Geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunçaV Aziýa oýunlarynyň geçirilmeli ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde, dopinge garşy göreş boýunça maslahat geçdi. Gadagan edilen derman serişdelerine garşy Bütindünýä guramasy (WADA) tarapyndan gozgalan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga öňdebaryjy türkmen türgenleri we olaryň tälimçileri gatnaşdylar.
Maslahat 5 müň tomaşaça niýetlenen Söweş sungatlary sport toplumynda geçdi. Aziada 2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň (maslahatyň guramaçysy), Milli olimpiýa komitetiniň wekilleri, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport lukmançylygy kafedrasynyň alymlary we mugallymlary bu mesele boýunça çykyş etdiler.
WADA tarapyndan tassyklanan we täzelenen, gadagan edilen doping serişdeleriniň sanawy maslahata gatnaşanlaryň dykgatyna hödürlendi. Bu serişdeler türgenlere kömek etmän, eýsem-de bolsa olaryň saglygyna düzedip bolmajak derejede zeper ýetirýär. Ýöriteleşdirilen derman serişdeleriniň zyýanly täsiri netijesinde, ýaş we geljegi uly bolan türgenleriň biygtyýar ýagdaýda sport bilen meşgullanmagy bes etmeli bolandyklary barada mysallar kändir. Onuň üstesine hem doping ulanmakda tutulan türgen diňe bir ýaryşdan çykarylman, çykyş edýän milli ýygyndysyna hem gara getirýär. Şeýle türgenler birnäçe ýylyň dowamynda halkara derejesindäki dünýä we Aziýa çempionatlary, Olimpiýa oýunlary we beýlekiler ýaly iri ýaryşlara gatnaşmakdan mahrum edilip biliner.
Şeýle hem ýurdumyzda Milli Liderimiziň «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» kanunyna laýyklykda, gadagan edilen derman serişdeleriniň ulanylmagyna garşy düýpli iş geçirilýänligi nygtaldy. Türkmen türgenleri, tälimçileri we lukmanlary hemişe sportuň adalatly bolmagynyň tarapdary bolupdylar hem-de mundan beýläk hem, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazanmagy göz öňünde tutmak bilen,özleriniň abraýynyň mynasyp derejede bolmagyny üpjün ederler.
Apreliň ahyrynda Olimpiýa şäherjiginde Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky maslahaty bolar. Maslahatda ilkinji nobatda garalmaly meseleleriň arasynda 2017-nji ýylyň oýunlaryna türkmen türgenleriniň taýýarlygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramak, meýletinçiler hereketi we köp sanly beýleki meseleler bar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder