Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Hytaýly we owganystanly işewürler tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşi, pagtaly mebeller, nah ýüplük we mata, ýelejirediji enjamlar ýerlenildi. Olary Russiýadan, Germaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Gyrgyzystan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Hytaýdan, Pakistandan, Hindistandan işewürler jemi bahasy 1 million 46 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, sarja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 838 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder