21 Şubat 2017 Salı

Türkmen Uşu Ussatlary Russiýada Üç Medala Eýe Boldular

“Moskwa ýyldyzlary—uşu—2017” atly III halkara ýaryşy geçirilýär, onda türkmen türgenleri üç medala—bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.
Ýaryşa jemi 16 ýurtdan– Hytaýdan, Ispaniýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, Ysraýyldan, Fransiýadan, Türkiýeden we beýlekilerden 200-den gowrak türgen gatnaşýar.
Türkmenistanlylar uşu – sanda söweş görnüşi boýunça tapawutlandylar. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jennet Atabaýewa kümüş medala eýe boldy. Biziň ildeşimiz aýgytlaýjy tutluşykda ýer eýeleriniň wekilinden asgyn geldi.
Erkekleriň toparynda degişlilikde 48 kilograma çenli we 60 kilograma çenli agram derejelerinde çykyş eden Mekan Gulmyradow hem-de Serdar Nurgeldiýew bürünç medala eýe boldy.
Türgenlerimizi ýaryşlara Uşu milli federasiýanyň başlygy Ýazmyrat Annamyradow taýýarlady. Indi hytaý söweşjeň sungaty boýunça türkmen türgenleri şu ýylyň esasy ýaryşlaryna– güýz paslynda Kazanda (Russiýa) geçirilmegi meýilleşdirilen dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Dünýäniň birinjiligine 80 ýurtdan 1,5 müňe golaý türgeniň gatnaşjakdygy eýýämden mälimdir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder