Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk hem täze üstünlikler gazanjakdygyna ynanýaryn.Men Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de biziň şahsy dostlugymyzyň sarpasyny belent tutýaryn. Siziň bilen birlikde iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbitlerine ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýar, diýlip Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gutlagynda aýdylýar.
Saýlawlaryň netijeleri halkyňyzyň Size bolan ynamyny hem-de demokratik ýoldaky erk-islegini ýene bir gezek tassyklady. Geljek ýyllarda hem iki doganlyk ýurt—Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistanyň Siziň parasatly we öňden görüjilikli baştutanlygyňyzda abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gadam urjakdygyna berk ynanýaryn, – diýip Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gutlagynda belleýar.
Siziň Alyhezretiňiziň bu ýokary döwlet wezipesine üçünji gezek saýlanmagy Türkmenistanyň dostlukly halky tarapyndan Siziň maksatnamalaryňyzyň goldanylýandygyna şaýatlyk edýäris. Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident, Siziň baştutanlyk edýän döwrüňizde Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry açyldy. Owganstanyň we Türkmenistanyň maksatnamalary hem-de sebitleýin taslamalary amala aşyrmakda bilelikdäki tagallalary biziň ýurtlarymyzyň arasynda sebitiň ösdürilmegi hem-de abadançylygy babatynda goşulyşmagyň we garaýyşlaryň umumylygynyň alamatydyr.
Owganystanyň geljekde-de bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine Sizi ynandyrýaryn, biziň doganlyk ýurtdarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygymyzy beýan edýärin, diýip Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz gutlagynda nygtaýar.
Owganystanyň geljekde-de bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine Sizi ynandyrýaryn, biziň doganlyk ýurtdarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygymyzy beýan edýärin, diýip Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz gutlagynda nygtaýar.
Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn. Saýlawlaryň netijeleriniň Türkmenistanyň halky tarapyndan Siziň raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanydyrydmagya hem-de ýurduňyzyň halkara derejesinde abraýynyň artydyrylmagyna gönükdirilen syýasatyňyza ýokary ynam bildirýändiginiň we goldanylýandygynyň subutnamasy diýip hasap edýärin. Gazagystanda Siziň türkmen jemgýyetini jebisleşdirmek işine goşan ägirt uly goşandyňyza, şeýle hem ýurdy syýasy we ykdysady ösüş ýoly bilen öňe alyp barýandygyňyza ýokary baha berilýär. Mümkinçiliklen peýdalanyp, Sizi ýakyn wagtda sapar bilen Gazagystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrýaryn, diýlip Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gutlagynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidentligine ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň. Bu saýlawlaryň netijeleri Siziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň abadan durmuşyny, batly depginler bilen gülläp ösüşini, ýurduň hemmetaraplaýyn oýlanyşykly daşary syýasy ugruny üpjün etmäge gönükdirilen, netijeli jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň türkmen halky tarapyndan doly goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Biz Özbegistanda Siziň paýhasly syýasatyňyz we tagallalaryňyz netijesinde özbek halky üçin duldegşir we ygtybarly goňşy bolan doganlyk Türkmenistanyň durmuşyň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Biz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri peýdalanmaga gyzyklanma bildirýäris, diýlip Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gutlagynda bellenilýär.
Siziň bu jogapkärli döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň ýolbaşçylygyňyzda durmuşa geçirilýän ýurduň yzygiderli gülläp ösmegine we halkyň abadançylygyna gönükdirilen ugra halkyň ýokary ynamynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Siziň Prezidentligiňiziň täze döwründe Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem iki döwletiň we onuň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn, diýip Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon öz gutlagynda belleýär.
Bu gün Türkmenistanyň halky özüniň Size we döwletiň döredijilikli syýasy we durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak üçin saýlap alan ugruňyza bolan uly ynamyny ýene-de tassyklady. Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem biziň halklarymyzyň bähbitlerine güýçli depginlerde ösdüriljekdigine ynanýaryn, diýlip Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň gutlagynda bellenilýär.
Saýlawlarda Siziň gazanan ýeňişiňiz siziň halkyňyzyň Size ynamyny hem-de Siziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyňyzyň aýdyň subutnamasyny alamatlandyrýar. Biziň geljekde hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzy yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we dostlukly Türkmenistanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw edýärin, diýlip Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň gutlagynda aýdylýar.
Saýlawlara ýokary işjeňlikde gatnaşan raýatlaryň agzybirligi halkyň durnuklylygy we Türkmenistanyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösüşi üçin ses bermegi bilen şertlendirilendir. Siziň syýasy we döwlet işgäri hökmünde baý tejribäňizi göz öňünde tutmak bilen, Siziň ýolbaşçylygyňyzda ählumumy we sebit boýunça ykdysady wehimleriň bu ýeňil bolmadyk döwründe Türkmenistanyň täze belent sepgitlere we ösüşlere eýe boljakdygyna ynam bildirýärin, diýlip Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň gutlagynda nygtalýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder