25 Mart 2016 Cuma

Mebel we Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän gözden geçiriliş mebel önümçiliginde täze işläp taýýarlamalaryň we onuň geljekki ugurlarynyň, haryt öndürijileriň mümkinçilikleriniň we bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, daşary söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy Türkmenistanda mebel önümçiliginiň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçiligiň döredilmegi, ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap söwda merkezleriniň açylmagy bu ulgamyň ösdürilmeginde has-da ähmiýetli boldy.

Ýurdumyzda mebel önümçiliginiň ösdürilmegi durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasy bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli  gurluşyk işleriniň batly depginleri Türkmenistanyň häzirki döwrüniň möhüm alamatyna öwrüldi. Durmuş maksatly desgalaryň buýrujylary ýurdumyzda öndürilýän, halkara ösen talaplaryna laýyk gelýän we görnüşi, berkligi boýunça daşary ýurtlardan getirilýän mebellerden pes  bolmadyk harytlara uly isleg bildirýärler. Soňky ýyllarda halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde döwrebap bezegli we ýokary hilli  mebellere bolan tsleg artdy. Bir söz  bilen aýdylanda, täze taryhy eýýamyň häsiýetli aýratynlygy bolan mebel önümçiliginiň ösdürilmegi ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň mümkinçiliklerini we jemgyýetimiziň oňa bolan ýokary isleglerini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu gözden geçirilişiň ýurdumyzyň mebel hem-de haryt öndürijileriniň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belleýär. Milli Liderimiz serginiň türkmen hünärmenlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak, dürli kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary, hususy telekeçiler we olaryň hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirmek, özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň  Gutlagy serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň,  ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Giň möçberli sergide dürli mebelleriň görnüşleri we iň täze meýillere laýyk gelýän, mebel önümçiligine degişli serişdeler görkezýär. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň ýörite bölümleri guraldy.

Ýurdumyzda mebel önümçiliginiň Türkmenistayň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryna degişlidigini bellemek gerek. Hususy telekeçilige berilýän döwlet goldawy olaryň ýokary tehnologiýaly, şol sanda mebel önümçiligini ösdürmek üçin zerur şertleri üpjün etdi. Häzirki döwürde bu ulgamda dünýä tejribelerini, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdiren kärhanalar üstünlikli hereket edýär.

Ýurdumyzyň mebel önümçiligi uly özgertmeleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebel toplumynyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplum ýurdumyzda mebel senagatyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen gurulýar.

Toplumyň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerde önümçilik binalary we oňa ugurdaş desgalar emele geldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebel önümçiligi bilen meşgullanýan agzalary bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine zerur maýa serişdelerini gönükdirdiler. Bu ýerde mebel önümçiliginiň ähli ulgamlarynyň bir ýere jemlenmegi netijesinde ýurdumyzyň mebel önümçiligine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we bezegi hem-de hili boýunça daşary ýurtlardan getirilýän mebelleriň ornuny tutmaga doly mümkinçilik bolar. Täze önümçilik toplumynyň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümler bilen üpjün etmäge däl, eýsem, geljekde bu ulgamyň eksport kuwwatyny  artdyrmaga, mebel önümçiligini dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralan gözden geçirilişde mebelleriň dürli görnüşleri we öý bezegi üçin niýetlenen harytlaryň, myhmanhana, ýatylýan otaglar, çagalar otaglary üçin niýetlenen mebeller, ýorgan-düşek daşlyklary, gündelik durmuşda ulanylýan mebeller, bezeg serişdeleri hem-de beýlekiler görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde edara binalary, mellek ýerleri üçin niýetlenen mebeller, dürli gurluşyk serişdeleri bar. 

Ýurdumyzda mebel önümçiliginde belli bolan “Aýbölek” fabrigi edara-binalary we ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebelleri, ýumşak oturgyçlary hödürleýär. Bu bölümde ýokary derejeli dürli ähmiýetli mebeller we  mebel serişdelerini hödürleýän  “Abraýly önüm” we “Çigildem” kärhanalarynyň harytlary öz ornuny tapypdyr.

“Abraýly önüm” kärhanasy ýumşak mebel önümçiligine 2011-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň bazarlarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Häzirki döwürde bu kärhananyň öndürýän  görnüşi boýunça örän çylşyrymly ýumşak mebelleri, buýurmalar esasynda ýasalýan dürli öý hojalyk harytlary ilatyň  arasynda uly islegden peýdalanýar.

Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýän “Çigildem” kärhanasynyň önümçiligi has-da işjeňleşdirildi. Kärhanada ekologiýa taýdan arassa serişdelerden dürli ýumşak mebeller, düşekler,  bilim we durmuş ulgamyna degişli edaralar üçin ýöriteleşdirilen mebeller öndürilýär. Bu kärhana sergide özüniň täze önümleri bolan ýorgan-düşek daşlyklaryny we gurnama gaz plitalaryny hödürleýär.

“Maru AGOS”  hususy kärhanasy dürli mebel we gapylaryň gurnamalary önümçiliginde öz işläp taýýarlamalaryny görkezýär. Olaryň öndürýän mebelleri dürli ugurlara degişli bolup, olar sarp edijiler tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Bu mebellere diňe bir şahsy adamlar däl, eýsem, iri döwlet edaralary we kärhanalary uly isleg bildirýärler. Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen “Zynat” dükanynda bu kärhananyň önümleri halka hödürlenýär. Bu ýerde alyjylar görkezilen görnüşler boýunça diňe bir gapylary ýa-da mebelleri buýurmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hünärli işgärleriň kömegi bilen 3D enjamyň kömegi bilen öz göwnüne laýyk gelýän görnüşleri döredip bilýärler. Bu bolsa ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň islegine laýyk gelýän mebelleriň oturdylmagynyň baş şertidir. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň köpsanly agzalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de mebel önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň işläp taýýarlamalaryny işjeň özleşdirmek arkaly bu ugurda netijeli işleýärler. Telekeçiler yzygiderli gözlegler arkaly mebel önümçiligi boýunça oňyn çözgütleri tapýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Ak hünji” hususy kärhanasynyň işini görkezmek bolar. Olar Türkmenistanda ilkinji bolup penopolistirol plitalaryň önümçiligini ýola goýdular. Sergide bu kärhana binalaryň içki       we daşky bezeginde ulanylýan polistirol önümleriniň köp görnüşlerini, ýumşak kürsüleri, ýassyklary, polistiroldan öndürilýän dürli gurjaklary hödürleýär.

Sergide mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin niýetlenen mebeller hem görkezildi. “Durmuş dowamy” hususy kärhanasynyň işgärleri agaç krowatlary, sallançaklary, partalary, stollary, oturgyçlary, hiňňildikleri we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ösüşi bilen baglanyşykly mebel serişdelerini görkezdiler. Çagalar üçin niýetlenen mebelleriň önümçiliginiň aýratyn jogapkärçiligi, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgeleri, önümleriň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny,  howpsuzlygyny we oňaýlylygyny talap edýändiginden ybaratdyr. Çagalar üçin niýetlenen mebelleriň önümçiliginde esasan gol zähmetine ähmiýet berilýär. Bu bolsa mebelleriň özboluşlylygyny we  berkligini üpjün edýär. 

Sergide Türkmenstanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginiň Mebel merkeziniň önümlerine hem aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde merkeziň hünärmenleri paýtagtymyzyň ilatyna we myhmanlara mebel önümçiliginiň örän köp görnüşlerini hödürleýärler.

Türkmen mebelçileriniň bölümleri ýurdumyzda mebel önümçiligi boýunça hereket edýän hususy telekeçiligiň ösýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunda telekeçileriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda täze önümçiligi guramak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözgüdini tapandygy  duýulýar. Telekeçiler ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşyp, sarp ediş bazarynyň islegini, tehnologiýalaryň we serişdeleriň ösüşini öwrenip, öňdebaryjy tejribeleri ele alýarlar we täze bezeg çözgütlerini, işjeň ösýän mebel bazarynda öz önümleriniň aýratynlygyny şertlendirýän ýörelgeleri gözleýärler. Ýurdumyzda öndürilýän mebelleriň daşary ýurtlardan getirilýän mebellerden esasy aýratynlygy olaryň baha babatda bäsdeşlige ukyplylygydyr we buýurmalary gysga möhletde ýerine ýetirmäge bolan mümkinçiligidir.

Mälim bolşy ýaly, bäsdeşlik islendik önümçiligiň öňe gitmeginiň baş şertidir. Bu gezekki gözden geçiriliş ýurdumyzyň mebel önümçiligi we halkyň sarp edýän harytlary bazarynda sagdyn bäsdeşligiň emele gelmegini şertlendirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyna mebelleri we öý hojalyk harytlaryny saýlap almaga doly  mümkinçilik bar. Şeýle hem sergide dünýä belli önüm öndürijiler, şol sanda Türkiýäniň “Suite ofis”, “Ergul Furniture”, “Alpexim”, “Elif Mobilya”, “Lukssan Mobilya”, “Tepaks”, “Aldora” ýaly kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin zerur mümkinçiligi döredýän bu gezekki gözden geçirilişe “Woodland” ermeni-italýan kompaniýasy öz önümler bilen ilkinji gezek gatnaşýär. Bu kompaniýa ýaşaýyş jaýlary we edara-binalary üçin niýetlenen mebelleri, gapy önümçiliginiň serişdelerini önürýär. Sergä ilkinji gezek gatnaşýan Türkiýäniň “Lajivert”  kompaniýasy hem  çagalar otaglary üçin özboluşly mebelleri, gelşikli sallançaklary,  görnüşi boýunça ýaryş ulaglaryna çalymdaş çaga krowatlaryny, aşhanalar üçin oňaýly mebelleri hödürleýär.

Sergide görkezilýän harytlar özboluşlylygy we dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Öý hojalygyna niýetlenen harytlaryň, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. 
Önüm öndürijiler dürli penjireleri we gapylary taýýarlamagyň döwrebap  usullaryny, otaglary bezemegiň aýratynlyklaryny, häzirki zaman hem-de nusgawy bezegdäki penjire tutularyny, abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmegiň  işläp taýýarlamalaryny hem-de beýlekileri hödürleýärler. Olaryň hatarynda “Şahym Şa” hojalyk jemgyýeti, “Erjel Begenç”, “Sary agaç”, “Bustan Tile”, “Eýýam”  hususy kärhanalary we beýlekiler bar. “Ýigit” hojalyk jemgyýeti “Bioks” söwda nyşany bolan durmuş himiýasyna degişli önümleriň mahabatyny ýerine ýetirýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň “DKA Tradin FZE” kompaniýasy “Öý hojalygy üçin harytlar” atly bölümde durmuş tehnikalaryny, elektrik enjamlaryny we beýlekileriň giň görnüşlerini hödürleýär. “Aşgabat şäheriniň bazarlarynyň birleşigi” bilen “NIKA” kompaniýasynyň Türkmenistandaky dileri öz önümlerini görkezýär. Ýokary hilli polatdan öndürilen döwrebap gaplary Türkiýäniň “Hascever  Metal San” kompaniýasy hödürleýär. 

Amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatyna    dugişli önümler, haly we haly önümleri, dürli görnüşdäki sowgatlyklar hem sergide mynasyp orun eýeleýär. Olary hususy telekeçiler görkezýärler. Sergä gatnaşyjylar arassa ýüňden we ýüpekden dokalan halylara, milli äheňde ýerine ýetirilen haly önümlerine, çeper nagyşlara, küýze önümlerine uly höwes bilen syn etdiler. Olar islendik otagyň esasy bezegidir.

“Abadanhaly” açyk paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleri sergide esasy orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, tu toplum şu ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berildi. Onuň ýokary hilli we dürli görnüşli haly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňky döwürde guralýan sergilerde oňa gatnaşyjylary we daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan mümkinçilikleriň giňden ulanylýandygyny nygtamak gerek. Bu gezekki gözden geçirilişde hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary aýdym-sazlar, tanslar we özboluşly dabara bilen utgaşdyrylan gelni garşylamak dessuryny görkezdiler. Şeýle çäreleriň diňe bir baýramçylyk ýagdaýyny döretmek bilen çäklenmän,  türkmen medeniýetini giňden wagyz etmekde ylmy we medeni ähmiýetiniň bardygyny aýtmak ýerliklidir. Munuň özi “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertme ýylynda” durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetini artdyrýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň   çäklerinde özara tejribe alyşmaga, mebel hem-de öý hojalyk harytlarynyň önümçiliginde ýetilen sepgitler we täzeçil işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de ýurdumyzyň önümçiligini daşarky bazarlara çykarmaga niýetlenen işewür duşuşyklary geçirilýär. Aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň gymmatlyklary bilen üç günüň dowamynda tanşyp bilerler.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder