25 Mayıs 2015 Pazartesi

Mekdep Uçurymlary Üçin Soňky Jaň Mynasybetli Dabaralar

25-nji maýda ýurdumyzyň orta umumybilim mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin “soňky jaňyň” owazy ýaňlandy.
Her bir adamyň durmuşynda soňky jaňyň sesi gaýtalanmajak ajaýyp baýramçylyk bolan joşgunly şatlyga ýugrulan mekdep ýyllaryny ýada salýar. Mekdebi tamamlamak -- munuň özi täsin mekdep ýyllary bilen hoşlaşmagyň tolgundyryjy pursadydyr.
Şu gezekki “soňky jaň” dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, umumy orta bilimiň 12 ýyllyk ulgamyna geçilenden soň ilkinji gezek geçirilýär. Orta mekdeplerde okatmagyň möhletiniň halkara ölçeglerine kybap getirilmegi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga hem-de onuň düýpli özleşdirilmegine gönükdirilip, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýolundaky kanunalaýyk ädimdir. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana hem-de “Türkmenistanda umumy we orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” Karara gol çekmegi bu ulgamyň ösdürilmegine uly itergi berdi.
Mekdep bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak  mekdep okuwyna nobatdaky möhüm täzelikleri girizdi hem-de ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelleşdirmek we grafika, maglumatlar-kommunikasiýa hem-de innowasiýa tehnologiýalary ýaly täze dersler okadylyp başlanyldy.

Jemgyýetiň ählumumy maglumatlaşdyrylýan döwründe ýaş nesil öňdebaryjy maglumatlar ulgamlaryny özleşdirmegi ylym-bilim almagyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kabul edýär, bu tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň ähli ugurlarynda işjeň ornaşdyrylýar hem-de döwür bilen aýakdaş gitmek isleýän her bir adam olary öwrenmäge çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan  mekdebe gadam basan her bir birinji synp okuwçysyna iň täze nusgadaky kompýuterleriň gowşurylmagy ösüp gelýän nesliň täze tehnologiýalary çalt özleşdirmegine ýardam berýär.

Okuw döwründe alnan gymmatly bilimler uçurymlaryň geljekki durmuşda dürli hünärleri üstünlikli özleşdirmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder, täze durmuş bolsa soňky jaňyň ýaňlanmagy bilen başlanýar. Uçurymlar üçin täze, özbaşdak durmuş ägirt uly üstünliklere, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmelere beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlanýar.

Bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek - ýaş nesliň akyl-paýhas mümkinçiliklerini we ukyplaryny doly açmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça maksadaokgunly işleriň alnyp barylmagy milli Liderimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar durmuş syýasatynyň örän möhüm ugrudyr.

Ösüp gelýän nesil döwlet Baştutanymyzyň aladasy bilen gurşalandyr, olar üçin ýurdumyzda sazlaşykly ösmäge ýardam berýän ähli şertler döredilýär. Okuw-terbiýeçilik merkrezleri okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edildi, olar ýaşlaryň köptaraplaýyn döredijilik zehinleriniň we başarnyklarynyň, sport ukyplarynyň, hünär taýdan kemala gelmegi üçin zerur serişdeler bilen üpjün edilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly hökmünde türkmen mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara ders bäsleşiklerinde dürli ugurlar boýunça her ýyl gazanýan üstünliklerini görkezmek bolar.

Häzirki wagtda 2014-2015-nji okuw ýylynda geçirilen aň-paýhas bäsleşiklerinde üstünlik gazanan okuwçylar “soňky jaňa” bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreleriň baş gahrymanlary boldular. Bu şanly günde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär:

“Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar ata Watanymyzyň ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan bagtyýarlyk mekanyna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde  ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň bu günki bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidirler.  Halkymyzyň bu milli häsiýetleri eziz Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş şygary bolmalydyr”.

Asylly däbe görä, mekdepleriň iň tapawutlanan uçurymlary nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan çärä –ýurdumyzyň Garaşsyzlyk eýýamynda ýeten derejesini alamatlandyrýan belent binalara ajaýyp gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Mekdeplerde geçirilen dabaralarda bolsa oglanlar we gyzlar mekdep bilen hoşlaşyp, geljekki birinji synp okuwçylaryna däbe görä “altyn açar” bilen bilelikde bilim almagyň estafetasyny hem gowşurdylar, körpeler ýakyn wagtda täze bilimleri ele almagyň bagtyýarlyk döwrüne gadam basarlar.

Geljekki 1-nji synp okuwçylary birinji sentýabr dabaralarynyň gahrymanlary bolarlar, bu gün bolsa dabaralaryň sebäpkärleri uçurymlardyr. Olaryň adyna  mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar tarapyndan mähirli sözler we iň gowy arzuwlar aýdylýar, olar hem mekdep okuw ýyllarynyň tutuş dowamynda uçurymlaryň bilim-tebiýe alşyna buýsanç bilen syn etdiler.

Mekdeplerde geçirilen dabaraly çärelerden soň, aýratyn bezegli lybaslara beslenen uçurymlar özleriniň mähriban şäherleri we obalary boýunça däp bolan seýle çykdylar, köpçülikleýin gezelençler hem-de belli aýdymçylaryň we artistleriň gatnaşmagynda konsertler guraldy.

Türkmen paýtagtynda “soňky jaň” dabaralarynyň Aşgabadyň güni bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. Goşa baýram ýurdymyzyň ähli uçurymlary bilen 25-nji maýda bellenilýän şanly günüň şatlyklaryny paýlaşan aşgabatlylaryň göwnüni has-da göterdi.

Türkmenistanyň dürli şäherleriniň mekdepleriniň uçurymlary bu gün Aşgabadyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, beýleki ajaýyp künjeklerine baryp gördüler. Olaryň arasynda iň tapawutlanan uçurymlara okuwda ýokary ýetişigi, işjeň durmuş orny, aň-paýhas ugrunda üstünlikleri, döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri üçin höweslendiriji baýrak hökmünde paýtagtymyzyň hormatly myhmanlary bolmak hukugy berildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan iri möçberli dabaralara diňe bir uçurymlar däl-de, olaryň dostlary, garyndaşlary we ýakynlary hem  gatnaşdylar. Olaryň hemmesi jebisleşip, söýgüli Watanymyza bagyşlanan aýdym-sazlar astynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdiler.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýörite gurnalan sahnalarda ajaýyp aýdym-sazlar, baýramçylygyň jadyly owazy giç agşama çenli ýaňlandy. Bu çäreleriň ählisi mekdep bilen, çagalyk bilen hoşlaşyp, täze durmuşa girişilýändigi alamatlandyrýar. Ol bolsa uçurymlara täze gymmatly bilimleri we möhüm açyşlary peşgeş eder.

Ýene-de sanlyja günden “soňky jaň” mynasybetli dabaralara gatnaşan uçurymlar jemleýji  synaglary tabşyryp, orta bilim hakynda şahadatnamany  almak üçin synp otaglaryna gaýdyp gelerler. “Orta bilim hakyndaky şahadatnama” mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň öňünde täze hünärleri ele alyp, ýakyn geljekde ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant goşmagy üçin gapylary giňden açar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder