Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm döwlet işleriniň ummasyz köpdügine garamazdan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ýa-da edebi we ylmy işi ýazmak bilen meşgullanmak üçin yzygiderli wagt tapmaga çalyşýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýekşenbe güni hem irki maşklary ýerine ýetirenden soň, ahalteke bedewleri hakyndaky täze kitabynyň jemleýji bölüminiň üstünde işlemegini dowam etdi.
Milli Liderimiz meşhur behişdi bedewlere belent sarpa goýmak bilen, 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny saklamak hem-de türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan ajaýyp goşandy bolan milli buýsanjymyzyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen atşynaslygyny ösdürmek üçin aňrybaş amatly şertleri döretmäge, ozaly bilen bolsa, ahalteke tohumyny dünýä medeniýetiniň täsin gudraty hökmündäki ähmiýetini saklamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gözelligiň we nepisligiň nusgasy bolan meşhur behişdi bedewleriň köp asyrlyk şöhraty häzir, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen atşynaslarynyň uly gazananlarynyň, şeýle hem türkmen atçylarynyň, şol sanda dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri netijesinde barha artýar.
Müňa türkmenistanly çapyksuwaryň Lonşan aýlawynda Parižiň “Ark de Triumf-2012” bäsleşiginiň Gran-pri baýragy ugrundaky çapyşyklara netijeli gatnaşmagy hem subutnamadyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň meşhur atçylary hem-de “Türkmen jigitleri” hem daşary ýurtlarda belent abraý bilen çykyş edýär. Olaryň ýeňişleriniň hatarynda 2013-nji ýylda Russiýada, 2014-nji ýylda Italiýada, 2015-nji ýylda Hytaýda geçirilen halkara sirk festiwallarynyň Gran-pri baýraklary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenler hemişe ahalteke bedewlerini özleriniň iň wepaly dosty, ganaty hasaplandygyny nygtap, her ýyl türkmen topragynda kemala gelen we dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýelden ýüwrük bedewleriň sarpasyna ýurdumyzda aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we howandarlygynda Türkmenistanda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak hem-de gowulandyrmak boýunça seçgi-tohumçylyk işini geçirmek, olaryň genefonduny saklamak babatynda giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyryldy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary guraldy, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirilýär.
Milli Liderimiz dünýä atşynaslygynyň saýlama tohumyna – ahalteke bedewlerine bagyşlanan eýýäm birnäçe kitap ýazdy. Olar dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edildi we dünýäniň atşynaslarynyň hem-de atşynaslyk boýunça hünärmenleriň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň neşir edilen işleri netijesinde tutuş dünýäde ahalteke bedewlerine sarpa goýýanlar, okyjylar köpçüligi bedewleriň bu tohumynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzda öz ykbalyny atçylyk bilen baglan adamlara ägirt uly hormat goýulýar. Uly netijeleri gazanan tejribeli seýisler we çapyksuwarlar hormatly atlara hem-de döwlet sylaglarynpa mynasyp bolýar.
Atçylyk sportunyň päsgelçilikden geçmek –konkur boýunça görnüşi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi milli atşynaslygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gönüden-göni netijesi bolup durýar.
Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günlerde täze kitabynyň üstünde işlemegini tamamlamagynyň çuňňur özboluşly manysy bardyr. Milli Liderimiz bu kitabynda ahalteke bedewleri barada özüniň köpýyllyk barlaglaryny, pikirlerini hem-de taryhy we beýleki maglumatlary umumylaşdyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, at üstünde gezim etmek ägirt uly estetiki lezzet berýär, bedewi öz gidiwüne goýbereniňde aýratyn duýgulary başdan geçirýärsiň. Döwlet Baştutanymyz öz taglymlaryny we türkmen bedewleri hakyndaky bilimlerini atşynaslygyň milli ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, şeýle hem köpsanly beýleki maglumatlary ýygnap, täze eser döretdi.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly senelere hem-de möhüm ähmiýetli wakalara gabatlap, özboluşly sowgat taýýarlamak döwlet Baştutanymyzyň asylly däbine öwrüldi. Milli Liderimiziň tamamlan täze kitaby hem Türkmen bedewiniň indiki aýda belleniljek baýramyna, halkymyza hem-de dünýäniň atşynaslyk ulgamynda işleýän hünärmenlerine ajaýyp sowgatdyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder