2 Şubat 2017 Perşembe

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerinde Şöhlelendirmek

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň ýurdumyzyň durmuşynda ily taryhy wakalaryň döwrüne öwrüljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýedigini kesgitledi.
– Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçilik döredilmeginiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň saýlawlaryna ilkinji gezek üç partiýanyň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşjakdygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzda köppartiýalylyk ulgamynyň döredilmegi we şunuň netijesinde saýlawlaryň öňýanyndaky bäsleşigiň güýçlendirilmegi döwletimizi hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek 2016-njy ýylyň 14-nji dekabryndan 2017-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli geçirildi. Syýasy partiýalar Kanunda bellenilen möhletlerde konferensiýalary geçirdiler we olarda Prezidentiň wezipesine dalaşgärler hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende, ol saýlawçylaryň azyndan on müňüsiniň goly bilen goldanylmalydyr. Teklipçi toparyň düzümi Türkmenistanyň saýlaw hukugy bolan raýatlarynyň ellisinden az bolmaly däldir. Teklipçi toparlaryň altysy Kanun tarapyndan bellenilen möhletde ýurdumyzyň Prezidentiniň wezipesine öz dalaşgärleriniň goldawyna zerur bolan gollaryň sanyny ýygnamagy başardy.
Merkezi saýlaw topary syýasy partiýalar hem-de teklipçi toparlar tarapyndan hödürlenen resminamalara garap, 2016-njy ýylyň 24-nji, 25-nji we 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri bellige aldylar. Olar:
Annanepesow Maksat Kowusowiç – Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary (Aşgabat şäheriniň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Annaýew Jumanazar – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary (Mary welaýatynyň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Atalyýew Bekmyrat Sähetmyradowiç – “Rysgal” paýdarlar – täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty (Senagatçylar we telekeçiler partiýsy tarapyndan);
Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiç – Türkmenistanyň häzirki Prezidenti (Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan);
Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiç – Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty (Lebap welaýatynyň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary (Daşoguz welaýatynyň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Jelilow Serdar Begmuhamedowiç – Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy (Ahal welaýatynyň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Nurnepesow Süleýmannepes Oraznepesowiç – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory (Balkan welaýatynyň raýatlar teklipçi topary tarapyndan);
Orazow Durdygylyç – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy (Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan).
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgärler erkin we deňhukuklylyk esasynda hödürlenildi, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäresi bolsa milli kanunçylygyň talaplary berk berjaý edilip, açyk häsiýete eýe boldy.
2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyny hem bellige almak tamamlandy.
Saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz işleri hem-de saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek dalaşgärleri bellige almak pursatyndan başlanyp, 2017-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlara erkin wagyz işlerini geçirmek üpjün edilýär. Dalaşgärleriň, teklipçi toparlaryň deň derejede köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden tölegsiz peýdalanyp bilmegi kepillendirilýär.
Dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny düşündirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary ýokary döwlet wezipesine dadalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň, ýygnaklaryň tertibini tassyklady. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda esasan geçirildi.
1-nji fewrala çenli eýýäm dalaşgärleriň saýlawçylar bilen göz öňünde tutulan 48 duşuşygynyň 42-si geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň milli telewideniýede çywkyşlary dowam edýär.
Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesow; Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew; “Rysgal” paýdarlar – täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty B.Atalyýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty R.Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary M.Gurbanow ähli welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlawçylary bilen duşuşyklaryny geçirip boldular.
Şu gün, 2-nji fewralda Aşgabatda Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilow, 3-nji fewralda Maryda hem-de 4-nji fewralda Aşgabatda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory S.Nurnepesow, 3-nji fewralda Türkmenabatda, 6-njy fewralda Maryda, 7-nji fewralda Aşgabatda Agrar partiýanyyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow bilen duşuşyklar geçiriler.
Häzirki wagtda milli telewideniýede çykyşlaryň ikinji tapgyry dowam edýär. Şu gün bolsa öňünden ses bermek başlanýar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň web-saýtynda kabul edilen çözgütler baradaky habarlar, düzgünler we gollanmalar, saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly täzelikler çaltlyk bilen ýerleşdirildi.
Tele we radio ýaýlymlarda öňümizdäki saýlawlar barada maglumatlar yzygiderli berildi. Şeýle hem telewidenie arkaly ses bermegiň, öňünden ses bermegiň, saýlaw býulletenlerini doldurmagyň tertibini düşündirýän wideoşekiller görkezilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgärlere deň şertlerde tölegsiz “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda 370 minutdan efir wagty; türkmen, iňlis, rus, arap, pars, hytaý we fransuz dillerinde gepleşikleri berýän “Türkmenistan” teleýaýlymynda 120 minutdan efir wagty; “Watan” radioýaýlymynda 60 minutdan efir wagty; “Çar tarapdan” radioýaýlymynda 15 minutdan efir wagty; “Owaz” radioýaýlymynda türkmen, iňlis, rus dillerinde 30 minutdan efir wagty berildi.
Metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, merkezi gazetlerde degişli materiallar türkmen dilinde (“Türkmenistan” gazeti) hem-de rus dilende (“Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti) yzygiderli çap edildi.
Şeýle hem esasy milli internet – serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar, hususan-da, Döwlet habar agentliginiň (TDH) hem-de “Türkmenistan: Altyn asyr” web-saýtlarynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentligine geçirilýän saýlawlara bagyşlanan ýörite umumy sözbaşylar döredildi, olarda dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary hem-de saýlaw möwüminiň barşy baradaky maglumatlar türkmen, iňlis we rus dillerinde dessin ýerleşdirilýär.
Makalalar we habarlar döwürleýin neşirlerde – “Watan” hem-de “Nesil” gazetlerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” gazetinde, “Ahal durmuşy”, “Balkan”, “Daşoguz habarlary”, “Türkmen gündogary”, “Maru-şahu jahan” welaýat gazetlerinde hem çap edilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşleri dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky işini şöhlelendirmek boýunça deň şertleri üpjün etdiler. Dalaşgärler özleriniň ynanylan adamlary bilen saýlawçylaryň arasynda işjeň iş alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna çenli 10 gün galdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder