GDA-nyň Synçylar toparynyň Ştabynyň ýolbaşçysy Ý.Sloboda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Onda häzirki döwürde geçýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toparyň agzalary Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär B.Atalyýewiň ynanylan wekilleri bilen duşuşdylar. Olar alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleri barada habar berdiler. Söhbetdeşler ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi üçin saýlawçylar bilen duşuşmaga hem-de telewideniýede çykyş etmäge deň şertleriň döredilendigini nygtadylar.
GDA-nyň synçylar toparynyň bilermenleri Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna baha berdiler. Onuň netijeleri GDA-nyň synçylar toparynyň aralyk hasabatynda beýan ediler. Olary indiki hepdäniň başynda çap etmek meýilleşdirilýär.
Toparlary döretmek işi dowam edýär. Arkalaşygyň döwletleriniň 8-sinden, GDA agza döwletleriň Parlament assambleýasyndan, Belarusuň we Russiýanyň Parlament Ýygnaklar Birleşiginden we GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetinden synçylaryň 70-den gowragyna
işlemek üçin resminamalar berildi. Olaryň hatarynda milli parlamentleriň deputatlary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary we agzalary, diplomatlar bar. Olaryň köpüsi Prezident we parlament saýlawlaryna synçylyk etmekde oňyn tejribe topladylar.
işlemek üçin resminamalar berildi. Olaryň hatarynda milli parlamentleriň deputatlary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary we agzalary, diplomatlar bar. Olaryň köpüsi Prezident we parlament saýlawlaryna synçylyk etmekde oňyn tejribe topladylar.
Ses berilýän günde toparyň agzalarynyň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde synçylyk etmegine garaşylýar.
GDA-nyň synçylar topary saýlaw möwsüminiň barşyna syn etmek işlerini dowam edýär we olaryň işi baradaky maglumat berler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder