2 Ekim 2016 Pazar

Türkmenistan Suw-Ekologiýa Wezipelerini Çözmekde Ylmy Çemeleşmesini Görkezýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli parlamentiň deputatlaryndan, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryndan, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, UNDAF-nyň, UNISEF-niň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet “Altyn asyr” Türkmen kölüne sapar bilen bardylar.

Bu ýerde, Ak ýaýla şor suw akabasynyň kenarynda Garagum çölüniň jümmüşinde täsin gidro desganyň taslamasyny amala aşyrmakda gazanylan üstünliklere bagyşlanan çäre geçirildi. Suw serişdeleri babatda ählumumy meseleleri çözmek üçin şeýle köli döretmek tejribesiniň ägirt uly ähmiýetini dünýäde giňden ýaýmak şu günki geçirilen çäräniň esasy maksatlarynyň biri boldy. 

Mälim bolşy ýaly, çölüň merkezinde köli döretmegiň ägirt uly taslamasy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw gorlaryny aýawly we rejeli peýdalanmagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolup, onuň amala aşyrylmagy milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. 

Täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar. 

BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. 

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meseleleri netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň  we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä forumlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ählumumy maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen  III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bolup, türkmen tarapy bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi. Şol taslamalaryň hatarynda, şeýle hem Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň köptaraply anyk gurallaryny döretmek barada taslama bar. Hazaryň täsin biologik toplumy bolsa bütin adamzadyň gymmatlygydyr.

Wekiliýetiň agzalarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň oňynlygyny iş ýüzünde subut edýär. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. “Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär” diýlip, şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýsynyň rejelenen görnüşinde berkidildi. 
 
Halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlar muňa ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” hem-de  ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň ileri tutulmagyny, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň tutuş düzüminiň işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde “ýaşyl ykdysadyýetiň” ösmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň innowasion taslamasynyň amala aşyrylmagy dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant bolup durýar. Türkmenistan ekerançylygyň we suwdan netijeli peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, bu ugurda öňdebaryjy ylmy barlaglary bilen tapawutlanyp, beýleki döwletleri hem suw serişdelerine şonuň ýaly aýawly garamaga çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Türkmen kölüniň gurluşygy 3 tapgyra bölünendir hem-de möhüm ykdysady we durmuş meseleleriniň tutuş toplumyny çözmäge gönükdirilendir. Türkmen kölüne her ýyl şor-zeý suwlarynyň milliardlarça kubmetri akdyrylar, munuň özi ähli welaýatlarda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, ýerleriň şorlamagy, batgalaşmagy we guramagy bilen bagly köpsanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. 

Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär, tebigy süzgüçleriň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ony oba hojalyk toplumynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanyp bolar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, zeý suwlaryny sowmak we ýerleriň şorlamagy, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, şeýle hem gök ekinleri suwarmak, tehniki hajatlar bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam eder. 

Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri şu günki çäräniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň instituta sowgat beren, suw, toprak we howa barlaglaryny geçirýän göçme barlaghananyň işi bilen ilkinji gezek tanyşdyrdylar. 

Tanyşdyrmanyň barşynda halkara guramalarynyň wekilleri barlaghananyň tapawutly aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Onuň döwrebap enjamlary çylşyrymly seljermeleriň 24 görnüşini dünýä standartlarynyň derejesinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň belleýşi ýaly, göçme barlaghananyň kömegi bilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň himiki düzümini seljermek boýunça düýpli ylmy-barlag işlerini öz ýerinde geçirip bolýar. Şol işleriň esasynda suwuň düzüminde agyr elementleriň bolmagynyň hem-de suwuň duzlulyk derejesiniň halkara ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi barada netije çykardylar. 

Häzir Türkmen köli emele gelen suw howdanlaryny we akabalary balyk senagatyny ösdürmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Häzir kölde we oňa ýanaşyk suwlarda mesgen tutýan balyklaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän kiçeňräk suw howzunyň çärä gatnaşyjylara görkezilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 

Maldarçylyk öz ösüşinde, şol sanda çölüň ägirt uly ýerleriniň suwlulandyrylmagynyň, öri meýdanlaryň giňelmeginiň hasabyna goşmaça itergi aldy.

Merkezi we Gündogar Garagumda şor suw akabalarynyň töwereginde gonup geçýän guşlar üçin amatly ekologik we iýmlik şertler döredildi, Daşoguz akabasynyň hanasynda ýerleşen köller bolsa eýýäm suw-batgalyk ýerleriniň guşlaryny—ördekleri, gazlary, sakarbalaklary, jübtünleri, çuluklary we beýleki per ganatlylary özüne çekýär. Bu ýerde eýýäm höwürtgelemek we gyşlamak üçin täze ýerler peýda boldy. Garagumuň Merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlaryň köpelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň köpüsi –üstýurt dag goçy, gulan, keýik Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň sany hem artyp, olar suw howdanlarynyň kenarlarynda mesgen tutýarlar.

Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär, olaryň 210 görnüşi bejerijilik  häsiýete eýe bolup, olar barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä belli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde beýan edildi. Milli Liderimiziň Garagum çölüniň goralýan zolaklaryny goramak hem-de dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurdumyzda olary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işler geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Garagumda döredilen “Bereketli Garagum” täze döwlet goraghanasy Garagumuň ekoulgamynyň ilki başdaky we az-kem üýtgän görnüşlerini ylmy esasda goramak, çöllük we ýarym çöllük zolakda goraghana işiniň esaslaryny işläp taýýarlamak, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatda nusga alarlykdyr.  

Häzir Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda toplan tejribesi dünýäniň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Munuň şeýledigini bolsa ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlarynyň we seminarlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem tassyklaýar. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan Hazar ekologiýa maslahaty, 2013-nji ýylyň martynda Daşoguzda geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat, 2014-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) taraplarynyň maslahatynyň 5-nji mejlisi bar. 2015-2016-njy ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň durnukly ösüşi boýunça Döwletara toparyna başlyklyk edýändigini bellemek gerek.  

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, dünýäniň bu täsin suw howdanynyň baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge berilýän esasy ähmiýet, ozaly bilen, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigatyň hakyky dürdänesi hasaplanýan bu deňziň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir.  

Täze döwrebap we “ýaşyl” tehnologiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly pikiri—Hazaryň kenarynda dünýä derejeli dynç alyş merkezini – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky pikiri amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. 

Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap sagaldyş merkezleriniň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi olaryň esasy aýratynly bolup durýar. Kenarda alnyp barylýan giň gerimli bag ekmek işleri hem ekologiýa ugruny goldaýar. Bu ýerde hemişe gök öwüsýän tokaýlyklar, täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňaýly täsirini ýetirýän ýakymly howa döredilýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasy – bu  ýurdumyzyň tutuş dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak işine uly goşandy, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek bolup, onuň çäklerinde şäherleriň, her bir ilatly ýeriň, awtomobil we demir ýollarynyň ugrunda täze tokaý zolaklary kemala gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynyň ekologiýa, innowasion we ýokary tehnologik çözgütleri, öňdebaryjy işläp düzmeleri ornaşdyrmak, şol sanda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek, senagatda ulanylan suwlary arassalamak, suwarymly ýerler üçin gaýtadan peýdalanmak meselelerine ylmy çemeleşmäniň möhümligini görkezýän ugruny hem belläp geçmek ýerlikli bolar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda suwy arassalamagyň we süzmegiň, süýjetmegiň innowasion usullaryny işläp taýýarlamak babatda hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda beren görkezmesi hem munuň aýdyň mysalydyr. Dünýäde suwy sarp etmegiň artýan möçberini we ýetmezçiligini nazara alanyňda, bu mesele has-da möhüm häsiýete eýedir. 

Şu günki çärä gatnaşyjylaryň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak we daşky gurşawy gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Tebigy gurşaw milli baýlygyň gymmatly bölegi hökmünde durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna girizildi. Çünki halkymyzyň saglygy


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder