Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Saud Arabystany Patyşalygy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady, Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde daşary ýurtlara ilkinji saparyny hut şu ýurda amala aşyrandygynyň hem muňa şaýatlyk edýändigini belledi. Türkmenistany hem-de Saud Arabystanyny köpden gelýän özara ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda özara düşünişmegiň ýokary derejesi we iki ýurduň hem ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy kanagatlanma bilen nygtaldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Düýn türkmen paýtagtynda bilelikdäki işewürler maslahatynyň hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň dördünji mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berýär.
Myhman Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen has ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyp, bilelikde üstünlikli işlemek üçin ähli amatly şertleriň, ilkinji nobatda, oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty bolsa geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlary giňden çekmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar. Şol taslamalar bolsa dostlukly halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär. Söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda gatnaşyk etmek özara gyzyklanma döredýär.
Ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi söhbetdeşligiň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany ykrar edilen energetiki döwletler bolmak bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, toplanan oňyn tejribäni alyşmaga taýýardyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek meseleleriniň üstünde işjeň işläp, ýurduň baý serişdeler kuwwatyny tutuş dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga gönükdirilen möhüm energetika taslamalarynyň birnäçesini öňe sürýär. Täze energetika geçelgesini-Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini döretmek baradaky başlangyç hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu gaz geçirijisi türkmen tebigy gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak işine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna aýratyn üns berýändigini hem-de daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalaryny giňden çekýändigini nygtap, Saud Arabystanyndan hyzmatdaşlygymyza milli ykdysadyýetler üçin möhüm bolan bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Şeýle hem täze taryhy eýýamda türkmen-saud gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, iki ýurduň doganlyk halklarynyň özara gyzyklanmasynyň hem-de hoşmeýilli erk-isleginiň uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda ösýän hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid ben Feýsal Al-Sahli gatnaşdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder