Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudak edaralary we beýleki döwlet edaralary we guramalary Milli strategiýalar we maksatnamalar taýýarlananda, halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça geljek üçin we gündelik meýilnamalar hem-de çözgütler düzülende Konsepsiýanyň düzgünlerini goldanmaga borçly edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder