Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini bellediler. Özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň orny bellenildi. Taraplar halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek barada aýdyp, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň ornuny belläp geçdiler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda taraplar syýahatçylyk we maýa goýumlar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer düzümi barada aýdylyp, taraplaryň bilim, ylym we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy bellenildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder