19 Şubat 2017 Pazar

Bitaraplyk we Parahatçylyk Döredijilik Türkmen Diplomatiýasynyň Esasy Ugrudyr

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine—şu gün bellenilip geçilýän Diplomatik işgärleriniň gününe hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.
Foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary çagyryldy.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlag hatyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistanyň şu günler özüniň kuwwatly ösüş ýolunyň täze taryhy tapgyryna gadam basandygyny, geçen döwürlerde we häzirki zaman şertlerinde toplanan baý tejribäniň geljege tarap öňe gitmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň daşary syýasatda tagallalaryny halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna gönükdirjekdigini belledi. Ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak, şeýle hem ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlyk üns merkezinde saklanar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, 12-nji fewralda geçirilen Prezident saýlawlarynyň bu köpugurly syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň, şeýle hem milli Liderimize uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler. Bu saýlawlar türkmen halkynyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2009-njy ýylyň fewralynda döredilen ýurdumyzyň diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň ähmiýetini belläp, diplomatik gullugyň işine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirdiler. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde diplomatik gulluga möhüm orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň bildiren ynamy türkmen diplomatlaryny eziz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkara giňişliginde onuň bähbitlerini ygtybarly üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge ruhlandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň parahatçylyk ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini hem-de maksatlaryny, diplomatik korpusyň öňünde durýan anyk ugurlary we wezipeleri kesgitledi.
Çykyşlarda 1995-nji ýylyň dekabrynda gazanylan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň özeni, onuň mizemez daýanjy bolup durýandygy bellenildi. Bu dereje BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi hem-de tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanyldy. Bu hormatly derejä eýe bolunmagy bilen, özygtyýarly Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrmak we pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Türkmenistan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmegi özüniň daşary syýasat taglymatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda golaýda kabul eden Kararnamasy dünýäde durnuklylygy üpjün etmekde Bitaraplygyň möhüm ornunyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijilik häsiýetiniň we onuň esasyny düzýän ýörelgeleriň döwletimiziň köpugurly diplomatiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary işjeň ýola goýýar. Häzirki günde Türkmenistan dünýäniň 142 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar hem-de abraýly halkara guramalaryň 44-siniň agzasy bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýlekiler bilen köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary we konwensiýalary ýerine ýetirmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna doly eýerýär we şunda ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyndan netijeli peýdalanýar.
Döwletimiz özüni BMG-niň jogapkärli we uzakmöhletli hyzmatdaşydygyny görkezip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda täjigara we owganara gapma-garşylyklaryny syýasy ýol bilen çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi hem-de türkmen paýtagtynda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Merkezi Aziýa sebitinde ýurdumyzyň abraýynyň barha belende galmagyna ýardam edýär, döwletimiziň bu uly giňişlikde durnuklaşdyryjy ornuny has-da berkidýär, parahatçylygy hem-de ýokary adalatlylyk ýörelgelerini berkarar etmekde ýurdumyzyň pikirdeşleriniň barha artmagyny üpjün edýär.
Milletler bileleşigi Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny, onuň sebitde durnuklylygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça görýän anyk çärelerini doly goldaýar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini hem goramaga çalyşýar. Şu babatda döwletimiz dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygyň bitewi ulgamyny döretmek baradaky tagallalaryny goldaýar hem-de ählumumy ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça herekete işjeň goşulyp, bu işe saldamly goşant goşýar. Mundan başga-da, ýurdumyz suw-energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini sazlaşykly çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanyň ädýän ädimleri, öňe sürýän möhüm hem-de derwaýys başlangyçlary, şol sanda energetika, ulag we suw diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary soňky ýyllaryň dowamynda dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar. Daşary ýurtly diplomatlaryň çykyşlary hem muňa şaýatlyk edýär.
Daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de abraýly guramalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynda toplan oňyn tejribesini belläp, bu tejribäniň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň bähbidine bitaraplyk derejesiniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de halkara giňişlikde özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk üçin giň sepgitleri açýan Bitaraplygyň tejribesini düýpli öwrenmegiň we dünýä ýaýmagyň wajypdygyny bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Daşary işler ministrliginiň işgärleri hem-de daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar döwlet Baştutanymyza diplomatik gullugy mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde bilimini, güýç-gaýratyny hem-de tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalary, şeýle hem V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet hem-de Sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan institutyň zalynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisi foruma öwüşgin çaýdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder