Daýahatyn binagärlik ýadygärligi – Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir.
Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň-aýlawly örümleri, güberçekleri we gümmezleri bişen kerpiçden gurlupdyr.
Eglenmez wagtdyr ýagyş-ýagmyr hatda şeýle berk kirpije-de ýaramaz täsirini ýetirýär. Kerwensaraýyň mundan beýlägem dargap gitmeginiň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça milli müdirýet ABŞ-nyň ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasynyň goldamagynda abatlaýyş işleriniň birinji tapgyryny amala aşyrdy. Ejiz diwarlar, ötükler we syrçaly ýerleri konserwasiýa edildi. Galereýanyň demirgazyk-gündogar tarapyndaky howlynyň öň tarapy bölekleýin abatlaşdyryldy we esasy girelgäniň dargan ýokarky böleginiň içi-daşy dikeldildi. Orta asyrlardan galan kerpiçleriň ulanyp bolanlary ulanyldy we olaryň nusgasynda täze kerpiçler taýarlanyldy. Taslamanyň başlangyç tapgyryny taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammet Mämmedowyň ýolbaşçylgynda aşgabatly binagärler Derkar Dowletow, Ruslan Myradow, Maksatmyrat Amanow we lebaply abatlaýjy ussalar Rahmanguly Ýazhanow bilen Halykberdi Annaguluýew dagy ýerine ýetirdiler.
Kerwensaraýdan öň bu ýerde IX asyryň başynda dörtgyraň gala (arapça-rabat) gurlupdyr. Şu kysmy harby galalar Merkezi Aziýanyň alys sebitlerindäki musulman dünýäsiniň çäklerini goramaga niýetlenipdir. Şol döwürde Tahyr ibn Hüseýn Arap Halyfatynyň Horasandaky emiri eken.Galanyň ilkinji adyny irki yslamyň taryhynda belli yz galdyran şu şahsyýetiň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Tahyriýa rabatynyň umumy sudury biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Seljuklar eýýamynda- XI-XII asyrlarda ol Amuldan (häzirki Türkmenabatdan) Horezme barýan ýolda gurlan kerwensaraýa öwrülipdir. Orta asyr ussalary bişen kerpiji bezeg materialy hökmünde diwarlary nepis bezemekde ulanypdyrlar, şeýle hem bu ýerde minaralaryň yzy hem saklamyp galypdyr. Ýadygärlikde geçirilen barlaglara gatnaşan belli taryhçy Galina Pugaçenkowa: „Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky halkara ykdysady gatnaşyklaryň çäginiň giňemegi kerwensaraýlaryň we bazarlaryň barha köp gurulmagyna geitirpdir. Bu giň meýdanly binalar kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar, binagärlik taýdan kämil. Daýhatyn kerwensaraýy içerki we daşarky kerpiç bezeglerine baýlygy bilen haýran edýär“-diýip belleýär.
Kerwensaraýa golaýlaşdygyňça Daýahatynyň kaşaň girelgesi we biziň günlerimize çenli saklanmadyk toýun diwarlaryň bölekleri bile gurşalyp duran beýleki binalary göze ilýär. Gadymy kerwensaraýyň 112х125 meýdany hem haýran galdyrýar.
Onuň dörtgyraň içerki howlusynyň girelgesinde simmetriki bezemen pannolaryň üçüsi belent arkany töwerekleýär. Olarda kerpiç bilen“Allahu ekbar“ diýen ýazgy hem-de Pygamberimiz Myhammet aleýhiessalamyň we dört çaryýarlar: Ebabekiriň, Omaryň, Osmanyň we Alynyň atlary ýazylypdyr.
Kerwensaraýyň girelgesi Amyderýa golaý demirgazyk tarapdan goýlupdyr. Şeýtmek bilen ussalar ony gyzgyn çägeli şemaldan gorap, ötegçiler üçin ýakymly howanyň bolmagynyň aladasyny edipdirer. Depesi gümmezli dürli ölçegdäki otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolupdyr. Kaşaň bezelen myhman jaýlary-da bolupdyr, bu bolsa Daýahatynyň diňe bir täjirleriň dynç almagy üçin däl, eýsem öz mülküne seýil-seýrana çykan ýokary wezipeli emirleriň saklanan ýeri hem bolandygyna şaýatlyk edýär.
Gapylaryň bolmazlygy we gapdalky otaglara inçejik ötükleriň bolmagy kerwensaraýyň diňe tomus günleri şu ,aksat üçin ulanylandygyny görkezýär. Binanyň tutuş perimetrinde howa tämizleýjiler bar. Gadymy „myhmanhananyň“ eýeleri ambarlar we kömekçi jaýlaryň hem aladasyny edipdirler,ýük daşaýan haýwanlar we olaryň iými üçin ýerler kerwensaraýyň daşynda iki girelgeli giňiş ýerde ýerleşipdir. Uçardan düşürülen suratlar esasynda döredilen Daýahatynyň nusgasy bu orta asyr ýadygärliginiň her bir böleginiň oýlanşykly gurlanlygy we kämilligini görkezýär.
«Daýahatyn kerwensaraýynyň binagärligi kämilligiň nusgasy bolup, onda gurluşynyň maksada laýyklygy, çeperçilik kämilligi we funksional degerliligi aýrylmaz bütewilikde jemlenipdir» – diýip Galina Pugaçenkowa nygtaýar.
Türkmen restawratorlary orta asyr ”myhmanhanasyny“ täze keşbe saldylar, abatlaýyş işleriniň başlangyç tapgyry tamamlanandan soň ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenen Dýahatyn kerwensaraýyny saklap galmak boýunça indiki işleriň tapgyry kesgitleniler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder