Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady, olary ýolda atly esgerler topary çalyşýar. Atly esgerleriň ellerinde-Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandarty bar.
Esasy girelgede Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüşe taýýar bolup nyzama düzüldiler.
Prezidentiň ulagy Galkynyş meýdançasynyň daşyndan aýlanýar, Ýaragly Güýçleriň harby orkestriniň sazy ýaňlanýar we harby gullukçylar ýedi mertebe „Ura“ diýşip, döwlet baştutanyny mübärekleýärler.
Hormat garawulynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär.
Türkmenistanyň Döwlet gimni ýaňlanýar we top atylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli görnüşlerine wekilçilik edýän esgerler Türkmenistanyň Döwlet Kasamyny ýerine ýetirýärler.
Soňra dabaraly harby ýörüş geçirildi. Watan goragçylarynyň toparlary-serkerdeler we motoatyjylar, harby uçarmanlar we deňizçiler, ýörüte ähmiýetli, raýat goranyşy we halas ediş goşunlarynyň, şeýle hem Içer işler ministrliginiň Institutynyň we Milli howpsuzlyk institutynyň talyplarynyň toparlary döwlet baştutanynyň öňünden aýak düzüp, dürs nyzamly, ussat başarnyklaryny we sünnälenen ussatlygyny görkezip geçip gidýärler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýörüşi kabul edensoň döwlet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetirmäge girişmek üçin „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder