Sapporoda geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi saklaýar.
Ýygyndy toparymyzyň iň ýaş oýunçysy, “Oguzhan” toparynyň 18 ýaşly hüjümçisi Baýmyrat Baýmyradow has köp gezek tapawutlanyp, dört hokkeý topuny geçirdi. Ezizmuhammet Akmuhammedow üç gezek we Ahmet Gurbanow iki gezek tapawutlandy. Ähli urgulary gaýtarmagy başaran derweziçilerimiz Kerimli Çaryýewiň we Rahman Myradowyň ussatlygyny aýratyn bellemeli.
Indi toparymyza finala ýetmek üçin ýene bir ýeňiş zerurdyr, 24-nji fewralda Indoneziýanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmak bilen türkmen türgenleri finalda oýnamaga hukuk gazanyp bilerler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder