket edýän Okuw merkezinde Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylar hünär taýýarlygy boýunça başlangyç okuwy geçýärler. Okuw merkeziniň esasy wezipeleri harby gullukçylary watançylyk we öz mukaddes harby borjuna halal gulluk etmek, Türkmenistana, türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylyk ruhunda terbiýelemekden, olara harby tälim bilen baglanyşykly okuwlary geçirmekden ybarat.
2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilip, hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen harby gullukçylaryň nobatdaky tapgyryna okuwy tamamlandyklary barada güwänamalaryň gowşurylyşy hem-de olara ilkinji harby atlaryň dabaraly ýagdaýda dakylmagyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Dabarada harby gullukçylar mähriban Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylygyň mukaddes kasamyny ýerine ýetirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder