2 Şubat 2017 Perşembe

Ynsanperwer Ölçegindäki Hyzmatdaşlyk

2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransuz Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri Daşoguz welaýatynda iş kesilen zenanlar üçin düzediş-terbiýeçilik edarasyna sapar bilen bardylar.
Saparyň maksady bu edaranyň işi, onuň maddy-tehniki binýady we ondaky ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşmakdan ybarat bolup durýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder