17 Şubat 2017 Cuma

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ösüşiniň Täze Tapgyryna Gadam Basdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilýän wezipä girişmek dabarasynda Prezident wezipesine girişmek bilen söz sözledi.
Döwlet Baştutanymyz özüne bildirilen ýokary ynam üçin ähli watandaşlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärleriň adyna hem minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsdeşikleriň ähli tapgyrlarynda olar ýokary medeniýeti wehünär derejesini, ýolbaşçy wezipeleri eýelemäge mynasypdyklaryny görkezdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz şu döwri okgunly ösüş hem-de iri möçberli özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylýan zamanasy diýip häsiýetlendirýäris.
Biziň Garaşsyz döwletimiz indi ýigrmi bir ýyldan gowrak wagt bäri hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek işlerimizi amala aşyrýarys. Biziň ýurdumyz dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Ýüze çykýan ähli meseleleriň parahatçylykly serişdeler arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edýär .
Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bolup durýar. Geljekde hem bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar. Biz geljekde hem ähli döwletler we halklar bilen söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer gatnaşyklary, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder