27 Mart 2016 Pazar

Samboçylaryň Medallary we Hokkeý Ýaryşy

Geçen dynç günlerinde Russiýanyň paýtagty Moskwada geçen sport we söweş sambosy boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda ildeşlerimiz bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular.

Sportuň sambo görnüşiniň düýbüni tutujylaryň biri bolan Anatoliý Harlampiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen ýaryş "Lužniki" olimpiýa toplumynyň "Dostluk" sport zalynda geçirildi. Bu abraýly ýaryşda jemi 25 ýurtdan—ABŞ-dan, Fransiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Wenesueladan, Mongoliýadan, Kamerundan, Marokkodan, Bolgariýadan, Rumyniýadan we beýleki döwletlerden türgenler medallar ugrunda göreşdiler. 

Ildeşlerimiz ýaragsyz özüňi goramak söweş görnüşinde tapawutlandylar. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Ahmet Taňryberdiýew 57 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyndan Abdylla Babaýew bolsa 68 kilograma çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. Halkara derejeli sport ussady bolan bu türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ata Adaýewiň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýarlar. 

Sambo geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem dünýä kubogy ugrundaky bu ýaryş ýurdumyzda geçjek toplumlaýyn oýunlara taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. Şeýle hem türkmen sport hünärmenlerine şeýle iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin tejribe toplamak zerur bolup durýar, çünki şu ýyl paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde synag ýaryşy bolar. Bu ýaryşa Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň iň güýçli samboçylaryndan düzülen ýygyndy toparlar gatnaşar.

... Sportuň gyşky görnüşleri milli merkezi we Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky ýurdumyzyň çempionatyna "Galkan", "Şir", "Nesil", "Bürgüt" we "AlpArslan" toparlary gatnaşýar. Olar iki aýlawyň dowamynda çempionlyk ugrunda bäsleşer.

"Galkan" bilen "Bürgüdiň" arasyndaky duşuşykgyzykly hem dartgynly ýagdaýda geçdi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony "Galkanyň" ýetginjekler düzümi bu ýaryşda ýeňiş gazanmaga baş dalaşgär hasap edilýär. "Galkanyň" ýaryşyň başynda iki gezek ynamly ýeňiş gazanmagy hem muňa güwä geçýär. Ýöne "Bürgüt" öňdebryjynyň ýeňişli ýoluny bökdemegiň hötdesinden geldi. Rustam Kerimowdan tälim alýan "Bürgüdiň" ýaşajyk hokkeýçileri bu ýeňil bolmadyk duşuşykda 5:4 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Oýun deňeçer ýagdaýda gitdi. Duşuşygyň esasy wagtynyň ahyrynda oýnuň gidişi düýpgöter üýtgedi. Şonda "Bürgüt" hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň esasy wagty 4:4 hasabynda tamamlandy. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňiji oýundan soňky bullitler (oýunçynyň derwezeçi bilen başa-baş bäsleşigi) arkaly kesgitlenildi. Bu garşy durmakda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň toparynyň düzüminde Ilşat Dowletşin aýgytly goly derwezä geçirmegi başardy.

Netijede, P. Barkowskiý bilen A. Wahowskiden tälim alýan "Galkanyň" hokkeýçileri bu şowsuzlykdan soňra, 7utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda bolsa 9utuk toplan "Şir",üçünji orunda 3utuk bilen "Oguzhan", dördünji ýerde 2utugyň eýesi "Bürgüt"barýar. "AlpArslan" topary häzirlikçe ahyrky orunda.

29-njy martda Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň buzly meýdançasynda 5-nji tapgyryň oýunlary oýnalyp, çempionatyň birinji aýlawy tamamlanar. Bu tapgyrda "Şir" bilen "Galkanyň" duşuşygy sport muşdaklarynyň üns merkezinde bolar. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýaryş tertipnamasynyň başyny çekip, altyn medala baş dalaşgär bolar.

Ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionaty dowam edýär.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder