14 Şubat 2017 Salı

Türkmenistanyň Iň Beýik Nokady Bolan Aýrybaba Dag Depesine Alpinistler Aziada-2017-niň Nyşanyny Çykarar

Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr. Her ýylyň fewral aýynda türkmen alpinistleri ajaýyp däbe eýerip, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu dag depesiniň çür başyna Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň baýdagyny dikýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hormatyna Döwlet habarlar agentligi (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Şu taslamanyň çäklerinde alpinistleriň bir topary ýurdumyzyň iň belent nokadyna “Aziada—2017-niň” nyşanyny çykarar.
Bu taslama Oýunlary, sagdyn durmuş ýörelgesiniň sporty hem-de öz ýurduňy we tutuş dünýäni has ýakyndan tanamagyň iň gyzykly usuly hökmünde jahankeşdeligi mundan beýläk-de wagyz etmäge gönükdirilendir.
Lebap welaýatynyň häkimligi, Köýtendag döwlet goraghanasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki çärä goldaw berýärler.
Alpinistleriň toparyna TDH-nyň habarçysy hem girdi, ol ýoluň her bir tapgyry barada gürrüň berip durar. Biz siziň dykgatyňyza reportažlar toplumyny açýan giriş makalasyny hödürleýäris.
Ekspedisiýanyň dag gerşine tarap ýoly Aşgabady hem-de Amyderýanyň sag kenaryny baglanyşdyrýan demir ýoluň soňky menzilinden başlandy.
Bu gün bu ülkäni 10 ýyl mundan ozalky ýagdaý bilen deňeşdirip bolmaz. Birnäçe ýyl mundan ozal gojaman Jeýhunyň iki kenaryny Atamyrat-Kerkiçi awtomobil hem-de demir ýol köprüleri birleşdirdi. Bu ulag geçelgeleri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine täze itergi berdi. Ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden gurlan (Türkmenabat—Farap) täze köprüler açylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, olar kontinental ähmiýetli ulag-üstaşyr ulgam hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da berkider. Iki aýdan gowrak mundan ozal Owganystana çenli gurlan Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.
Şeýlelikde, täze gatnaw ýollary sebitiň okgunly ösüşiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Olaryň bolmagy syýahatçylara hem-de zyýaratçylara ýylyň islendik döwründe Lebap welaýatynyň taryhy we mukaddes ýadygärliklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär. Ýerli häkimiýet edaralary taryhy-medeni desgalara, goralýan tebigy ýerlere baryp görýänleriň akymyny kadalaşdyrýar. Düzgün bolşy ýaly, biziň ekspedisiýamyz hem öz ýol-ugruny şol edaralar bilen ylalaşdy.
Lebapda syýahatçylygyň ekologiýa görnüşi has meşhurlyga eýe bolýar. Bu künjeklerde tebigatyň täsin we ajaýyp ýerleri örän köpdür. Olaryň esasysy bütin dünýäde meşhur bolan, mundan 150 million ýyldan gowrak wagt ozal dinozawrlaryň yzlary galan dag tekizligidir. Bu ýerde haýran galdyrýan karst gowaklary, owadan dereler, şol sanda Kyrkgyz atly dere bar.
Täsin desgalaryň arasynda seýrek duş gelýän miweli agaçly Unabi bagy, Köýten köli we kükürtli wodorodly Gaýnarbaba çeşmesi bar. Köýtendagda Türkmenistandaky iň çuň (59 metr) köl bolan Ketdeköl ýerleşýär. Hut şu ýerde, Hojagaragul deresinde iň gadymy tut agajy ýerleşýär, onuň ýaşy 1000 ýyla barabardyr. Köýten obasynda ýene-de bir täsin agaç — 800 ýaşly çynar ösýär.
Bularyň ählisi jahankeşdeleri gyzyklandyryp biläýjek täsinlikleriň diňe bir bölegidir. Bu ýere gelýän syýahatçylaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.
…Demir ýol menzilinden ýaňy-ýakynda durky täzelenen awtomobil ýoly boýunça “Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylar Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Köýtendag goraghanasynyň çägine geldiler.
Goraghananyň işgärleri Köýtendagyň täsin we gözel landşaftlaryny, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, onuň ajaýyp tebigy ýerlerini goraýarlar. Olar dag gerişlerini boýun egdirijileri türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen garşylap, ekspedisiýanyň agzalaryna ýardam berdiler.
Fewral aýynda Aýrybaba çykmak köp babatda dünýäniň meşhur dag gerişlerini “boýun egdirmek” bilen deňdir. Şol dag gerişlerine çykmak, adatça, tomus möwsümini öz içine alýan alpinizm möwsüminiň iň gyzgalaňly döwründe amala aşyrylýar. Üç müň metrden gowrak belentlikde beýik dag zolagy, hiç hili ösümlik bitmeýän daşlaryň we garyň patyşalygy başlanýar. Köýtendagyň çür depesi ýurdumyzda gar gatlagynyň oktýabr aýyndan başlap, maý aýynyň ahyryna çenli saklanyp galýan ýeke-täk ýeridir. Hut gyşyna bu ýerde Aýrybabany boýun egdirmek ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Aýrybaba dag şahalarynyň arasynda ägirt uly ak piramida ýaly alyslardan görünýär.
Galyň gar, içiňden geçip barýan şemal, aýaz-ekspedisiýanyň agzalary hut şu kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýarlar. Dagyň belent gerşinde hem-de onuň töwereklerinde gyşyna hemişe nol gradusdan aşakdadyr. Ýöne, bu böwetleriň öňde goýlan maksada ýetmegi üçin päsgelçilik döredip bilmejekdigine ynam bar. Çünki, topara ýurdumyzyň iň gowy alpinistleri girýär. Olar eýýäm Kawkazda, Týan-Şanda, Pamirde, 2016-njy ýylda bolsa haýran galdyryjy Gimalaýlarda dag gerişlerine üstünlikli çykmagy başardylar.
Işjeň dynç alyş bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde dynç alşyň bu görnüşi ýurdumyzda hem uly meşhurlyk gazandy. Wagtyňy saglyk üçin peýdaly geçirmegiň köp usullary bar. Bu sanawda dag gerşine dyrmaşmak aýratyn orun eýeleýär. Alpinizm bilen meşgullanmak diňe bir bedeniňi we erkiň güýjüni berkitmäge däl, eýsem, aşakdan görünmeýän ajaýyp gözellikleri öz gözleriň bilen görmäge mümkinçilik berýär.
Alpinizm bilen meşgullanmak tebigat bilen ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Elbetde, sportuň örän çylşyrymly we ekstremal görnüşleriniň biri hökmünde dag gerşine dyrmaşmak ýörite tehnikany hem-de oňat beden taýýarlygyny, ätiýaçlyk çärelerini berjaý etmekde berk düzgün-nyzamy hem-de ýokary jogapkärçiligi talap edýär.
Aşgabatda we Balkanabatda emeli gerişler hereket edýär, Köpetdagda, Uly Balkanda we Köýtendagda tebigy relýefde gerişleriň birnäçesi döredildi. Bu ýerde alpinizm bilen indi meşgullanyp başlanlara daga dyrmaşmagyň başlangyç tälimleri öwredilýär, olara belent bolmadyk dag ýollaryna çykmak mümkinçiligi döredilýär. Has tejribeli alpinistler üçin bolsa her ýyl dag gerişlerine çykmak boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirilýär.
2017-nji ýylda skaýranning boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryş eýýäm üçünji gezek geçiriler. Alpinizmiň görnüşleriniň biri dürli belentliklerde tizlikli ylgamakdan ybaratdyr. Skaýranning sözüniň özi iňlis dilinden terjime edilende “belentde ylgamak” diýen manyny berýär. Däp bolşy ýaly, bu ýaryşlar Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda we goldaw bermeginde geçirilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda alpinizm okgunly ösýär, Aşgabatda “Agama” we Balkanabatda “Mert” alpinizm klublary işleýär. Biziň alpinistlerimiz Ararat, Elbrus, Demawend, Han-Tengri daglaryna, Lenin, Akongagua gerişlerine we dünýäniň beýleki meşhur gerişlerine üstünlikli çykdylar.
Dünýäde dag belentliklerine boýun egdirmekden lezzet almaga mümkinçilik berýän ýerler örän köpdür. Olaryň biri-de, köp sanly rowaýatlar bilen gurşalyp alnan Köýtendagdyr.
Gadymy döwürlerde adamlar daglara sežde edipdirler. Olar keramatly güýçleriň mekany hasaplanypdyr. Köpsanly gerişleriň atlary hem muňa şaýatlyk edýär: Han-Tengri (“asmanyň hökümdary”), Elbrus – Jan-Patyşa (“ruhlaryň patyşasy”), Aýrybaba – “aýrylan keramatly dag”.
Köýtendagyň eteginde ýaşaýan ilatyň arasynda bu dagyň adynyň gelip çykyşy barada gadymy hekaýat bar. Aýdylyşyna görä, Beýik suw joşguny döwründe Nuh pygamber özüniň gämisini Aýrybaba gerşinde saklamaly eken. Dag muňa örän buýsanypdyr we hemişe özüniň beýikligine öwünipdir. Taňry onuň ulumsylygy barada eşidipdir we tekepbire jeza bermek kararyna gelipdir. Beýik Biribar Nuhuň düşläp geçmek hyýalyny ýatyrypdyr. Gämi daga batly urlup, onuň gerşini iki bölege bölüpdir. Dag iki kelleli gerşe meňzeýär, olaryň arasyndaky oý ýer bolsa häzire çenli gäminiň yzyny ýatladýar…
Aýrybaba gerşi aýratyn hem gyşyna başdan geçirmeleri halaýanlary özüne çekýär. Elbetde, oňa ýeterlik türgenleşik geçen hem-de ýörite esbaplary bolan alpinistler çykýarlar. Ine, indi 20 ýyla golaý wagtdan bäri alpinistler her ýyl Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň iň belent nokadyna çykýarlar. Olar dagyň şol belent ýerinde milli baýdagy dikýärler. Indi bolsa Aýrybaba diňine Aziada—2017-niň ahalteke bedewiniň şekili beýan edilen nyşany galdyrylar. Munuň özi täze ýeňişlere we belentliklere çagyryşy alamatlandyrýar. Şol belentlikler bolsa ganatly bedew çykmaga ukyplydyr.
…Şeýlelikde, goşhaltalar, esbaplar hem-de çadyrlar ýygnaldy, alpinistler Köýtendag goraghanasyndan garyň hem-de dag diwarlarynyň patyşalygyna ugramaga, Aýrybaba gerşine çykyp başlamaga taýýardyr. Dag gerşine çykmagyň her bir tapgyry barada biz Köýtendagyň gerişlerinden habar bermegi göz öňünde tutýarys.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder