Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry – daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar. Ösümlikleriň tebigy taýdan köpelişini goramakda we üstüni ýetirmekde seýrek duş gelýän ösümlikleri ýygnamagy çäklendirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini ýygmaklygyň doly gadagan edilmegi uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda gül-bezeg ösümlikleriniň intoduksiýasynyň taryhy gadymyýete uzap gidýär. Orta Aziýanyň gadymy döwürlerden bäri ösümçiligiň we bagbançylygyň ýokary ösüşine eýe bolandygy baradaky birnäçe çeşmeler şaýatlyk edýär. Parsa we Hytaýa barýan söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçip gidipdir. Bu bolsa türkmen topragyna ekzotiki ösümlikleri getirmäge şertleri döredipdir. Mälim bolşy ýaly, Gadymy Merwiň bagçylyk-seýil bagçylyk sungaty ýokary ösüşe eýe bolupdyr. Ynsanyň bu ugurda başlangyç işleriniň netijeleri taryhda ýitip gidipdir, entuziastçylaryň atlary bolsa näbelli bolan ylymda saklanyp galypdyr. Diňe bu eýýäm baradaky seýrek maglumatlar biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Ekzotiki ösümlikleri ýerli howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň gaýtadan dikeldilmeginiň çalt depginler bilen ösdürilmegi XVIII asyryň ahyrynda şäherleri gurmak bilen bir hatarda alnyp barylypdyr. Daşary ýurtlardan getirilýän ösümlikler bilen doly möçberde işleri alyp barmaga ilkinji synanyşyk Aşgabatda 1896-njy ýylda açylan bagbanlaryň mekdebi tarapyndan geçirilipdir. 1924-nji ýylda gül ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek üçin nahalhananyň düýbi tutulypdyr, 1926-njy ýylda bolsa, onuň binýadynda Merkezi bag-medeni stansiýasy guralypdyr. Onuň bölümleriniň biri gülçilik meselelri bilen meşgullanypdyr. Bu döwürde gül ösümlikleri birnäçe görnüş bilen çäklenipdir.
Türkmenistanda 1929-njy ýylda Botanika bagynyň döredilmegi gülçüligi ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ol häzirki wagrda synag binýady bolup, bu ýerde gülçüligi ösdürmek ylmy-önümçilik esasynda ýola goýlandyr. Bu ýerde Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň dekoratiw ýabany ösýän gülleriniň görnüşleri öwrenilmäge başlandy.
Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň çäklerine daşary ýurtlardan getirlen gül ösümlikleriniň görnüşleri köpeldildi, olary çöllük ýerlerde ösdürip ýetişdirmegiň esasy teklipleri berildi. Eýýäm geçen asyryň ikinji ýarymynda açyk meýdanda ýer şarynyň dürli materiklerinden getirilen ýabany we medeni ösýän nusgalarynyň ýazlerçe görnüşleri synagdan geçirildi, esasy kolleksion gazanasy döredildi we onuň üsti ýetirildi. Onlarça ýyl mundan ozal bägülleri, hrizantemalary köpeltmek boýunça synaglara başlandy, onlarça ýyllaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen tropiki ösümlikleriň kolleksiýasy döredildi.
Häzirki wagtda Botanika bagynyň alymlary-gülçileri gök baglyga öwürmek maksady bilen, kolleksiýanyň üstüni ýetirmek, şeýle hem ýerli floranyň ýitip barýan görnüşlerini aýawly gorap saklamak we derman we peýdaly ösümlikleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirýärler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder