21 Mart 2016 Pazartesi

Türkmenistanda Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi ajaýyp şadyýan dabaralar bilen garşyladylar. Milli öwüşginli folklor – etnografik çykyşlar gadymy däpleriň äheňindäki sahnalaşdyrmalar, bize asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten milli lybaslar, aýdym-sazlar we tanslar tebigatyň ýazky oýanyşynyň hem-de janlanmasynyň hormatyna bu gadymy baýramçylygyň çuňňur özboluşlylygyny ýüze çykardy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bellenilýän Nowruz ajaýyp däpleriň, milli medeniýetiň nesilden-nesle geçijiligini şöhlelendirip, öz ähli durkunda has-da şugla saçdy. Nowruz kuwwatly daragt hökmünde mähriban topragymyzyň köklerine siňip, adamlara gülläp ösüşiň gözelligni hem-de bereketli miwelerini bagyş edýär.

“Bu ajaýyp halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda aýdylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de  belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. 

Nowruzyň belent gymmatlyklary biziň günlerimizde hem öz ähmiýetini ýitirmän, halkymyzy täze beýik işlere ruhlandyrýar, gadymy asylly däplerimizi şöhlelendirýär, durmuşyň  täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Tebigata söýgi, mähriban topragyňa hiç haçan öçmejek duýgular—bu halkymyzyň kalbynyň çuňluklarynda, aňynda, watançylyk borç hakynda Watana söýgi baradaky gadymy düşünjelerde ornan synmaz ruhy-ahlak gymmatlyklarydyr. 

Şoňa görä-de, el işiniň hakyky ussatlary bolan gelin-gyzlaryň ajaýyp halyçylygy nesilden-nesle geçirip dowam edişleri hem-de kämilleşdirişleri ýaly, halk baýramçylyklary hem asyrdan-asyra aşyp baýlaşdyrylýar hem-de milletiň ruhy medeniýetiniň özenini emele getirýän zerurlygy, parasatlylygy we netijeliligi özünde saklaýar.  Biz bu mirasy hoşallyk bilen kabul edip, öz gezegimizde, hakyky däpler, asylly işleriň we özgertmeleriň tapgyry hökmünde ony öz geljekki nesillerimize geçirmek üçin täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ymtylýarys.  

Häzirki baýramçylyk dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan köpsanly myhmanlary hem bu ýere ýygnady. Olar ählihalk toýuň şatlygyny hem-de milli ruhy gymmatlygyň baýlygyny paýlaşmaga, özünde Nowruzyň güneşli şöhlelerini jemleýän iň ýagty duýgulara we belent pikirlere beslenmäge çagyryldy. 

Sebäbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagynda nygtaýşy ýaly, Milli bahar barýamy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýaly, asyrlaryň jümmüşinden biziň genlerimize gelip ýeten asylly däplerimiziň aýdyň nyşanydyr. 

Bu günüň esasy wakalary “Nowruz ýaýlasy” meýdançasynyň tebigy dag eteklerinde geçirildi. Bu ýerlerde, açyk asmanyň astynda türkmenleriň däp bolan oba durmuşyny janlandyrýan ägirt uly ekspozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Çünki gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününiň baýramçylygy ekerançylyk senenamasy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny aňladýar. 

Bu ýerde haly düşelen sekiler, öý haýwanlarynyň saklanylýan agyllary, atarylan gazanlar bilen bezelen ak öýleri, ussat senetkärleriň ussahanalary bolan ähli esasy alamatlary bilen emele getirilen türkmen obasy söwda etmek üçin ajaýyp ýerleri, halky şatlandyrýan belent sesli jarçylary we artistleri bilen gündogar bazary sazlaşykly utgaşdy. 

Şeýle görnüşler dabaranyň geçirilýän ýerine gelen oňa gatnaşyjylayň hem-de köp adamly baýramçylygyň myhmanlarynyň gözüniň alnynda janlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhananaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, onlarça ýurtdan wekiliýetler bar. Olaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Moldowa Respublikasynyň Gagauz  dolandyryş-çäk okrugynyň dolandyryş düzümleriniň, işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de döredijilik işgärleriniň wekilleri bar. 

“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesiniň öňünde myhmanlary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Serpaý” folklor topary hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor topary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylady. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilýär. Bu günki baýramçylygyň çäklerinde onuň baýramçylyk meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Dostluk” ýadygärliginiň açyljakdygyny habar berdi. Bu ýadygärlik   Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz güni mynasybetli bina edildi. 

Bellenilişi ýaly, ençeme asyrlaryň dowamynda bu baýramçylyk halklary birleşdirýär we ýakynlaşdyrýar, dostluga we doganlyga çagyrýar, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini alamatlandyrýar, zähmetsöýerligi wasp edýär. 

Ol -- parahatçylygyň, adamlaryň arasyndaky ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň jarçysy. Ine, şoňa görä-de, ol 2010-njy ýylda  BMG-niň  kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, halkara derejesine eýe bolan adamzadyň iň ähmiýetli we gymmatly baýramçylyklarynyň biridir. 2013-nji ýylda Türkmenistan doganlyk döwletleriň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda Nowruzyň halkara derejesinde baýram edilýän merkezine öwrüldi. 

Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz medeni gatnaşyklary has-da ösdürmekde, gündogaryň haklarynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny, olaryň umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasyna goşan goşandyny wagyz etmekde örän möhüm orun tutýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda parahatçylyk söýüjiligiň asylly däplerini mynasyp dowam edýän türkmenistanlylar agzybirlik, jebislik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda gadymy baýramçylygy bagtyýar, döredijilikli durmuşyň dabaralanmasy hökmünde garşylaýar.

Şeýlelikde, “Nowruz ýaýlasynda” açylan Dostluk ýadygärligi halkymyzyň parahatçylyk we doganlyk maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. 

Soňra şowhunly el çarpyşmalary astynda “Dostluk” ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Ýadygärlikden toý örtügi aýrylýar. Şol pursatda baýramçylygyň esasy alamaty bolup, bugdaýyň ýaşyl maýsalary gögerip oturan uly altynsow gap görnüşindäki şekil peýda bolýar. Ol ak sütüniň üstünde ýerleşdirilipdir. 

Sütündäki ýadygärlik ýazgy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njäy ýylyň 26-njy fewralynda Karara gol çekendigine şaýatlyk edýär, resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralaryň geçýän ýeri “Nowruz ýaýlasy” diýip atlandyryldy. Indi bu baýramçylyk meýdançasy Dostluk ýadygärligi görnüşinde özüniň resmi nyşanyna eýe boldy. 

Ähli welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulalaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda “Nowruz ýaýlasy” meýdançasynyň girelgesinde toý bagy kesilýär. 

Şadyýan aýdym-saza beslenen  Nowruz baýramynyň şanyna tutulýan ajaýyp hem şadyýan türkmen toýunda, ýaz ýagşyna ýuwlan çemenzarlyklaryň, ýaýlalaryň üstüne dürli reňkli älemgoşar ajaýyp öwüşgün çaýdy. 

Hormatly myhmanlar «Nowruz ýaýlasynyň»aýlawly derweze görnüşinde bezelen esasy girelgesinden geçýärler. Olary bu ýerde, çagalar özleriniň şadyýan goşgudyr aýdymlary bilen garşylaýarlar. Şeýle hem çagalar myhmanlara milli oýunlary hem-de däp-dessurlary görkezip çykyş edýärler. Bu sahnalara dört aýakly gahrymanlar—türkmen alabaýynyň naşyja güjüjeginiň hem-de guzyjygyň girizilmegi tüýs ýerine düşüpdir. 

Baýramçylygyň şeýle täsirli başlanmagy, oňa gatnaşýanlaryň her biriniň kalbyny heýjana getirip, ýüreklerini şatlyga besleýdi. Derwezeden geçen ýeriňde,eli süýji aşpezler tarapyndanşu ýerde taýýarlanan  dürli milli tagamlardan, nazy-nygmatlardan hem-de ir-iýmişlerden doly jadyly desterhany giňden ýazylan,ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak öýleri, merkezi ýodanyň uzaboýuna gidýän pawilýonlardyr sahna meýdançalary bilen bilelikde hatarlanyşyp dur. 

Baýramçylyk çykyşlaryny Ahal welaýaty ekerançylyk baradaky çykyşy bilen açdy. Milli sazly çykyşlar hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen bezelen bu çykyşlarda Nowruz baýramyna taýýarlyk hem-de baýramçylygyň garşylanylyşy, şeýle hem gadymy ata-babalarymyzyň ekerançylyk iş-aladalaryjanlandyrylyp görkezilipdir. 
Ynha, milli geýimler geýinen gujurly jahyllar, susaklar berkidilen gadymy suw çykaryjy enjam bolan jykyryň uly hem agyr çarhyny  herekete getirýärler. Gadym döwürlerde bag--bakjalar, üzümçilikler we beýleki ekin meýdanlary şeýle usul bilen suwarylypdyr. Baýramçylyga gatnaşýan myhmanlaryň käbirleriniň özleri hem çarhy aýlap, ternawa suw çykarmaga höwes bilen synanyşdylar. Suw ternawdan inçejik okaryk arkaly, elleri pildir-kätmenli ýaşlar tarapyndan işlenip bejerilýän ýere akyp barýar.

Baýramçylyga gatnaşýanlara, geçen zamanlarda orulan bugdaý desseleriniň dänelerini sypalyndan aýyryp, nähili edip döwek döwülýänligini ýakyndan synlamak mümkin boldy. Onuň gapdalynda bolsa sykyp, ösümlik ýagyny almak üçin agaçdan ýasalan gysyjy enjamy-juwazy görmek bolýar. Bu ýerde çig malyň gysylyşyny güýçlendirýän işjeň enjam, onuň daşyndan aýlanyp duran düýäniň kömegi bilen işledilýär. Ata-babalarymyz şeýdip pagta çigidinden, künjüden we beýlekilerden ýag alypdyrlar.

Soňra, Daşoguz welaýaty, baýramçylyk çykyşlaryny dowam edip, «milli tagamlar» boýunça görkezme çykyşlary bilen myhmanlary garşylady. 

Zenanlaryň bir topary gallany işläp taýýarlamagyň dürli bölümlerini: soky we degirmen daşlarynda un üwelişini görkezýärler. Az-kem aňyrda bolsa beýleki zenanlar Nowruz hakyndaky däbe görä sanawaç sanap, un eleýärler. Ýene bir topçanyň üstünde çörek bişirmek üçin hamyr ýugrulyp, pişme, unaş kesilýär.

Ondan aňyrda mele-myssyk çörek ýapylýan, hatar duran tamdyrlary görmek bolýar. Ot goýberilen tamdyrlaryň golaýynda, olaryň nähili gurulýandygyny hem synlamak mümkin. Hoşboý ysy bilen işdäňi açýan toý gazanlarynda pişme,Nowruz baýramynyň adatyna görä taýýarlanýan semeni, türkmen palawy bişirilýär.

Myhmanlarymyz uly höwes we gyzyklanma bilen  bu tagamlaryň hemmesinden dadyp görýärler. Aşpezler çişe düzülen berre toklynyň ýaňyja bişen etinden myhmanlara datly tagam hödür etdiler. Onýança hem jarçylar, hemmeleri türkmen milli aşpezçilik sungatynyň usullary boýunça taýýarlanan datly tagamlar bilen doldurylan saçaklaryň başyna geçmäge çagyrdylar. Nahar wagty myhmanlar özleri üçin diýseň täsin bolan düýe çalyny ýa-da ojar oduna, tüňçe-de gaýnadylan, müň derdiň dermany çaýyň hakyky gadyryny bilýänler tarapyndan taýýarlanan gök çaý içip teşneligini gandyrdylar. 

Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan önümler baýramçylyga gatnaşyjy daşary ýurtlularda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň bejerijilik häsiýetleri bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltli ensiklopedik işinde ylmy esaslandyryjylyk bilen beýan edildi. 

Myhmanlara ýadygärlik sowgat hökmünde nowruz sowgadyny— owadan edilip dolanan ullakan bugdaý sünbüli, şeýle hem bugdaý dänesiniň  şinelän maýsalary, gözmonjukdyr alajalar we ençeme beýleki sowgatlyk önümleri gowşuryldy.

Sahna we höwesjeň artistleriň ýerine ýetirmeklerinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna mahsus bolan däp-dessurlary suratlandyrýan sahna oýunlary, şeýle hem çeperçilik boýunça hünärmenleriň işleriniň görkezilmegi çykyşlaryň üstüni ýetirdi.
  
Soňra Lebabyň nobaty gelýär. Bu welaýatyň wekilleri baýramçylyk däpleriniň we dessurlarynyň mowzugyny açdy.   Öz çykyşynda olar Amyderýanyň kenarynda  mesgen tutan ýaşaýjylaryň däpleriniň ajaýyp aýratynlyklaryny beýan etdiler, türkmenleriň uzak taryhynyň dowamynda kemala getirlen dürli dessurlaryny görkezdiler. Ine, maşgala däp-dessurlary, şol sanda körpejäniň saçynyň ilkinji syrylyşy ýa-da ilkinji dişiniň çykmagy bilen baglanyşykly dessurlar örän baý. 

Gelin toýy dabaraly, täsin hem-de şahyrana däpleriniň ajaýyp toplumy bilen utgaşyp, ol özünde üç esasy tapgyry, ýagny gudaçylygy, gelin toýunyň özüni hem-de  toýdan soňky döwri özünde jemleýär.  Olaryň her biri öz adatyny göz öňünde tutýar. Teatrlaşdyrylan bu çykyşlaryň ählisi aýdymlar, nakyllar we atalar sözi bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Amaly-haşam sungatynyň sergisi hem ajaýyp öwüşgine eýe boldy.

Adaty bolmadyk aýdym-saz toparynyň çykyşy myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi—onuň ýaş ýerine ýetirijileri pyýalalarda heň ýerine ýetirdiler. Onuň owazy belli bir derejede ksilofon diýen urlup çalynýan saz guralynyň çykarýan owazyny ýatladýar.Gopuzçy gyzlaryň ýany bilen ýaş dutarçylaryň ýerine ýetiren çykyşy saz çalmak nobatyny dowam etdi. Olardan biraz beýleräkde dutarçylaryň, erkekleriň we aýallaryň uly topary gezekli-gezegine çykyş edip, türkmen halk eserleriniň äheňinde aýdym ýerine ýetirdiler. 

Hemişe bolşy ýaly, meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleri ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Olaryň çykyşlary elçarpyşmalar we belent şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Ýetginjegiň ýerden çapyp barýan atlynyň göni egniniň üstüne böküp münen  pursatyndan başlap, ondan soňraky çykyşlaryň her biri tomaşaçylaryň duýgularynyň täsirliligini artdyrdy. Ýaş jigidiň daňylgy gözleri bilen aýlaw boýunça çapyp baýran ahalteke bedewiniň arkasyna münmegi hem-de onuň aşagyndan ezberlik bilen geçip, ýene-de eýeriň üstüne münüp oturan täsirli tilsimi  hem şowhunly elçarpyşmalary döretdi. “Iki we üç gatly” akrobatik çykyşy ýerine ýetiren oglanlaryň gaýratlylygyna hem tomaşaçylar mynasyp baha berdiler. Bu çykyşyň çylşyrymlylygy çapyp barýan atlaryň tizligi bilen şertlenendir 

Baýramçylygyň  myhmanlary bedewleri birgeňsi dolandyran ajaýyp gyzjagazlaryň üçüsine şowhunly elçarpyşmalaryny bagyşladylar. Iň kiçi atçy gyzjagazyň sahna okgunly gelmegi bolsa tomaşaçylaryň 
şowhunly-täsirli duýgularyny has-da arşa göterdi. Ol--Medine Baýramdurdyýewa bary-ýogy 7 ýaşynda, muňa garamazdan, ol bedewe ýeňillik hem-de ussatlyk bilen şeýle bir erk edýär, çünki tomaşany synlap duranlaryň ählisiniň ýeke-täk pikir edişi ýaly, bu ýagdaý “nesil yzarlaýandygy sedäplidir! Türkmenlerde jigitlik ussatlygy ganyna ornandyr!”.  

Çeper senetçiligiň ussatlarynyň sungaty bilen tanyşlyk atly çykyşlaryň güýçli täsir ediji ruhundan halk döredijiginiň özüne çekiji dünýäsine alyp baran ýokardaky ýaly täsirlere garanyňda, düýpli ütgeşik duýgulary döretdi. “Senetçilik” mowzugynda Balkan welaýaty çykyş etdi.

Bu ýerde geçmişde zergärleriň öz önümlerini neneňsi döredendigini görmek boldy. Olaryň işleriniň netijesinde, türkmenleriň milli zergärçilik sungaty dünýäniň ençeme ýurtlarynda şöhratlandy. “Nowruz ýaýlasynyň” myhmanlary gymmat bahaly tokga metalyň suwuk agrama, soňra bolsa haşamlanan ýuka bezeg serişdesine, ownuk bölekleriň ençemesine öwrülişiniň yzygiderliligini gizläp bolmaýan gyzyklanma bilen synladylar. Soňra şol böleklerden dürli reňkler bilen nagyşlanan ajaýyp eser ýa-da bezegleriň ýygyndysynyň täsin toplumy emele geldi. 

Zergärleriň gapdalynda küýzegärler işläp, aýratyn palçykdan küýzeleri, beýleki gap-gaçlary döretdiler, agaç ýonujylar taslanan işiň üstünde zähmet çekdiler. Şol işler olaryň emeli gollarynyň astynda gündelik durmuşda ulanylýan päkize hem-da owadan önümlere öwrüldi. Özlerine miras galan senedi täzeden dikelden demirçiler hem çetde galmadylar. Sebäbi, gadymyýetde her bir oba “gutarnykly görnüşdäki tapgyrlara eýe bolan toplumlaýyn  önümçilik” bolupdy, şeýle bolansoň, durmuş üçin gerek bolan ähli zady, oba hojalygyny alyp barmagy ýa-da giňişligi owadan edip bezemegi—hemme işi senetçiler edýärdiler.

Agaçdan gap-gaçlary ýasaýan, gaýyşdan önümleri—içmek-possunlary, silkme telpekleri, bagana telpeklerini, güpbileri we şoňa meňzeşleri tikýän ussalar hem häzire çenli uly islegden peýdalanylýar. Şonuň üçinem kädileri çeperçilik taýdan bezemek usullarynyň anyk haçan peýda bolandygyny çaklamak kyn, ýöne bu gün ol amaly-haşam döredijiliginiň örän meşhur görnüşidir, özüne çekiji suratda kädiden şekillendirilen adam şekiljikleri bolsa daşary ýurtly jahankeşdeleriň arasynda  örän isleg bildirilýän sowgatlyk önümleriniň biridir. 

Türkmenleriň elde haly dokamak sungaty, gürrüňsiz suratda, halk senetçilik äleminiň bu ägirt uly dagynyň şugla saçýan belentligidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Janly rowaýat” diýen ajaýyp kitabyny bu sungata  bagyşlady. “Nowruz ýaýlasynda”  özboluşly sergide könelmäni bilmeýän ajaýyp halylaryň neneňsi yhlas siňdirilen zähmet bilen döredilýändigini hem-de oňat, owadan keçäni basmagyň neneňsi kyndygyny görmek boldy.  Özi-de, bu önümleriň ýüňi taýýarlamakdan, sapaklaryň reňklenişinden başlap, tä taýýar önümi görkezmäge çykarylyşyna çenli önümçiligiň ähli tapgyrlary görkezildi. 

Soňra “milli oýunlar” bölümine gezek geldi. Onuň maksatnamasyny Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň,  Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we paýtagtymyzyň medeniýet ulgamynyň edaralarynyň folklor we döredijilik toparlary bilelikde taýýarladylar. 

Baýramçylygyň myhmanlarynda halk darbazlarynyň çykyşyna tomaşa edenlerinde bir tarapdan haýran galmak, beýleki bir tarapdan bolsa  hormat goýmak duýgulary döredi. Inçejik, örän ýokardan asylan tanapyň üstünde ussatlyk bilen deňagramlyklaryny saklaýan artistleriň, diňe bir onda ýöremek bilen çäklenmän, onuň üstünde tigir sürmegi başarmaklary olary haýran galdyrdy. Darbazçylaryň alkymynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ussatlary dürli jisimleri çalasynlyk bilen oklap-gapmak sungatyny görkezdiler. Şol ýerde çagajyklar bolsa gadymy milli oýny bolan aşyk oýnuny uly gyzyklanma bilen oýnaýardylar.

Ýöne “milli oýunlar” bölüminiň ähli maksatnamasynyň naýbaşysy, elbetde, göreş boldy. Bu göreş bilen meşgullanýan pälwanlarymyz golaýda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçen guşakly göreş boýunça halkara ýaryşda ajaýyp üstünlik gazanyp, Watanymyza  11 sany medally dolandylar. Pälwanlarymyz ol ýerde umumy toparlaýyn hasapda 1-nji orny eýeläp, guşakly göreşiň türkmen mekdebiniň dünýä ýüzünde iň güýçlüleriniň biridigini nobatdaky gezek subut etdiler. 

Bu ýerde, “Nowruz ýaýlasynda” hem güýçleri deňeçer bolan türkmen pälwanlarynyň 2-si öz aralarynda  ýeňijini aýan etmek üçin uzak wagtlap, tutluşygy dowam etdiler. Ýeňijä bolsa, gadymy däbe görä, köşekli düýe baýrak goýuldy. 

Baýramçylygyň iň körpeje myhmanlaryny Gurjak teatrynyň oýny diýseň gyzyklandyrdy. Teatryň artistleri bu ýerde köpsanly tomaşaçylaryň arasynda oýun oýnadylar hem-de olar baýramçylyk meýdançasynda  orta asyryň şäherleriniň bazarlarynda çykyş edýän gezende artistleriň toparyny janlandyrdylar. 

“Nowruz ýaýlasynda” görkezilen çykyşlary türkmen çarwadarlarynyň gadymy däp-dessurlarynyň köpdürlüligini görkezýän çykyşlar jemledi. Bu ýerde  Mary welaýatynyň folklor toparlary çykyş edip, amaly-haşam sungaty täsin gymmatlyklar arkaly şöhlelendirildi. 

Myhmanlary, geçmişde göçüp-gonup ýaşamaga mejbur bolan adamlar – çopanlar, awçylar we beýleikler üçin amatly hem-de ygtybarly ak öýüň dikeldilişi hem biparh goýmady. Öý eýelerine ak öý gurmaga kömekleşen tomaşaçylar onuň birikdirilmeginiň örän aňsatlygyna we uklarynyň hem-de beýleki bölekleriniň örän oňat oýlanyşykly tapylandygyna hem-de ulanmak üçin sadalygyna haýran galdylar. 

Şeýle hem myhmanlar meşhur saryja goýunlary saklanýan haşarlary synladylar. Aňyrrakda bolsa, kejebesi gelinli düýeli toý kerweni buýsanç bilen gidip barýardy. Ol ýerde, bu ýerde owadan tazylar çalasynlyk bilen görnüp gidýär. Bu günki şowhuny we mähelläni ýyrtyjylara wehim salýan, ýöne adamlaryň wepadar dosty bolan Alabaý itleri äwmezlik bilen kabul etdiler. Ilkibada türkmen itleriniň gabarasy myhmanlary çekindirdi. Ýöne olaryň köpüsi türkmen itleriniň parahat häsiýetleri barada eşidensoňlar, Alabaýyň  mähnet kellesini sypalap, mähir bilen kakyp “Nowruz ýaýlasynda” bu günki duşuşyk barada uzak wagtlap, ýadygärlik saklamak üçin adamyň bu wepaly dosty bilen surata düşdüler. 

Baýramçylyga gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda teležurnalistler we habarçylar, şeýle hem Türkmenistan boýunça uly habar berliş-tanyşdyryş tapgyryna ýörite çagyrylan daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalarynyň 160-dan gowrak wekilleri boldy. 
ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan, Ispaniýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Gollandiýadan, Russiýadan, Awstriýadan, Fransiýadan, Çehiýadan, Bolgariýadan, Latwiaýadan we beýleki ýurtlardan bolan syýahatçylyk agentleri bu dabaralardan başga hem, Türkmenistanyň baý taryhy mirasy, gaýtalanmajak tebigaty, özboluşly medeniýeti we zehinli hem-de zähmetsöýer halkymyzyň döwrebap depginli durmuşy bilen tanyşdyrýan gezelençleri amala aşyrarlar...    

Ine-de, jarçynyň çasly we owazly sesi baýramçylygyň myhmanlaryny gadymy küştdepdi tansyna tomaşa etmäge çagyrdy. Tans nobatdaky gezek bu ýere gelenleri joşgunly hereketleri bilen maýyl etdi. 

“Nowruz ýaýlasynyň” baş sahnasynda baýramçylyk konsertiniň wagty gelip ýetýär. Bu ýerde, dabaraly ýagdaýda, köp adamly dabara gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen gutlag haty okaldy.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we daşary döwletlerden gelen artistleriň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna edebi-sazly we folklor-etnografik, tansly çykyşlar, söýgi, halk aýdymlary hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Gahryman Arkadagyň eýýamyny wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Halypa we ýaş bagşylaryň çykyşlary dürli öwüşginlere beslenen baýramçylygyň şowhunyny artdyryp, olarda gadymy aýdymlar we sazlar häzirki döwrüň estrada owazlary bilen utgaşyp gitdi.

Dürli öwüşginli we köp žanrly konsertiň dowamynda tomaşaçylar özboluşly tansly çykyşlar we täsin sahnalar bilen tanyşdylar. Olarda milli medeniýetimiziň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu döredijilik sungaty Nowruzyň däpleriniň bu gün täze mazmuna eýe bolýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller bilen aragatnaşyk saklaýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

“Nowruz ýaýlasyndaky” dabaralar garaňky gatlyşanda—dessur bolan şaman odunyň ýakylmagy bilen tamamlandy. Onuň üstünden böküp geçmek däbi ruhy taýdan tämizlenmäni, şeýle hem pelegiň çarhyny hem-de diriligi we ýagtylygy peşgeş berýän güni alamatlandyrýar.

Bu gün baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.

Çuňňur durmuş filosofik garaýyşlardan gözbaş alýan we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary ulgamynda uly orun eýeleýän bu baýramçylyk halkymyzyň taryhynyň şanly ýylýazgysynyň täze döwründe täze mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Nowruz ylham joşgunyň, zähmetsöýerligiň beýanyna öwrülmek bilen, ösüşiň has belent sepgitlerine çykaryp, kalplarymyzda gülläp ösýän eziz Watanymyza, bagtly şu günümize we röwşen geljegimize bolan buýsanç duýgusyny oýarýar we berkidýär. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder