Muzeýiň Taryhy merkezi bölegindäki baýramçylyk sergisi milli tuguň kemala gelşinden gürrüň berýän maglumatlar bilen açylýar. Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň dowlet nyşanlary bolan baýdagyň we tugranyň gapdalynda Oguz türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň,, Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriniň, Mamlýuklar türkmenleriniň, Könürgenç türkmenleriniň, we Osmanly türkmenleriň, Gaznaly türkmenleriniň, Sefewidler türkmenleriniň we dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran beýleki türkmen döwletleriniň tuglary şekillendirilýän diwarlyk bar.
Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneleri beýan edýän suratlar sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde tanymal nakgaşlaryň eserleri, ajaýyp milli halylar we gobolenler hem görkezilýär. Çeper elli türkmen zenanlarynyň yhlasyndan dörän dünýä kartasy we döwletleriň ählisiniň baýdaklary şekillendirilip elde dokalan mata göreni haýran edýär. Paýtagtymyzyň gözel ýerleri, taryhy-medeni ýadygärlikler, dogduk diýaryň ajap tebigaty şekillendirilen haly önümleri-de ünsüňi özüne baglaýar.
Baýramçylyk sergisiniň bir bölegi dutardyr gyjak, deprek ýaly XVIII-XIX asyr ussatlarynyň elinden çykan milli saz gurallary bilen tanyşdyrýar.
Bu ýerde goýlan zatlaryň aglaba bölegi muzeýiň gymmatlyklar saklanýan gaznasyndan alyndy. Olaryň arasynda zergärçilik önümleridir sowgatlyklar-da bar. Bilur ritonlardyr güldanlar, enaýy nagyşly kümüş mejimeler; altyn çaýylyp kümüşden ýasalan, firuza, ýaşma we sirkoniý ýaly daşlar bilen bezelen aşagy enjamly sagatlar; ahal-teke bedewlriniň şekili ýerleşdirilen heýkeller toplumlary goýlupdyr. Kompozisiýalaryň köpüsine Zemin we gözbaşyny Oguzhan türkmenden alyp gaýdýan Türkmen döwletiniň ýaşyl tugy bezeg berýär.
Baýramçylyk sergisinde uly möçberli sport çäresi bolan Aziada-2017 hem öz beýanyny tapypdyr. Uly möçberli üstünliklere ymtylyşy görkezýän serge bilen tanşanyňda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda türkmen baýdagynyň ýurdumyzyň sport ýeňişleriniň nyşany boljakdygyna ynanýarsyň.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder