***
Türkmenistanyň Gümrük kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawy tassyklanyldy.
***
Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän mallardan alynýan ýüňi we şondan öndürilýän önümleri, şol sanda elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek, şeýle hem ýerli önüm öndürijileri goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi (saryja goýnunyň ýazlyk ýüňünden başga) daşary ýurtlara ýuwulan we ýuwulmadyk görnüşde ýerlemäge ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Amannepesow Nurmuhammet Kakabaýewiçe berk käýinç yglan edildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbarasy – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Şamyradowa Leýli Arslanowna berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder