24 Şubat 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Rejep Bazarow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edip bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenildi.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder