Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, halkara gün tertibiniň, şol sanda ynsanperwerlik belent taglymatlaryň hem-de gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilen wezipeleriň çözgüdini tapmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy, dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hukuk kadalarynyň ykrar edilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Şunda iri halkara guramalary, özaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen şu ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem munuň nobatdaky subutnamasydyr, ol Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda hereketleriň Milli meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamany ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýygnananlar onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.
Mejlisde şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNFPA-nyň (Ilat gaznasynyň) arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasyny we Türkmenistanyň Hökümeti bilen hem-de ÝUNISEF-niň (Çagalar gaznasynyň) arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyňÝurt boýunça maksatnamasynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde 23-nji martda gol çekilen Hereketleriň meýilnamasyny, şeýle hem 2016-2017-nji ýyllarda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça Çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geljekki çäreler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, göz öňünde tutulan maksatnamalaýyn çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesi üstüne ýüklenen Toparyň işindeiri halkara guramalarynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça okuw maslahatlarynyň, işçi duşukyklarynyň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň dowam etdirilmegine möhüm orun degişlidir.
Toparyň işiniň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde, milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti barada maglumat aň-bilim işlerine degişli çäreleri guramagyň hem-de geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi, adamyň bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak bu syýasatyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder