20 Mart 2016 Pazar

Türkmenistanyň Prezidenti Ählihalk Ýowaryna Gatnaşdy

Ýurdumyzyň şu güni möhüm waka—eziz Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk ýowaryna beslendi. Bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nobatdaky çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Milli Liderimiz mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine zähmet çekmegiň belent nusgasyny görkezmek bilen, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşýar.

Ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin irden köpsanly ýowara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde—il arasynda Paryzdepe diýlip tanalýan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanyna geldi.

Paryzdepäniň umumy meýdany 3,2 gektara barabardyr. Bu ýerde Nusaýdaky tapyndylara meňzeş küýze bölekleri, şeýle hem bu şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuklaryň türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen bagly bolandygyny tassyklaýan tapyndylar ýüze çykarylýar. Ol barada mälim bolan çeşmelerde we maglumatlarda IX-X asyrlara degişli bolan maglumatlar agdyklyk edýär. Emma alymlaryň pikirine görä, ýadygärligiň esasyndaky medeni gatlaklar has gadymy döwre—biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga degişlidigini görkezýär.

Paryzdepe orta asyrlarda gülläp ösen şäher bolupdyr. Tahyhçy alymlar Paryzdepäniň iri ilatly ýer hökmünde Parfiýa döwletiniň döwründe dörändigi baradaky çaklamalary hem öňe sürýärler. Has gadymy döwürlere degişli bolan kärizler köp asyrlaryň dowamynda netijeli ulanylypdyr. Guýylar we akarlar ussalar tarapyndan yzygiderli arassalanypdyr. Netijede olar uzak wagt adamlara hyzmat edipdir. 

Gadymy galalary, bir döwürler gülläp ösen şäheri, ýerasty ulgamlary bolan Paryzdepe şäheri ylmy taýdan öwrenimlmäge we arheologik taýdan barlanmaga mynasypdyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu iş degişli derejede alnyp barylmalydyr, sebäbi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabadyň häkimi, Türkmenistanda resmi  taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary mähirli garşylaýarlar. Şu ýerde asylly däbe görä, ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlar bilen bilelikde bag ekmek ýaly asylly işe ak pata berýärler. Çünki bag ekmek türkmen halkynyň asyrlarboýy sogap işi hasaplanyp gelipdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowar geçiriljek ýere gelip, ýeterlik giňligi bolan gazylan desga bilen tanyşdy. Şol ýerde ylmy nukdaýnazardan gyzykly bolan serişdeler ýüze çykaryldy. Olar türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerine degişlidir. 

Desganyň ýanynda bassyrma dikeldilipdir. Şonda Paryzdepede tapylan arheologik tapyndylar görkezildi. Oldaryň arasynda taryhy ylym üçin örän uly gymmaty bolan keramika önümleriň we beýleki tapyndylaryň bölekleri bar. Şol sanda XI-XIII asyrlar bilen senelenýän kümüş daş asyrynyň kremniý daşlary, keramika gap-gaçlar, yşyklandyryjynyň çukurlary, orta asyrlaryň ýakylan kerpiçden gapy sütünleri, naýzanyň uçlary, daşdan sünnälenen gapy sütünleri, bugdaý saklamak üçin uly göwrümli hum, soky daşy we beýlekiler bar. 

Bu tapyndylar arheologlar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň Paryzdepä ilkinji gezek baryp göreninden soň, geçen gysga döwrüň içinde ýüze çykaryldy. Görkezilen gymmatlyklaryň arasynda milli Liderimiziň bu ýerde özüniň ilkinji gezek bolan wagtynda tapan reňkli keramika böleginiň hem goýlandygy hem örän täsirlidir. Mundan başga-da, bu gadymy ýadygärligi öwrenmegiň täze taryhynda köp sanly arheologik gymmatlyklaryň başyny başlan ilkinji tapyndydyr. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki diplomatlara türkmen halkynyň taryhynyň gadymy gözbaşy barada gürrüň berdi. Şeýle hem arheologlar tarapyndan barlaglaryň barşynda Türkmenistanyň medeni ekerançylygyň watanydygy hem-de hut şu ýerde gadymy döwürlerde biziň zehinli halk seçgiçilerimiz tarapyndan bugdaýyň “Ak bugdaý” sortunyň döredilendigi tassyklanan pikirler barada gürrüň berdi. Ak bugdaýyň hormatyna Aşgabadyň eteginde adybir muzeý hem açyldy. Ýeri gelende aýtsak, Paryzdepeden uzak bolmadyk ýerlerde bizden örän uzak döwürlerde bolşy ýaly, bu ülkäniň zähmetsöýer daýhanlary tarapyndan ekilen bugdaý gögerip, ýaşyl meýdanlaryň gök öwüsýändigini bellemek gerek. Milli Liderimiz şeýle hem hut şu ýerde örän owadan, güýçli we çydamly, ýelden ýüwrük, eýesine wepaly behişdi ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. 

Milli Liderimiz Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryna ýüzlenip, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gadymy geçmişinden gyzykly pursatlary gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz biziň ata-babalarymyzyň diplomatiýa sungatyna erk edip, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek arkaly dawalaryň öňüni alyşlary hem-de dawalaşýan taraplary ylalaşdyryp bilişleri hakynda aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda bu ýere amala aşyran iş saparynyň barşynda bu taryhy ýadygärligi düýpli öwrenmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. 

Ýadygärlikde ylmy işler üç esasy ugur bilen alnyp barylýar, ýagny ugruň birinjisi, arheologiýa gözleg we gazuw-agtaryş işleri, ikinjisi, golýazmalaryň üsti bilen Paryzdepäniň we umumy sebitiň taryhy we bu ýerde ýaşan şahsyýetler bilen bagly täze maglumatlary ýüze çykarmak, üçünji ugur bolsa, etnografiýa gözlegleriniň geçirmekden ybaratdyr. 

Şu wagta çenli häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen, Paryzdepäniň topografik meýilnamasy taýýarlanyldy we arheologiýa gazuw-agtaryş işleri Paryzdepäniň gadymy şäher eteginiň demirgazyk – gündogar böleginde, ýagny hut şu durlan ýerde hem-de ýadygärligiň edil merkezinde amala aşyrylýar. 

Ýerli ýaşulularynyň aýtmaklaryna görä, birmahal bu ýerde ýerasty desga ýerleşip, häzir şu ýerde barlaglar alnyp barylýar. 

Ýüze çykarylan ýerasty desganyň diwarlary esasan inedördül görnüşli çig kerpiçlerden örülip çykarylypdyr, diwarlaryň aýry-aýry böleklerinde bişen kerpiçler hem duş gelýär. Diwarlaryň aşaky bölekleri uly daşlardan örülipdir. Alymlaryň we hünärmenleriň pikirine görä, bu desga ýerleşiş meýilnamasy boýunça haç görnüşde bolup, onuň merkezi bölegi uly bolmadyk gümmez bilen ýapylypdyr. Desganyň girelgesi günorta-gündogar tarapynda ýerleşipdir. Girelgeden aşaklygyna gidýän üsti arka görnüşi üçek bilen ýapylan geçelgäniň ugry bilen, ähtimal, basgançaklar ýerleşendir. 

Alymlaryň çaklamalary boýunça, edil girelge tarapynyň garşysyndaky diwaryň ýumrulmagy netijesinde (mümkin güýçli siliň gelmegi sebäpli), desganyň daşky diwary bilen merkezindäki gümmez aralygy ýapan giň arkanyň ýüzi açylypdyr. 

Deslapky maglumatlara görä, bu desga orta asyrlara degişli edilýär, ýöne onuň anyk gurlan döwri geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijesi boýunça kesgitleniler.  

Şu desganyň gurluşyk usullarynyň üsti bilen Paryzdepede orta asyrlarda gülläp ösen binagärliginiň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňüne getirip bolýar. Diwarlaryň aşaky bölegi berkligi gazanmak maksady bilen, daşlar bilen örülen. Paryzdepäniň içki galasynda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde goranyş diwarynyň bir bölegi açyldy. Şeýle açyş bu sebitde  gadymy döwürlerde oguzlaryň daşdan galdyran galalarynyň bolandygyny subut edýär. Gadymyýetde daşdan gurlan galalar “kent” diýlip atlandyrylypdyr. 

Köpetdagyň etekleriniň oňaýly tebigy şertleri, süýji suwlarynyň bollugy bu ýerlerde ýaşaýşyň iňňän gadymyýetde döremegine şert döredipdir. Bu sebitde örän köpsanly ululy-kiçili galalaryň biri hem Oguzlaryň şäheri bolan Yzgantdyr. “Yz” “oguz” sözünden gelip çykýar, “gant” bolsa, türkmenleriň “kent-şäher” sözündendir. Şunuň bilen baglylykda, Yzgant sözüniň ilkibaşdaky manysy oguzlaryň şäheri diýmekdir. 

Hormatly Prezidentimiz gadymy rowaýaty mysal getirdi. Şol rowaýata görä, türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguzhan öz ogullaryny derýanyň akýan ugry bilen onuň durjak ýerine çenli gitmegi we şol ýerde mesgen tutmagy pent edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Yzgant” diýen ýer-ýurt adynyň “süýji suw” diýen görnüşiniň bardygyny hem mysal getirdi. 

XX asyrda Paryzdepäni öwrenen alymlar hem bu ýadygärlikde-de oguzlaryň döwrüne mahsus bolan keramika önümleriniň bölekleriniň saklanyip galandygyny belläp geçýär. 

Bu gymmatly taryhy ýadygärlikde toplumlaýyn gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge, abat saklamaga we geljekki nesillere ýetirmek işinde berýän goldawy hem-de döredilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 

Hormatly Prezidentimiz tapyndylary synlap, aýdylan maglumatlary ünsli diňlemek bilen, alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerini, ýüze çykarylan gymmatlyklary düýpli öwrenmegi dowam etmegi tabşyrdy. Milli  Liderimiz olaryň ähmiýetini aýratyn nygtap,  gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmegiň biziň uly borjumyz bolup durýandygyny belledi. 

Hut şu ýerde nobatdaky giň gerimli bag ekmek möwsüminiň geçirilmegi tötänden däldir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda geçiren iş maslahatynda Paryzdepäniň çäginde oturdyljak agaç nahallary bu ýeriň tebigy gözelligini artdyrmalydyr, şonuň üçin agaç nahallaryny howa we toprak şertlerinden, bu ýerde bir wagt gülläp ösen baglaryň taryhy keşbini döretmek nukdaýnazaryndan ugur almaly diýip belledi. Köpetdagyň bu gözel künjegi hoşboý ysly baga meňzemelidir. 

Bahar pasly dag eteginiň tebigatyna öz öwüşgünlerini çaýyp, olar daş-töwerege ýalkym saçýar. Ýowaryň öň ýanynda ýagmyr ýagyp, ene topragymyzy suwlandyrdy, bu bolsa ýowara gatnaşýanlaryň ruhuny has-da beýgeltdi. 

Göýä jadyly taýajygyň täsiri bilen, Paryzdepäniň daş-töweregine gül pürkülen ýaly boldy.  Göni Paryzdepä alyp barýan ýola çykan dessiňe ak öýler peýda bolýar. Olaryň ýanynda artistler bu ýere gelýänleriň her birini aýdym-tanslar bilen garşylap, mähirli myhmansöýerlik ýagdaýyny döredýär. Türkmenler öz taryhynyň bütin dowamynda şeýle hem myhmansöýerligi bilen şöhratlandylar. Ýaşyl baýdaklar şemala pasyrdap, olaryň ýaşyl reňki tebigaty gurşap alan gök otlar we durmuşyň gülüne meňzeş ilkinji agaç pyntyklary bilen utgaşyp gidýär. Bu ýerde oturdylan ak öýde we baýramçylyga görülýän taýýarlyk toýlary bolup geçýän waka aýratyn öwüşgin çaýýar. Gazanlarda bişip duran naharlaryň ýakymly ysy baharyň hoşboý howasy bilen garylyp gidýär. Bu gün türkmen topragynda uly toý tutulyp, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we döredijiligiň maksatlaryna wepalylygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Tanymal artistleriň—ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň, milli saz-sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny we bu ýere gelenleriň ruhuny has-da belende göterdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyz nahaly oturdandan soň, bu ýerdäkilere ýüzlenip, häzirki ýowaryň hut Paryzdepäniň töwereginde geçirilmeginiň uly ähmiýetini nygtady. Mirasa sarpa gomýak, Watany özgertmek ýylynda şöhratly, gadymy taryhy bolan halkymyzyň milli mirasyny hormatlamak we düýpli öwrenmek işleri bilen bir hatarda ata-babalarymyzdan gelýän asylly däbe eýerip, Paryzdepäniň eteklerinde bag ekmek işleri parz işlerdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Soňra şu günki asylly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Şunda hiç kim—ýaşuly, ýaş kiçi diýmän,   çetde galmady, Bu bolsa milli häsiýetiň aýratynlygy bolup, şonda hemmeler uly, zerur bolan işe agzybirlik bilen ýapyşýarlar. 

332 müňden gowrak adam ýowara gatnaşyp, onuň barşynda 356 müňden gowrak agaç nahallary oturdyldy. Aşgabat şäheri boýunça ýowara gatnaşyjylaryň sany 30 müňe golaý, oturdylan agaç nahallarynyň sany 127 müňden gowrak boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk ýowaryna 302 müňden gowrak adam gatnaşyp, olar 230  müň töweregi agaç nahallaryny oturtdylar, şeýle hem ösüp oturan agaçlara ideg etmek işlerini geçirdiler.   

Mälim bolşy ýaly, bag ekmek möwsüminiň öň ýanynda uly taýýarlyk işleri geçirildi. Onuň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ýaş nahallary oturtmak babatda ähli zerur çäreleri—ylmy barlaglar esasynda işlenip düzülen agrotehniki talaplary we ölçegleri göz öňünde tutuldy. Bular—bag ekmek üçin meýilleşdirilen ýerleri öz wagtynda arassalamak we tekizlemek, dürli görnüşli agaçlar üçin hatarlary oýlanyşykly bölmek hem-de oturdyljak nahallaryň takyk hasaby, ekiljek baglaryň ýerini taýýarlamagyň düzgüni, suwuň ýeterlik möçberi hem-de organiki serişdeler bilen dökünlendiririlen toprak bilen üpjün etmek. Elbetde, ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna has durnukly we uýgunlaşan baglaryň tohumlarynyň hataryndan ýaş nahallaryň özi düýpli saýlanyp alyndy. Netijede ekmek üçin üç ýyllyk saýaly, pürli, miweli bag nahallary taýýarlanyldy. 

Bagy-bossanlyk üçin peýdalanylýan ösümlikleriň ähli görnüşleri hökmany karantini we akklimatizirlemäni geçdi. Pürli görnüşlerden iň meşhurlary eldar sosnasy, tuýa, serwi, bezeg baglary, saýaly görnüşlerden bolsa tut, garagaç, pisse, badam agajy, kerkaw, söwüt peýdalanyldy. Hünärmenler—ekologolar dag eteginiň ekoulgamyna baglaryň saýaly görnüşlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenip, hemişe gözlegde bolýarlar. Ýeri gelende aýtsak, eýýäm bagy-bossanlyga öwrülen çäkleriň üstüni miweli baglar bilen ýetirmek bolýar. Olar öňden ekilen baglaryň kölegesinde jöwzaly tomusdan we gyzgyn şemaldan goranyp bilýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge köpçülikleýin gatnaşylmagynyň uly ähmiýetini belläp, ekilen bag nahallaryna ideg etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtaýar. 

Täze taryhy eýýamda--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözelligi boýunça gaýtalanmajak baýlyklaryny saklamak we köpeltmek meseleleri döwletimiziň esasy üns merkezinde durmak bilen, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellemek gerek. 

Häzir bütindünýä adamzat üçin uly ähmiýeti bolan öňde durýan ýiti ekologiýa meselelerini hem-de daşky gurşawy goramagyň möhüm meselelerini çözmekde  Türkmenistanyň uly goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, toprak-suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, topragyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramaga we ençeme beýleki ugurlara degişlidir. 

Milli bagy-bossanlygşa büremek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde soňky ýyllarda şäherleriň hem-de ilatly nokatlaryň töwereklerinde millionlarça agaç ekildi. Bu bolsa howanyň üýtmegine, durmuşyň hem-de umumy ekologiýa ýagdaýynyň şertlerini gowulandyrmaga oňyn täsir etdi. 

Bu meseläniň wajypdygyna düşünmegiň netijesinde ýurdumyzda tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, tebigy görnüşleri saklamak, howanyň hapalanmagyny azaltmak babatda maksada gönükdirilen çäreler görülýär, bioköpdürlülik boýunça maksatnama, howanyň üýtmegi boýunça milli strategiýa we beýlekiler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Tebigaty goramaga degişli täze resminamalaryň toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi, ösümlik dünýäsi we haýwanat dünýäsi hakynda, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda” Kanunlar, şeýle hem beýleki beýleki kanunçylyk namalary tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. 

Şu ugurda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbitlerine kabul edilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň uzakmöhletli milli tokaý maksatnamasyna aýratyn orun berilýär. Bu resminama senagat düzüminiň, ulag aragtanşyklarynyň giň toplumynyň okgunly ösmegi, depginli ösýän şäherler we täze ilatly nokatlar bilen baglylykda gök guşaklyklary we toplumlary  döretmegi göz öňünde tutýar. Durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň ähli ilaty  diýen ýaly çekilen bu ägirt uly maksatnamanyň çäklerinde giňişleýin bagy-bossanlyga büremek işleri işjeň alnyp barylýar, ol bolsa ýyl-ýyldan ýurdumyzy gülleýän baglyga öwürýär. Şunda suwarmagyň suw tygşytlaýjy desgalarynyň (damjalaýyn, toprakasty we beýlekiler) giňden peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenler tebigata hemişe aýratyn, aýawly garapdyrlar. Beýik Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilen bu tebigat häzire çenli  özüniň gözelligi we aýyjyplygy bilen akyllary haýran edýär. Halkymyz daş-töweregi gurşap alan dünýä bilen asyrlardan bäri sazlaşykda ýaşap geldi. Dünýä ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de ekerançylygyň peýda bolmagyna ýardam etdi. Geçirilen arheologik gazuw agtaryşlaryň netijeleri ýurdumyzyň çäklerinde örän gadymyýetde gülläp ösen oazisleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa medeni ekerançylyk bilen meşgullanandygyny, miweli baglary ýetişdirendiklerini subut etdi.  

Häzir hem Türkmenistan myhmanlary el bilen döredilen ýaýbaňlanan tokaýlyklar, baglyklar, gül yslary bark urýan seýilgähler bilen haýran galdyrýar. Olar onlarça müň gektar meýdanlarda, hatda ýurdumyzyň alys künjeklerine çenli ýaýylyp gidýär. Derýalaryň we kanallaryň kenarlary,  Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakalary ýaşyl dona bürenýär. Hazaryň kenarýakasynda bolsa, türkmen Lideriniň tagallalary netijesinde dünýä derejesindäki dynç alyş—“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala getirilýär. Ol eýýäm özüniň tebigy künjekleri hem-de kölegeli seýilgähleri bilen meşhurdyr. Onuň   salkyn saýalary dynç almaga gelýänleri türkmen tomsunyň yssy jöwzasyndan goraýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  çärä gatnaşyjylaryň ählisini toýa, bereketli türkmen saçagynyň başyna çagyrdy. 
Bu bahar gününde agzybirlikli zähmet tutuş ýurdumyzda gaýnap joşdy:  müňlerçe adamlar bagy-bossanlyga büremek işlerine uly höwes bilen goşuldylar. Eýýäm häzirden şäherlerimiziň neneňsi özgerendigine, paýtagtymyzyň şäher ýakalarynyň we onuň töwerekleriniň neneňsi abadanlaşdyrylandygyna we tokaýlyklara öwrülendigine baha berip bolýar. Eger biziň her birimiz  häzir bir agaç nahalyny oturtsak, onda geljekde ajaýyp türkmen topragy öňküsinden-de gözel bolar hem-de çölüň gapdalynda pürli we saýaly tokaýlyklar seleňläp durar. 

Hormatly Prezidentimiz hoşlaşmak bilen, ýowara gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.  
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder