Didar Haýytow, Kerim Jumaýew Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy
Türkmen Habar Türkmenistanyň gündelik habar saýty https://www.turkmenhabar.com/ #Turkmenistan #TurkmenHabar #Turkmen #Habar #Habarlar
17 Şubat 2017 Cuma
Türkmen talyplarynyň beýik ýeňşi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary – Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen robotlar boýunça Halkara “RoboRAVE Asia 2017” bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy “RoboRAVE” - robotlar boýunça Halkara bäsleşik. Onuň esasy maksady interaktiw usulyna goldaw bermek we zehinli ýaşlary orta çykarmakdyr. Mundan başga-da ylmy barlaglarda ukyply we ýokary tehnologiýaly innowasion bazaryna gerekli robotlary hödürlemekdir. Bäsleşik ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2001-nji ýylda geçirilip başlandy we häzirki wagtda dünýäniň sekiz döwletinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada, Meksikada, Ispaniýada we Fransiýada ýokary derejede geçirilýär. Bu ýyl geçirilen bäsleşige onlarça döwletlerden ýüze golaý toparlar gatnaşyp, olaryň arasynda innowasion roboty (Robotovate Challenge); ýangyn söndüriji robot (Fire Fighting Challenge); göni ugra hereketlenýän roboty (Line Following Challenge); dag roboty (Alpinebot Challenge); söweşiji roboty (Jousting Challenge) ýaly dürli ýaşdaky kategoriýalaryň içinde iň gowysy bolmak üçin bäsleşdiler. “Innowasion robot” (Robotovate Challenge) kategoriýasy görnüşinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýörite taýýarlyk geçen topary, ýagny toparyň kapitany Mähri Ilmedowa we toparyň agzalary Aýlar Mehtiýewa, Döwran Nobatow, Didar Hydyrberdiýew iň gowy prezentasiýa bilen baş baýraga eýe boldy. Türkmen topary gündelik durmuşymyzdaky meseleleriň birisi bolan, ykjam telefonlary bakteriýalar taýdan arassalamak proýekti bilen has hem halkara emin agzalaryň höwesini özüne çekdi. Bilşimiz ýaly ykjam telefonlary hemmämiz günümiziň uly böleginde ulanýarys we onuň gigiýena tarapyndan arassa ulanylşyny we telefonyň daşynda nähili bakteriýalaryň bardygyny bilmeýäris. Statistikalaryň görkezmesine görä, dünýäde 3,7 milliard adam ykjam telefon ulanýar we her gezek ykjam telefonyna elini degirende, 25000 bakteriýalary geçirip bilýär. Ykjam telefonynyň ýokarky gatlagyny bakteriýalardan arassalamak üçin - biziň talyplarymyzyň bu meseläni çözmäge örän gowy pikiri hödürlediler. Bäsleşikde robotyň prototip görnüşi sergilendi. Prototip taýýarlanylanda mikrodolandyryjy Arduinoo uno R3 prossesor, Lego motorlary herekete geçirmek üçin Lego shield, robotyň göwrümini düzmek üçin Lego Mindstrom parts, ykjam telefony hereket etdirmek üçin iki sany Lego Motor, Anibakteriýal spreýi işletmek üçin Airwiçkiň motor konstruksiýasy, telefon robotyň içine girenini kesgitlemek üçin iki sany Infrared sensor, spreýi sepdirmek üçin Relay ýaly mehanizlerde düzülip görkezildi. Toparyň esasy maksady, ykjam telefonlaryň ulanylşy we sanynyň artmasy bilen olary arassalap biljek täze innowasion enjamlaryň gerekdigi görkezmekdi. Bäsleşigiň şertine görä emin agzalarynyň we ýörite çagyrylan myhmanlaryň ses berlişigi arkaly ýeňijiler ykrar edildi. Netijede, innowasion robot ugry boýunça iň köp ses alan topar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýörite taýynlyk geçen topary boldy. Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Didar Haýytow tarapyndan ýörite taýýarlanylan uniwersitetiniň topary üstünligiň göreldesi bolmagy başardy. Halkara bäsleşige taýýarlygyň ilkinji tapgyry uniwersitetiň talyplarynyň arasynda robotlary programmirlemek boýunça 2016-njy ýylyň 31-nji maýynda geçirildi. Bu bäsleşik gatnaşyjylara diňe bir gaýduwsyzlyk duýgusyndan başga-da olara täze innowasion tehnologiýalar dünýäsine gapy açyp berdi. Şeýle hem bäsleşikde ýeňiji bolan topar halkara “RoboRAVE” bäsleşige gatnaşdy. Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasy: Kompýuter tehnologiýasy, Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýar. Ýaş hünärmenler we olaryň mugallymlary gazanan üstünlükleri bilen çäklenmän, eýsem geljekde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda innowasyon tehnologiýalary we robotlar boýunça bäsleşikleri gurnamagy meýilleşdirýärler. Bulardan başgada ýaş hünärmenlerimiz geljekki halkara bäsleşikleriň taslamalarynyň üstünde işleýärler.
Didar Haýytow, Kerim Jumaýew Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy
Didar Haýytow, Kerim Jumaýew Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy
Kaydol:
Kayıt Yorumları (Atom)
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder