Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýan möhüm wezipeleri barada gürrüň edildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda ýurdumyzyň ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmegiň we sazlaşykly ösüşiň nobatdaky tapgyryna gadam goýandygyny aýtdy. Türkmenistan 20 ýyldan gowrak döwrüň içinde hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, özüniň daşary syýasat işinde ähli ýurtlar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar.
Duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fransua Delaus, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahito Kasumata, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow çykyş etdiler.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri barada aýtmak bilen, diplomatlar bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlarynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli jedelli meseleleri we halkara gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň tarapdary bolup durýandygy bellenildi.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuja we Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew we beýlekiler diňe bir ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilýändigine däl-de, eýsem, Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we ylym, bilim ugurdaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigine ünsi çekdiler. Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barada aýtmak bilen, halkara we sebitara energetika howpsuzlygyň meselelerine aýratyn ähmiýet berdi.
Duşuşykda halkara guramalarynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili we BMG-niň ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Ýelena Panowa hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd çykyş etdiler. Olar halkara guramalarynyň Garaşsyz Türkmenistan bilen işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň esasy ugry barada aýtdylar. Şeýle hem olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry, ýagny biziň döwletimiziň bitarpalygy hakyndaky kararnamanyň kabul edilen senesini Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň prezidenti Neda Berger Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna halkara synçy hökmünde syn etmek bilen, ýokary döwlet wezipesine 12-nji fewralda geçirilen saýlawlaryň demokratik we bäsleşik esasynda bolandygyny we türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny doly goldaýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edendigini belledi.
Duşuşykda türkmen diplomatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky wekili, ýurdumyzyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky, Mongoliýadaky we Wýetnamdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa çykyş etdiler. Olar hususan-da, toplumlaýyn we oňyn häsiýete eýe bolan, milli bähbitler bilen sebitleýin ösüşiň, ählumumy ýagdaýyň talaplaryny utgaşdyrýan türkmen bitaraplygynyň aýratynlyklary barada aýtdylar.
Umuman, çykyşlarda türkmen bitaraplygynyň umumy dünýä goşulmak ýagdaýyna köptaraply täsirine ýokary baha berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary, daşary syýasat ýörelgesi babatynda umumy wezipeleriň çözgüdine bolan täzeçil çemeleşmeler beýan edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder