19 Şubat 2017 Pazar

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis ýakyn döwür üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny, şeýle hem aýry-aýry meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, diplomatlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, esasy meseleleri öz içine alan gün tertibini yglan etdi. Olaryň hatarynda strategik taýdan möhüm mesele  Türkmenistanyň ýakyn ýedi ýyl üçin daşary syýasat ugruna bagyşlanan mesele bar.
Milli Liderimiz dünýäde bolup geçýän häzirki ýagdaýlary hemmetaraplaýyn seljermek, syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli dürli ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, biz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemeli, halkara syýasy giňişlikde döwletimiziň alyp barýan işiniň binýatlyk kadalaryny anyklamaly, daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen köptaraply gatnaşyklarymyzy berkitmek boýunça wezipeleri aýdyňlaşdyrmaly diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçmezden öň, ýygnananlary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler we abadançylyk arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer ilki bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy hem-de resmi taýdan işe girişmegi, şeýle hem Döwlet baýdagynyň güni hem-de şu gün bellenilýän diplomatik işgärleriň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we diplomatik düzüminiň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
DIM-niň ýolbaşçysy “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu Konsepsiýanyň taslamasy hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli, milli we umumy bähbitleri nazara almak bilen geçirilýän daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrmak maksadynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanyldy.
Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan bu resminama döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegi üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir.
Täze Konsepsiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri halkara maslahatlarda hem-de ýokary derejeli forumlarda eden çykyşlarynda beýan edilen hem-de BMG-niň Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmagy hem-de dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary höweslendirmegi ugur edinýän döredijilikli başlangyçlaryna we tekliplerine esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän, toplumlaýyn, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy biziň ýurdumyza özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Ýedi ýyllyk döwür üçin işlenip taýýarlanan Konsepsiýa dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň ornuny has-da berkitmegi we abraýyny artdyrmagy, ýurdumyzyň beýleki döwletler we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy, şol gatnaşyklary döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy ugur edinýär.
Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns bermek bilen, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär, bu hem Konsepsiýada öz beýanyny tapdy. Şeýle hem bu resminama dünýäde döreýän çylşyrymly ýagdaýlary çözmek maksadynda öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny we syýasy-diplomatik serişdeleri giňden peýdalanmak barada milli Liderimiziň başlangyçlary we teklipleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG, ÝHHG, Goşulyşmazlyk hereketi, YHG we beýleki halkara guramalar bilen gatnaşyklary has-da berkitmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň halkara işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy hem kesgitlendi. Hususan-da, ýurdumyzyň energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýanyň we daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözülmegi, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki ugurlar babatda daşary döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň has-da giňelmegi göz öňünde tutulýar.
Şonuň bilen bir hatarda, Konsepsiýanyň taslamasynda goňşy döwletler we sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk meýilnamalar we ugurlar görkezilýär. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny öňden gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär.
Bulardan başga-da, Aziýa we Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika, Afrika yklymlary bilen sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýry-aýry ugurlary kesgitlendi.
Wise-premýer DIM-niň ýolbaşçysy täze Konsepsiýanyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň başga-da birnäçe möhüm ugurlaryny öz içine alýandygyny aýdyp, onuň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu maksatnamalaýyn resminamanyň ähmiýetini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara wakalary hem-de dünýäde bolup geçýän özgerişlikleri nazara almak bilen, kesgitlenen döwür üçin ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri düýpli işlemegiň we öz wagtynda çözmegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistan — dünýäde bitaraplyk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup, biz muňa buýsanmaga doly haklydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biziň ýurdumyz geljekde hem oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanan döredijilikli strategiýasyna üýtgewsiz eýermek bilen tutuş adamzadyň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy hem-de wezipä girişmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady. Bellenilişi ýaly, 12-nji fewralda bolup geçen saýlawlar jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň agzybir halky jebisligini, milli Liderimiz bilen raýdaşlygyny görkezdi. Türkmenistanlylar nurana geljegini gönüden-göni hormatly Arkadagymyzyň ady we alyp barýan işi bilen baglanyşdyrýarlar.
Mejlisiň ýolbaşçysy öňümizdäki ýedi ýylda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary barada habar berdi. Bu Konsepsiýa Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanylan hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen döwletimiziň halkara-hukuk derejesinden gelip çykýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýakynda kabul edilen 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama hem şaýatlyk edýär.
Konsepsiýanyň esasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat boýunça eden maksatnamalaýyn çykyşlary, daşary döwletler, halkara guramalar hem-de halkara hukuga degişli resminamalary düzdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, köptaraplaýyn daşary syýasatyny amala aşyrýar, dünýäniň döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär, özara hereket etmegiň täze ugurlary kemala getirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, beýleki döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde durmuş-ykdysady, medeni hem-de ekologiýa hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin peýdalanýar.
Şunuň bilen baglylykda, diplomatik, konsullyk gulluklarynyň protokol işleriniň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini hukuk taýdan üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Öňdebaryjy tejribäniň nazara alnyp, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna, ýurdumyzyň halkara syýasy, ykdysady, maýa goýum, ylmy, medeni, bilim, tebigaty goraýyş taslamalaryna netijeli gatnaşmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara işleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginiň örän wajypdygyny aýtdy hem-de Bitarap döwletimiziň täze daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary hereket edýän kanunçylyga girizmek barada teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli herekete getirmegiň wajypdygy barada nygtap, parlamentara dostluk toparlarynyň sanyny, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara guramalary bilen gatnaşyklary artdyrmak babatda pikirlerini aýtdy.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow täze “Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ähmiýetini nygtady, onda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk wezipeler, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Okgunly häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berip, diplomat häzirki döwürde halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygyna hem-de taryhy umumylyga daýanýan döwletara gepleşikleriň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolandygyny belledi. Muňa dürli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar şaýatlyk edýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklar täze sahypalara öwrüldi.
Doly ygtyýarly wekil hormatly Prezidentimize Türkmenistana daşary ýurtlarda we halkara guramalarda wekilçilik etmekde bildiren ýokary ynamy üçin öz kärdeşleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň diplomatlar düzüminiň jogapkärli we möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny gönükdirjekdiklerine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşy diňläp, Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürip hem-de öz amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny peýdalanyp, umumy wezipeleri çözmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýy döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär diýip belledi. Ýaponiýa ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz täze taryhy şertlerde taraplaryň ikisiniň hem hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny döredýändigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady bähbitleriň hem-de milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanandyr.
Häzir gazylyp alynýan peýdaly zatlara, şol sanda uglewodorodlara baý bolan Türkmenistanda pudaklaryň giň gerim bilen döwrebaplaşdyrylmagy ýaýbaňlanandyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap ugur ykdysady strategiýanyň esasy ugry bolup durýar. Ol döwrebap senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Şunda öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy kompaniýalary çekmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýa netijeli tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy ýurt bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň gaýtadan işleýän pudaklarda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belläp, tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodlary, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, ammiak we karbamid öndürýän kärhanany we beýlekileri gurmagyň taslamalaryny aýdyň mysal hökmünde getirdi.
Milli Liderimiz innowasiýalar ulgamynda ýurdumyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmäge bildirýän gyzyklanmasynyň kanunalaýykdygyny belläp, ägirt uly tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny hem-de tehnologik öňegidişligiň üstünlikli tejribesiniň geljekde öz saldamly miwelerini berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew çykyş edip, kärdeşleriniň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy mynasybetli aýdan gutlagyna goşuldy.
Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan diplomatik işgärleriniň öňünde durýan anyk ugurlary hem-de wezipeleri kesgitleýän “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasynyň örän wajypdygyny belläp, onuň Türkmenistanyň durnukly, parahatçylykly ösüşe, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, ulag ulgamyny durnukly ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga we ynsanperwer meseleleriniň toplumyna gönükdirilen halkara başlangyçlary ýerine ýetirmek hem-de döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýok etmek boýunça anyk çäreleri göz öňünde tutýandygyny nygtady. Bu ugurlaryň her biri halkyň ykbaly we durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr hem-de BMG-niň Durnukly Ösuş Maksatlaryna doly gabat gelýär.
Täze daşary syýasat strategiýasynda goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistany dostlugyň we doganlygyň köpasyrlyk däpleri baglanyşdyrýan Türkiýe bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa häzirki döwürde diňe bir özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary we berýän ünsi netijesinde döwletara gatnaşyklary täze derejä çykaryldy. Munuň özi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Türkiýäniň hökümeti we halky türkmen Lideriniň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygtybarly esas döredýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny doly goldaýar.
Diplomat işlerinde bildirýän ynamy we berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ilkinji derejeli kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbitlerine netijeli döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli dowam etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-türk gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, bu gün Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mynasyp dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Milli Liderimiz taryhy-medeni we ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşykly bolan iki doganlyk halkyň dostlugynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli özara hereket etmeklerine ygtybarly esas bolup durýandygyny belläp, hyzmatdaşlygyň örän uly kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny, şolardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Mejlisde şeýle hem Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.Kömekow çykyş etmek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi, döwlet Baştutanymyzyň 9-njy fewralda Olimpiýa şäherjigine baran mahaly Olimpiýa stadionynyň çeperçilik bezeginiň türkmen halkynyň özboluşlylygyny, ýurdumyzyň medeni-taryhy aýratynlyklaryny, tebigat dünýäsini hem-de halkymyzyň däp-dessurlaryny beýan etmelidigi barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň şekiliniň çeperçiligi boýunça eden düýpli bellikleri we beren maslahatlary babatda degişli hünärmenler bilen anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna köpugurly stadionyň depesinden ýokary galýan atyň şekili beýan edilen görnüşler hödürlenildi.
V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany bolan, dünýä täsin ahalteke tohumyny bagyş eden türkmen halky tarapyndan belent sarpa goýulýan bedewiň keşbi türkmenleriň gadymy taryhyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Stadionyň depesinde bedewiň şekiliniň ileri, ýagny günorta tarapa bakyp durmagy bolsa türkmenleriň: “Işiňiz ileri bolsun”, “şowly bolsun” diýmegini aňladýar. Munuň özi türkmenlerde gadymdan bäri uly başlangyçlaryň üstünlik, rowaçlyk getirjegine bildirilýän umyt hasaplanypdyr.
Halkymyzyň gözden-dilden goramak üçin asyrlaryň dowamynda dürli tumarlara aýratyn ähmiýet berýändigini nazara alyp, gamyşgulak ahalteke bedewiniň boýnunda alajanyň şekillendirilmeginiň, onuň ak we ýaşyl ýüplerden örülmeginiň aýratyn bir manysy bardyr.
Alajanyň ak reňki päkligi, arassalygy, ýurdumyzyň bedew bady bilen ak ýol bilen öňe barýandygyny, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady aňlatsa, onuň ýaşyl reňki ýaşaýşy, täzelenişi aňladýar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň tugunyň hem şu reňkde bolandygy we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň hem şu reňkde bolmagy ata-babalarymyzyň umyt-arzuwyny hem-de öwüt-ündewlerini alamatlandyrýar.
Bedewiň bezeginde Olimpiýa alawy üçin niýetlenip, alaja bilen boglan müň derde derman ýüzärligiň bogdagy görnüşinde bolup, öwşün atýan täji emele getirýär. Türkmen halkynyň uly we möhüm işe başlamazdan ozal ýüzärlik ýakmak däbine eýerip, Olimpiýa alawy ýakylmazdan öň ondan goýberiljek ýüzärligiň ak tüssesi asmana göterilip, biziň isleg-arzuwlarymyzyň päkligini, dostlugy hem-de özara gatnaşyklara ymtylmalarymyzy, ruhubelentligimizi alamatlandyrar.
Bilşimiz ýaly, dermanlyk ösümlik hem-de tumar hökmünde ýüzärligi ulanmagyň däp-dessurlary türkmen halkynyň gadymy taryhyndan gözbaş alyp gaýdýar. Onuň baldajyklary we tohumlary diňe bir dürli ýaramazlyklardan halas etmän, eýsem-de, adamlara kömek beripdir, ýüzärlikde adamy ähli ýamanlykdan goraýan täsir ediji güýç jemlenipdir. Ir döwürlerde täze jaýda ýüzärlik tütetmek, gapynyň ýokarsynda öýi kesellerden we ýaramazlyklardan gorap bilýän, rysgal-berekedi we şowlulyklary getirip bilýän örän uly täsir ediji hökmünde ýüzärligiň bogdagyny asyp goýmak däbi döräpdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň 1-nji jildinde hem bu gymmatly ösümlik barada giňişleýin ylmy düşündiriş berilýär.
Bedewiň boýnundaky uly boýunlygyň aşak ýüzünde ýerleşdirilen 17 şelpeli göwüsbent bezegi bolsa 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga beriljek şanly senäni aňladýan ýörite mana eýedir.
Meýletinçiler, terjimeçiler, wekiliýetleriň ýanynda bolýan işgärler Aziadanyň köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryna hem-de türgenlere bu milli nyşanlaryň ähmiýeti barada gürrüň bererler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Olimpiýa stadionynda oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçiriljekdigini aýtdy. Bu uly desganyň daşky görnüşi Aşgabat Aziadasynyň esasy keşbine öwrüler, şoňa görä-de, onuň bezegine, aýratyn hem milli mirasymyz bolan atyň şekiliniň bezegine uly üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri biziň ata-babalarymyzyň ýakyn ýoldaşy, halkymyzyň buýsanjy, türkmen medeniýetiniň täsin häsiýetleriniň beýany bolupdyr.
Stadionyň depesinden ýokary galýan bedewiň keşbi türkmenleriň taryhynyň bütin dowamynda bedewiň eýelän ornuny hem-de ähmiýetini görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we hödürlenen şekiller babatda käbir bellikleri aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu syýasat bitaraplygyň anyk esaslaryna hem-de aýdyň ugurlaryna laýyk gelmelidir, hemişe halkymyzyň taryhy tejribesine daýanmalydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we ahlak sütünlerine esaslanmalydyr.
Bitaraplyk, onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize mümkinçilik berdi. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bularyň ählisi hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dürli meselelerde anyk hem-de giň gepleşikleri geçirmäge şert döredýär. Özara kabul edip boljak çözgütleri tapmaga, hyzmatdaşlygyň täze halkara görnüşlerini işjeň ösdürmäge ýardam edýär.
Şoňa görä-de, Türkmenistan ählumumy ösüşiň örän möhüm meseleleri boýunça giň we köptaraply pikir alyşmalaryň ykrar edilen merkezleriniň biriniň ornuny barha berk we esasly eýeleýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmegi biziň diplomatlarymyzdan hünärini we bilimini yzygiderli ýokarlandyrmagy, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki möhüm maksatlaryna hem-de ileri tutulýan ugurlaryna aýdyň düşünmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20172023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekip, bu resminamanyň Bitarap döwletimiziň orta möhlet üçin halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändigini belledi. Şeýle hem onda dünýä we sebit ösüşiniň täze meýilleri hem-de ýagdaýlary beýan edilýär. Jogapkär döwlet hökmünde biz bu meýiller we ýagdaýlar bilen bagly zerur çäreleri görmelidiris. Öz alyp barýan ugrumyzy hem-de çemeleşmelerimizi aýdyň beýan etmelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20172023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary syýasatymyzyň ýakyn ýyllar üçin esasy wezipelerini kesgitledi.
Şol wezipeleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden we köptaraply hyzmatdaşlyk etmek wezipesi bar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanan we ykrar edilen Türkmenistan minnetdar bolup, bu guramanyň öňünde aýratyn jogapkärçilik çekýär, oňa halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işinde doly ýardam bermäge çalyşýar diýip, döwlet Baştutanymyzy aýtdy.
Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklardan goranmak ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy wajyp wezipe bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ekologiýa we suw diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzyň 20162019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, bu ugurda degişli Konsepsiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, bu işe anyk häsiýet bermek we ony ahyrky netijeleri gazanmaga gönükdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýanyň kabul eden Rezolýusiýalarynyň düzgünlerini anyk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidiris, energetika howpsuzlygy babatda we durnukly energetika ulgamynda guramanyň köptaraply halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenleriň işlemegi üçin amatly şertleri döretmelidiris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmegi kabul edip alýar. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde duran işleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de many-mazmunly geçirmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamy agzaldy. Ulag geçelgelerini döretmek, Merkezi Aziýany kontinent ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlarynyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň, Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň kabul edilen jemleýji resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Beýleki halkara we sebit guramalary — Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki işini öz bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy kadalaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen arkalaşykly işlemek babatda hem pikirini beýan etdi.
Ýakyn goňşularymyz bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmaga, maýa goýumlaryny giňden çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň mazmuny kesgitledi.
Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde, bize Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri  Gyrgyzystan hem-de Täjigistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýmak başartdy. Biz sebitde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkideris, söwda, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bereris diýip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Owganystanda ýagdaýyň syýasy taýdan düzgünleşdirilmegi we onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi ugrunda çykyş edýän ýurdumyz tarapyndan bu ýurda nähili üns berilýändigini aýratyn belledi.
Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugurlaryna degişli edildi. Bu babatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzi bilen bagly birnäçe esasy meseleler, şol sanda onuň hukuk ýagdaýyna çemeleşmeleri ylalaşmak boýunça düýpli öňegidişlikleri belledi. Türkmenistanyň öňe süren we ähli gatnaşyjy döwletleriň makullan, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi. Ýurdumyz Hazar deňzinde söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalaryň üstünde işlemek baradaky başlangyç bilen hem çykyş etdi.
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen bazaryna barha uly gyzyklanma bildirýän Russiýanyň sebitleri bilen ýurdumyzyň göni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini belledi.
Biz Zakawkazýe döwletleri, Ukraina, Belarus Respublikasy, Moldowa bilen gatnaşyklary giňeltmegi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda bu döwletler bilen hyzmatdaşlyk edilmeginiň uly mümkinçiliklerini belledi.
Hytaý Halk Respublikasy bilen ýurdumyzy ysnyşykly dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Daşary syýasatymyzyň gündogar ugrunda biz Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň beýleki döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy hem pugtalandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de soňky ýyllarda Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini belledi. Bu duşuşyklar hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň özara gyzyklanýandygyny, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny doly tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa ýurtlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak, täze wehimlere we howplara garşy göreşmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky meseleleri mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmekde ilkinji orna çykardy.
Döwlet Baştutanymyz Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň hem düýpli öwrenilmeginiň zerurdygyna, Afrika Birleşigi bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz tarapyndan halkara maliýe-ykdysady düzümler– Bütindünýä banky, Halkara Pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berildi. Bütindünýä Söwda guramasyna girmegiň hem geljeginiň öwrenilmegi dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini parahatçylygyň, adamlaryň özara düşünişmeginiň we ýakynlaşmagynyň örän möhüm usuly diýip atlandyrdy. Türkmenistan medeni taýdan giňden alyşmak, döredijilik wekilleri bilen gatnaşyk etmek üçin açykdyr. Ýurdumyzda her ýyl halkara bäsleşikleri we festiwallar geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli halklaryň we dinleriň wekilleriniň arasynda birek-birege hoşniýetli garamak, dostlaşmak, özara hormatlamak hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünde durup geçdi. Munuň özi Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň ýurdumyza bildiren uly ynamydyr. Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň, dünýä olimpiýa hereketine, sporty we sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge goşan goşandynyň ykrar edilmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ýurdumyzyň taryhynda örän möhüm bolan bu halkara çärä görülýän taýýarlygy beýan etmek boýunça işleri güýçlendirmek, şu meselede halkymyzyň açyklygyna, özboluşlylygyna, beýleki medeniýetlere hormat goýýandygyna we myhmansöýerlige aýratyn ähmiýet bermek babatda görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine Konsepsiýany durmuşa geçirmek, bu resminamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleri üpjün etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna öz halkara işleriniň gündelik hem-de geljek üçin meýilnamalary düzülende, şu resminama esaslanmak tabşyryldy.
Biziň daşary syýasatymyz, haýsy ugurda amala aşyrylsa-da, hemişe sazlaşykly we oýlanyşykly alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyzy nygtady. Bir maksada – Türkmenistanyň içerki ösüşi üçin amatly halkara şertlerini döretmäge gönükdirilmelidir. Dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam bermelidir. Ygrarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde onuň abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.
Soňra milli Liderimiz häzirki mejlisiň uly umumymilli baýramyň –Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda geçirilýändigini belläp, bu ýere ýygnananlary bu ajaýyp dabara bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk we bagtyýar durmuş, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynyň baýramynyň dynç gününe gabat gelýändigi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky» Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu gün “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň hem geçiriljekdigini belledi we forumyň netijeli işlemegini arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder