18 Mart 2016 Cuma

Türkmenistanyň Senagatçylaryň we Telekeçileriň Gazananlarynyň Sergisi Öz Işini Tamamlady

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi öz işini tamamlady, onuň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanylan maslahat hem geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine gabatlanan däbe öwrülen bu wekilçilikli çäräni birleşme ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady. 

Ýurdumyzyň telekeçiliginiň gazananlaryny hem-de ony  mundan beýläk-de ösdürmegiň  geljegini beýan edýän iri möçberli sergä köpsanly adamlar gelip gördüler we onuň ýokary guramaçylyk derejesini, täzeçillige gönükdirilen işewürlik häsiýetini bellediler. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlary ýurdumyzyň telekeçileriniň ösüşinde aýdyň görünýär. Energetika we senagat, nebithimiýa, dokma hem-de halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk hem-de kommunikasiýalar, oba we balyk hojalygy, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, bilim, sport, çaphana we seýilgäh bezegçiligi, logistika, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlary ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň düzümleri tarapyndan üstünlikli özleşdirildi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergi meýdançasynda giňden görkezildi. 

Şu ýyl telekeçileriň gazananlarynyň gözden geçirilişi köp babatda  daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta ibermäge niýetlenilen önümçilikde peýdalanylýan täzeçil işläp taýýarlamalary beýan etmäge gönükdirilendir. 

Türkmen işewürligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek hem-de içerki bazary önüm bilen üpjün etmek boýunça öňde goýulýan meseleleri çözmek bilen bir hatarda, bäsdeşlige ukyply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda aragatnaşyklaryny hem ösdürýär. Eýýäm häzirki wagtda ýurdumyzyň bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän önüm öndürijileriň birnäçesi  harytlaryny daşary döwletlere işjeň çykarýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary şeýle ýerleşdirmegiň täze bazarlaryny hem işjeň gözleýärler. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilenden bäri geçen sekiz ýylyň dowamynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Häzirki wagtda Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birleşmäniň we 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bölümleri öz işlerini yzygiderli amala aşyrýarlar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara derejesinde alyp barýan işi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, netijeli işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Birleşmäniň agzalary Türkmenistanda we daşary ýurtlarda  guralýan halkara sergi-ýarmarkalaryna, ýurdumyzyň önümlerini daşarky bazarlara ugratmakda tanyşdyryş, maglumat-mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak, tejribe alyşmak üçin möhüm bolan işewür maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşary ýurtly kärdeşleri, halkara guramalarynyň wekilleri, diplomatlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen yzygiderli duşuşyklary guraýarlar. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi wekilhanasynyň açylmagy daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm waka öwrüldi. Ol ýurdumyzyň işewür düzümleriniň derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň çekilmegine, halkara işewür gatnaşyklarynyň netijeli usulynyň peýdalanmagyna kömek etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, olaryň gazanýan netijeleriniň buýsanç duýgularyny döredýändigini belleýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň her ýylda guralýan sergisi telekeçileriň eden işlerine bagyşlanan hasabat görnüşdäki giň möçberli çäredir. Şol bir wagtyň özünde sergi hususy telekeçileriň önümlerini hem-de hyzmatlaryny içerki we daşarky bazarlara ugratmaga, ýurdumyzyň işewürlik düzümlerinde maýa goýum hem-de täzeçil ýörelgeleriň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge we gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. 

Sergide Türkmenistanyň  ähli welaýatlarynda hususy telekeçileriň 140-dan gowrak bölümlerinde olaryň işleri we teklipleri beýan edildi, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň düzüm bölümleri bolan “Rysgal”  paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Bäsdeş”  söwda öýüniň, “Telekeçilik mekdebiniň”, “Rysgal” hususy gazetiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň özbaşdak bölümleri sergide ýerleşdirildi. 

Sergide dürli görnüşli senagat önümleri, gurluşyk serişdeleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, şäher hojalygy ulgamynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar hem-de ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň oňyn derejesini saklamaga, daşky gurşawy goramaga mümkinçilik  berýän desgalaryň taslamalary görkezildi. 

Obasenagat toplumyny, şol sanda bagçylygy we gülçüligi ösdürmek babatda hususy telekeçiligiň geljegine bagyşlanan bölümlere sergide aýratyn orun berildi. 

Şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan düzümleriň bardygyny bellemeli. Olaryň hatarynda “Hazarbalyk”  balyklary köpeltmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumy, haly we haly önümleriniň senagat önümçiligi boýunça täze kärhana bolan “Abadanhaly”  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna giren telekeçiler bar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek, telekeçileriň başlangyçlaryny goldamak boýunça  birleşmäniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ägirt uly işler alnyp barylýar. 

Bu ýerde diňe bir serginiň açylan pursady däl, eýsem, onuň işiniň ähli gününde aýratyn baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Hususy telekeçiligiň häzirki döwürde gazananlaryny aýdyňlyk bilen görkezýän bölümler bilen bir hatarda,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde döredilen muzeýiň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan sergisi hem görkezildi. Onda goýlan gymmatlyklaryň hatarynda gadymy halylaryň nusgalary, haly dokamakda ulanylýan gurallar, durmuş ulgamyna degişli serişdeleri, milli lybaslaryň görnüşleri, bedew şaýlary we beýlekiler bar. “Miras”  döredijilik topary serginiň açylyş dabarasynda myhmanlara halkymyzyň özboluşly milli däplerini görkezdi. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň sergisiniň çäklerinde maslahat hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýän duşuşyklar geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda bu ugra degişli meseleleriň giň toplumyna deglip geçildi. Möhüm döwlet maksatnamalaryny, iri döwlet buýurmalaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlary maslahatyň  üns merkezinde boldy. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we ýurdumyzyň telekeçileriniň  öndürýän
harytlaryny daşary ýurtlara ugratmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Birnäçe çykyşlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda alyp barýan işlerine, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. 

Ägirt uly döwlet goldawy netijesinde Türkmenistanda telekeçilik hereketiniň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Telekeçileriň maýa goýum taslamalary üçin karz serişdeleriniň, önüm öndürmek üçin ýer bölekleriniň berilmegi, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugruň işiniň netijelliligini ýokarlandyrdy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň möçberli sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň ägirt uly kuwwatyny we  milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşýan goşandyny äşgär etdi. 

Serginiň we maslahatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. 

Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy, kiçi we orta işewürligiň has-da ösdürilmegine gönükdirilen serginiň hem-de maslahatyň üstünlikli geçirilmegine eden hemaýaty üçin milli Liderimize alkyş sözleri aýdylýar. Dabara gatnaşyjylar möhüm döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi we ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň täze belentliklerine çykmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder