17 Şubat 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hukuk Goraýjy Düzümleriň Öňünde Hünär Derejesini we Maddy-Enjamlaryň Binýady Ýokarlandyrmak Wezipesini Goýdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz “Oguzhan” köşk toplumynda wezipä girişilmegi mynasybetli guralan dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, bu düzümleri ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Yaragly Güýçleriniň geçen çärýek asyrda merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylykly harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetli kuwwatly goşuna öwrülendigini nygtady. Milli goşunymyzyň üpjünçiligi ýokarlandy we söweşjeň ukyby has artdy. Harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin amatly gulluk we ýaşaýyş şertleri döredildi. Harby kanunçylyk ulgamy hem kämilleşdirildi.
Siz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň mizemez galasy hem-de polat galkany bolmalysyňyz – bu mukaddes borçdur diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňde durýan wezipeleriň möhüm we jogapkärlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz olaryň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň işgärler bilen üpjün etmekden hem-de maddy-tehniki binýady pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny aýtdy. Harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada durup geçip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara Watan goragçylaryna, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ösdürilmegine bagyşlanylan “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň nusgalaryny gowşurdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder