18 Şubat 2017 Cumartesi

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy we Aziada-2017-niň Nyşany Ýurdumyzyň Iň Belent Nokadynda!

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasy özüniň maksadyna ýetdi: eziz Watanymyzyň baýdagy hem-de Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerişine galdyryldy.
Sport –watançylyk çäresine gatnaşyjylar üçin bu pursat örän tolgundyryjy boldy. Deňiz derejesinden 3139 metr belentlik hakykatdan hem haýran galdyrýar!
Şondan ýokarda diňe asman bar, aşakda bolsa ümre gaplanyp duran garly gerişler zordan görünýär. Güýçli şemal bulutlary aňsatlyk bilen ýerinden gozgaýar, ellerinde milli baýdagy hem-de Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň şekili beýan edilen baýdagy berk saklap duran daga dyrmaşyjylary ýykmaga synanyşýar. Dagyň iň belent nokadynda ýaýbaňlandyrylan baýdaklar açyk deňze – täze sepgitlere, açyşlara hem-de beýik maksatlara tarap ýüzüşe ugran gäminiň ýokarsyndaky ýelkenler kimin pasyrdaýar…
Hut şu pursatlarda paýtagtymyzda ähli halk tarapyndan saýlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmek dabarasy geçip durdy. Döwlet Baştutanymyz wezipesine girişip, kasamy aýdan mahaly, Watanymyzyň tugy ýurdumyzyň iň beýik tebigy “baýdak sütüninde” – Aýrybaba gerşinde parlaýardy. Onuň bilen birlikde, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly ösýän Watanymyzyň keşbi hökmünde ahalteke bedewi – Aziada-2017-niň şekili belende galdyryldy.
Türkmenistanyň we öňümizdäki Oýunlaryň bu nyşanlary ekspedisiýanyň agzalary bilen bilelikde garyň, ümrüň we şemalyň içi bilen ýeňil bolmadyk ýoly geçdi. Çärä gatnaşyjylara, olaryň hatarynda TDH-niň habarçysyna mundan ozal hem Aýrybaba gerşinde bolup görmek miýesser edipdi, ýöne şu gezekki daga çykmak çäresi aýratyn, ýatdan çykmajak häsiýete eýe boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, ekspedisiýanyň Döwlet baýdagynyň gününe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna, ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanmagyna bagyşlanan wezipesi bilen baglanyşykly boldy.
Taslamanyň pikiri, many-mazmuny ruhy we beden taýdan sagdynlygyň başlangyçlaryny, sport güýç-kuwwatyny hem-de raýatlyk borjy, erk-islegi we joşgun-zehini, maksatlaryň batyrgaýlygyny we öňde goýlan maksada ýetmekde tutanýerliligi birleşdirýär. Özüniň şu maksady bilen bu çäre işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe hereketini hem-de dünýäniň 62 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek şeýle iri ýaryşlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Aşgabat Aziadasynyň Türkmenistan üçin dünýäniň sport giňişliginiň täze belentligine çykmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolşy ýaly, Aýrybaba hem dünýäniň dag gerişlerini boýun egdirmegiň ajaýyp mekdebi, biziň alpinistleri üçin Ýewraziýa kontinentiniň Kawkazdaky, Týan-Şandaky, Pamirdäkimiz meşhur gerişlere özboluşly ýollanma bolup hyzmat eder.
… Aýrybabanyň iň ýokarky gatynda gyşyna içiňden geçip barýan güýçli ýel turýar, howa duýdansyz üýtgäp durýar, howa ýagdaýlaryndan başga-da, bu ýerleriň topografiki täsinlikleri hem az däldir. Şoňa görä-de, bu ýoly geçmek ykjam taýýarlygy talap edýär, daga dyrmaşyjylaryň geýim-esbaplaryna bildirilýän talap hem örän ýokarydyr. Toparda düzgün-nyzam, diňe bir özüň üçin däl, eýsem, ýanyňda barýan ýoldaşyň üçin hem jogapkärçilik bolsa şondan pes däldir.
Her günde, her sagatda alpinistler kähalatda biliňe ýetýän garly meýdandan ýöremeli bolýarlar, şunda bedeniň doňmagynyň we şol bir wagtyň özünde günüň şöhlesine ýanmagyň öňüni almak üçin lybaslaryň we esbaplaryň ýagdaýyna hemişe üns bermek zerur bolup durýar. Galyň gardan we typançak gerişlerden geçmegiň tehniki endiklerini ele almak wajypdyr.
Biziň ekspedisiýamyzyň taýýarlygyna we esbaplaryna şübhelenmese bolýardy—bu babatda ähli zatlar ýokary derejede taýýar edildi. Biziň habarçymyzyň daga çykmak babatdaky tejribesi hem artdy, çünki, onuň ýoldaşlary Týan-Şanda hem-de Gimalaýlarda 6-7 müň metr belentlikleri boýun egdiren alpinistlerdi.
— Ykbal dünýäniň beýleki dag ulgamlarynyň has belent nokatlaryna laýyk gelýän şertlerde güýjüňi synap görmek babatda ajaýyp mümkinçilik döretdi – diýip, habarçymyz gürrüň berýär. – Türkmenistanyň belent dag gerişleri täsin gözelligi bilen özüne çekýär. Tomsuna bu ýerde diňe pes boýly itburun ösümligi we alp otlary ösýär, gyşyna bolsa şolara-da duş gelmersiň. Diňe garyň galyň gatlaklary duş gelýär, olaryň üstüne bolsa dik gerişler abanyp dur. Dagyň depesine barýan ýolda bizi güýçli şemal garşylady. Typyp ýykylmazlyk hem-de gar çukuryna gaçmazlyk üçin her bir basçak ädimiňi ölçemeli bolýardy.
Aýrybabanyň iň belent nokadyndan bulutlaryň arasyndan Demirgazyk belentlik sýgarylýar, onuň beýikligi 100 metr pesdir. Iki belentligi ägirt uly gäminiň burny bilen böwsülen ýaly uly oý bölýär. Bu iki belentligiň arasynda Köýtendag belentliginde iň uly dere başlanýar. Ol Daraýydere ýa-da “Jülgeleriň jülgesi” diýlip atlandyrylýar. Köýtendag diýmek hem “Çuňňur dereleriň daglary” diýmegi aňladýar. Hojapilden Gaýnarbaba çenli dag ulgamynyň tutuş dowamynda onuň gerişleri köpsanly dereleri kesýär.
Daglaryň tutuş ýylyň dowamynda çür depesinde ýygnaýan garlary soňra ençeme aýlaryň dowamynda köpsanly çeşmejikleri suwlulandyrýar. Eger-de Köýtendagda ýylda ortaça 400 millimetr ýagmyr ýagýan bolsa, bulutlara duwlanan dag belentliklerinde bu görkeziji iki esse – 800 millimetre deňdir.
Alpinizm sportuň iň özüne çekiji görnüşleriniň biridir, belentliklere çykanyňda daş-töweregi gurşap alýan gözellik kalbyňy heýjana getirýär. Bu biziň durmuşymyzyň ajaýyp pursatlarynyň biridir. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan guralan çäre üstünlikli tamamlandy.
Ýakyn geljekde türkmen Tugunyň öz ýerleşýän ýeriniň gerimini giňeldip, dünýäniň iň belli dag belentliklerinde pasyrdajakdygyna ynanmak bolar. Biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda alpinizm aýratyn ösüşe eýe boldy. Alpinizmiň gaýalara dyrmaşmak ýaly görnüşi 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiadanyň sport görnüşleriniň biri bolmagyna hödürlener. Biziň gaýa dyrmaşýan türgenlerimiziň hem bu ugurda tejribesi az däldir. Olar olipiýa medallaryny almak ugrunda ykjam taýýarlyk görerler…
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda türkmen apinistler klublary tarapyndan her ýyl geçirilýän sport türgenleşikleriniň çäklerinde Aşgabatdan we Balkanabatdan alpinistleriň nobatdaky toparlary Aýrybaba belentligine ýörişe taýýarlyk görýärler.
Biziň “Dag belentliklerine çykmak” taslamamyz bolsa şeýle özüne çekiji Köýtendaga ekologiýa syýahatçylygy hem-de ylmy-barlag gözlegleri nukdaý nazaryndan garamaga mümkinçilik berýär. Bir wagtlar bu künjekler okyjylaryň köpsanlysynda uly gyzyklanma döreden täsin makalalaryň ýazylmagy üçin esas döretdi. Olarda türkmen daglarynda ýüze çykarylan “Alybaba gowagy” adyny alan täsin gowak barada gürrüň berilýärdi.
… Bu wakalar 30 ýyldan gowrak mundan ozal, geçen asyryň 80 ýyllarynyň aýagynda bolupdy. Adamlar elden-ele geçirilip, okalyp saralan gazetleri biri-birlerine berýärdiler, okyjylar gazetiň indiki sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Şonda Köýtendaga guralan speleologlaryň ylmy ýörişi barada hasabatlar birnäçe tapgyrlarda çap edilipdi…
Eger-de taryhyň gatlagyna aralaşmaly bolsa, Köýtendagdan kerwen ýollarynyň geçendigine subutnamalary tapyp bolar, bu ýol Ýakyn Gündogardan Orta Aziýa gelýän gysga ýol bolupdyr. Bu ýerden uzak bolmadyk künjekde orta asyrlarda Bazardepe obasynda iri söwda merkezi ýerleşipdir. Bu ýere jahanyň ähli künjeklerinden – Hytaýdan we Ýewropadan, Skandinawiýa ýurtlaryndan hem-de Hyndistandan täjirler gelipdirler. Belkem, Köýtendagyň gowaklarynda şol gadymy döwürleriň medeniýetiniň subutnamalary baslygyp ýatandyr.
Zeminiň geologiýa taryhy näçe syrlary özünde gizleýärkä! Tebigatyň bu ýerdäki täsin görnüşleri müňlerçe we millionlarça ýyllaryň dowamynda döräpdir. Bir söz bilen aýdylanda, Köýtendag barlagçy – speologlar, paleontologlar, antropologlar üçin hakyky hazyna çeşmesidir, onuň gowaklary üsti açylmadyk syrlardan hem-de haýran galdyryjy açyşlardan doludyr!
Şonuň üçin hem “Dag belentliklerine çykmak” taslamasynyň ýene bir maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni bu örän baý we örän gözel künjege çekmekden ybarat bolýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň göwrümli özgertmeler syýasaty netijesinde bu künjege okgunly ösýän, senagat ösüşlerinden doldurylan täze durmuş geldi. Häzirki döwrüň gujurly depginlerinde hemişe çeşmeleriň joşguny ýaly owazy duýmak bolýar. Bu joşgun dag belentliginiň garlyklarynda döremek bilen, geljekde kuwwatly akyma öwrüler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder