Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda göniarassalaýyşdan geçirilen benzini Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Singapurdan gelen täjirler satyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, tüýjümek önümler, flanel matasy, nah ýüplük ýerlenildi, olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen işewürler satyn aldylar.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 956 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine ABŞ-dan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan we beýlekilerden gelen täjirler jemi bahasy 8 million 230 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, çig ýagly kislotany satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder