3 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Ätiýaçlandyryş Ulgamy

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 18-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Karara gol çekdi. Döwletimiziň ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolan bu karar raýatlaryň janynyň we saglygynyň, şeýle hem ýangynlar sebäpli emläginiň goralmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has oňaýly nusgasynyň kemala getirilýän ýagdaýynda ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek üçin raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak maksadynda ýangyna garşy ätiýaçlandyrmanyň guralmagy bolsa islendik döwlet üçin möhüm mesele bolup durýar. Çünki ýangyn görülýän çärelere garamazdan, häzire çenli dünýäde giňden ýaýran betbagtçylyklaryň biri bolmagynda galýar.

Milli Liderimiziň 2011-nji ýylyň iýunyndaky kabul eden Karary bilen «Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdurmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin  döwlet maksatnamasy» we degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Maksatnamada fiziki we ýuridiki taraplaryň bähbitlerini goramagyň täsirli guralyny döretmek, bu ulgamda sazlaşygyň döwlet usullaryny kämilleşdirmek kesgitlenildi.

Göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin umumy kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk namalary işlenip düzüldi, hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalaryny hem-de düzgünlerini täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. 

2012-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen ätiýaçlandyryşy telekeçilik işiniň ugry hökmünde kesgitleýän, atiýaçlandyryş bazarynda gatnaşyklar ulgamyny kadalaşdyrýan, bu ulgamda işleriň alnyp barlyşyny döwlet tarapyndan sazlaşdyrmagyň we oňa gözegçilik etmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň bu ugra ýöriteleşen öňdebaryjy halkara düzümleri bilen bilelikde, pudaklaryň dürli howplardan goraglylygyny üpjün edýän ätiýaçlandyryş maksatnamalaryny işläp taýýarlandygyny bellemek möhümdir. 

Häzir Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýasyny özleşdirýän köpsanly iri kompaniýalar hem işleýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesi bolup durýar. Türkmen bazaryny üstünlikli özleşdirýän daşary ýurt kompaniýalary ätiýaçlandyryş goragynyň usulynyň kämilleşdirilmegine gyzyklanma bildirýärler. 

Mundan başga-da, ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işi amala aşyrylýar. Ätiýaçlandyryşyň batly depginler bilen ösmegi we ulanylýan çäkleriniň giňelmegi onuň dürli görnüşleriniň işjeň ösüşi, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmäge geçmegi, öz üstüne alan borçnamalaryny doly  hem-de wagtynda ýerine ýetirmek barada jogapkärçiliginiň ýokarlanmagy bilen bilelikde  utgaşykly alnyp barylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, ýuridiki taraplaryň emläklerine hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegi we ýetirilen zyýan üçin raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy milli ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde ädilen möhüm we netijeli ädim boldy.

Bu resminama «Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, özüni ätiýaçlandyryjynyň emläk boýunça bähbitleriniň we ýuridiki taraplaryň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinde iş alyp barýan daşary ýurt edara görnüşli  taraplaryň ýangyn sebäpli üçünji taraplara ýetiren zyýany (ýitgisi) üçin raýat-hukuk jogapkärliginiň goragyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, kesgitlenen sanawa girizilen ýuridiki taraplar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde iş alyp barýan daşary ýurt  edara görnüşli  taraplar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli degişli şertnamalary baglaşmalydyr. Bu işiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklenildi. 

Mundan başga-da, resminama bilen edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama;Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawy; Ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibi tassyklanyldy. 

Täze iş usulynyň girizilmegi binalaryň ýangyn howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň ömrüniň we saglygynyň, fiziki, ýuridiki taraplaryň we hususy telekeçileriň emläkleriniň ýangynyň ýaramaz täsirlerinden  goragyny üpjün etmäge, bu maksatlar üçin döwlet tarapyndan goýberilýän maliýe serişdeleriniň tygşytlanmagyna ýardam berer. Bu çäreTürkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara ätiýaçlandyryş bazaryna aralaşmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder