1 Şubat 2017 Çarşamba

Mary Şäherinde Durmuş Ähmiýetli Täze Binanyň Düýbi Tutuldy

Mary welaýatynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen täze dört gatly ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutumak dabarasy boldy.
Köp öýli täze jaýy şäheriň günorta-günbatar künjeginde ýerli gurluşyk firmalary bina ederler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaý gurmak baradaky başlangyjy boýunça badalga berlen maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar.
Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň Başlygy we deputatlar, welaýatyň hem-de şäheriň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk äheňinde bezelen sport mekdebiniň ýanynda täze jaýyň
ýerleşjek ýeriniň golaýynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň barşynda welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda türkmen halkyny täze belentliklere, uly üstünliklere alyp barýan Arkadagy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Sport mekdepleriniň türgenleri görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny beýan etdiler.
Aýdym-sazyň we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze binanyň demir gurnama binýadyna ilkinji beton garyndylary atyldy.
Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent, giň aşhanaly döwrebap jaýlarda göwnejaý ýaşaýyş üçin ähli şertler üpjün ediler. Onuň girelgelerinde we basgançaklarynda tutawaçlar hem-de ýeňil düşmäge niýetlenen mümkinçilikler dörediler.
Täze jaýy gurmak üçin şäheriň köp şahaly durmuş düzümi kemala gelen ýaşaýyş toplumynyň çägi saýlanyp alnypdyr. Munuň özi mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde çagalar baglary, umumy bilim berýän mekdepler, söwda toplumlary we lukmançylyk edaralary ýerleşer.
Bu ýerde gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport mekdebi sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmakda möhüm desgalaryň biri bolup durýar. Ol şu döwürde sporty söýýänler we sagdyn-durmuş ýörelgesine ygrarly adamlar üçin gelim-gidimli ýere öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlary, şol sanda mümkinçiligi çäkli bolan ynsanlary berkidýär we olarda maksada okgunly häsiýetiň kemala gelmegini şertlendirýär.
Durmuş maksatly binanyň gurluşygyna gatnaşyjylap häzirki giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna Arkadagymyzy ynandyrdylar hem-de döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder