25 Mart 2016 Cuma

Sagdyn Durmuş Ýörelgesi

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli eýerýän hem-de wagyz edýän sagdyn durmuş ýörelgesine türkmen ýaşlarynyň ygrarlydygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hut milli Liderimiziň şahsy göreldesi ýurdumyzyň oglan-gyzlary üçin ylhamlaryň gözbaşydyr.

Milli Liderimiz tarapyndan adam hakdaky, onuň abadançylygy baradaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülip, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýyl-ýyldan köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketi barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde mynasyp ykrar edilen Türkmenistanda köpsanly sport ýaryşlary, spartakiadalar yzygiderli geçirilýär.

Sportda ýokary gazanylanlaryň wagyz edilmegi hem ýaşlaryň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil terbiýelenilmegine gönüden-göni täsir edýär. Ony hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, kanunçylyk kämilleşdirilýär, “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda   sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça milli maksatnama” kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli türgenler taýýarlanylýar, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş hem-de atçylyk-sport toplumlaryny, köpugurly stadionlary, ýörite okuw mekdeplerini, awtodromlary hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hemme şertler döredilen möhüm beýleki desgalary gurmak boýunça wajyp taslamalar durmuşa geçirilýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň sport äleminde ýeten sepgitleriniň hem-de belent halkara abraýy gazanan häzirki zaman Türkmenistanyň üstünlikleriniň ykrarnamasyna öwrüldi.

Sporty wagyz etmek bilen birhatarda häzirki zaman düzümleriniň hem-de dünýäniň iň oňat lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň binýadynda milli saglygy goraýşyň netijeli nusgasyny döretmek boýunça çäreler görülýär. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam bolup durýan Türkmenistanda “Il saglygy—ýurt baýlygy!” diýen şygardan ugur alnyp,     ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler bilen birhatarda ýaramaz endiklere, ilkinji nobatda, çilim çekmäge garşy göreş alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň her ýylda 5-nji aprelden 5-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de medeni-sagaldyş çäresini geçirmek baradaky çözgüdi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek we ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýolunda uly ädime öwrüldi. 

Dabara gatnaşyjylar beden we ruhy taýdan sagdynlygy berkitmek meselelerini çözmäge berýän aýratyn ünsi we yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, ähli güýçlerini we bilimlerini, ukyplaryny we döredijilik zähmetlerini  mundan beýläk-de ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak üçin sarp etjekdiklerine ynandyrdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder