24 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistan - Saud Arabystany: Özara Bähbitli Ykdysady Gatnaşyklary Pugtalandyrmak

Ýurdumyzyň paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň dördünji mejlisi boldy. Onda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary giňeltmegiň nobatdaky meselelerine garaldy. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň esasy ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tawfik ben Fewzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi.

Taraplaryň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklara, aýratyn-da söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklara netijeli häsiýetiň we ýokary depginli ösüşiň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklary ösdürmekde bilelikdäki Hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Saud wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine mähirli garşylanandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, nobatdaky duşuşygyň netijesiniň, biri-biregi hormat we deňhukukly başlangyçlarda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hökümetara toparyň mejlisiniň esasy meseleleriniň biri hem ýerine ýetirilen işleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşmak boldy. Duşuşyga gatnaşanlar netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, eksport-import harytlaryň möçberini artdyrmak üçin utgaşykly tagallalaryň möhümdigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, täze maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berjek iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşygyny guramagyň wajypdygy nygtaldy.

Pikir alyşmalaryň barşynda dokma we azyk senagatynda, gurluşyk pudagynda, bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly anyk teklipler aýdyldy. Şeýle hem toparyň agzalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Eksporty ösdürmek boýunça guramasynyň arasynda has hem ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, iki ýurtda guralýan sergilere we forumlara işjeň gatnaşmak barada aýtdylar.


Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny we dag-magdan pudagyny görkezdiler. Ýygnananlar bu ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystany Patyşalygynyň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanmalary beýan edildi.   

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamlary hökmünde ulag we aragatnaşyk pudagy agzaldy. Bu ulgamda täze ugurlar boýunça howa aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini öwrenmek bellenildi.

Toparyň agzalary oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, iki ýurduň ýöriteleşdirilen ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi barada aýtdylar. Şeýle hem oba hojalyk önümçiligini dolandyrmagyň, gaýtadan işlemegiň we degişli önümleri saklamagyň meseleleri boýunça tejribe alyşmagy guramak barada teklipler aýdyldy. Duşuşykda garalan meseleleriň ýene biri maldarçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen-saud ynsanperwer gatnaşyklaryny, hususan-da, medeniýet we ylym-bilim sport we syýahatçylyk ulgamlarynda, pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk ädimler kesgitlenildi. Bu babatda Türkmenistanda we Saud Arabystanynda geçirilýän halkara maslahatlaryna we döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. 
Oňa gatnaşanlar duşuşygyň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

***

Şu gün türkmen-saud işewürler maslahaty geçirildi. Geljek üçin bähbitli meýilnamalar bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça wezipeler onuň esasy meselesi boldy. Uly gyzyklanma bilen pikir alyşmalaryň barşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň işewür toparlarynyň wekilleri üstünlikli maýa goýumlaryny amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilen türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki, şeýle hem beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder